Deňizlide Tapylan Fosiller

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1515506
Deňizlide Tapylan Fosiller

Deňizli welaýatynda taryhy şöhlelendirýän ençeme fosiliň tapylandygyny bilýäňizmi?

Türkiýäniň günbatarynda, Deňizli welaýatynda geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde 1,2-9 million ýyl ozal ýaşap geçendigi çaklanylýan, mammot we begamot ýaly 8 görnüş haýwana degişli fosiller tapyldy. Alymlar fosilleriň 2002-nji ýylda Deňizlide tapylan Anadolynyň iň gadymy adamy bilen şol bir döwre degişlidigini çaklamagynyň, adamlaryň haýwanlar bilen gatnaşygy taýdan möhümdigine ünsleri çekýärler.

Deňizlide 2017-nji ýyldan bäri geçirilýän barlaglarda şu günki güne çenli ençeme haýwan fosili tapyldy. Soňky tapylanlaryň hataryndaky mammot fosili, buz döwrüniň höküm süren zamanasynda Deňizlide mammotlaryň hem ýaşandygyny görkezýär. Aşakky äňden ybarat bolan mammodyň fosilini öwrenen alymlar, Ýewropada hem şeýle gowy saklanyp galan äňiň ýokdygyny, şol jähtden möhüm açyşyň edilendigini aýdýarlar. Aýratynam soňky barlaglarda ýüze çykan we Anadolyda az bilinýän garynja iýýäniň fosili hem ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar