Gara deňiziň Anzer ýaýlagynda öndürilýän balyň dünýade deňi-taýynyň ýokdugyny bilýäňizmi?

Anzer Baly

1506492
Gara deňiziň Anzer ýaýlagynda öndürilýän balyň dünýade deňi-taýynyň ýokdugyny bilýäňizmi?

 

Anzer Baly

Gara deňiziň Anzer ýaýlagynda öndürilýän balyň dünýade deňi-taýynyň ýokdugyny bilýäňizmi?

Anzer baly Türkiýede Rize welaýatynyň Ikizdere etrabynda ýerleşýän we Anzer ýaýlagy atlandyrylýan sebitde öndürilýär. Arylaryň sebitdäki özüne mahsus, ýagny endemiki güllerden ýygnaýan balyndan öndürilýändigi üçin bolsa aromat we tagam taýdan beýleki ballardan tapawutlanýar. Daşary ýurtly botanikleriň geçiren barlaglaryna görä Anzer balynyň öndürilýän habitat şertlerinde 500-e golaý gül ýetişýär we şol güllerde 90 sanysy diňe Anzer ýaýlagynda ösýär. Çäkli mukdarda öndürilýändigi üçin Anzer baly dünýäniň saýlama baly hasap edilýär.

Güýçli antioksidan täsiri bolan Anzer baly, immunitet ulgamyny güýçlendirip, hassalyklardan goraýar. Hassalyklaryň geçmegine peýdaly bolan Anzer balynyň antikakterial özboluşlyklarynyň bardygy bilinýär. Düzüminde J witamini, potasiý we kalsi ýaly ençeme madda bolan Anzer balyndan her gün bir çemçe iýmek, onuň ähli şypasyndan peýdalanmak üçin ýeterlik. Emma düzümindäki şekeriň mukdary ýokary bolandygy üçin esasanda hroniki we agyr keselliler Anzer balyny iýmezden ozal lukman bilen maslahatlaşmaly.

 


Etiketkalar: #mahsus , #şypaly , #anzer baly

Degişli Habarlar