Osman Imperiýasynda “Baklawa Ýörişi” atly döwlet dabarasynyň geçirilendigini bilýäňizmi?

Baklawa Ýörişi

1497362
Osman Imperiýasynda “Baklawa Ýörişi” atly döwlet dabarasynyň geçirilendigini bilýäňizmi?

 

Osman Imperiýasynda “Baklawa Ýörişi” atly döwlet dabarasynyň geçirilendigini bilýäňizmi?

Iňbir halanýan datlylardan biri bolan baklawa, özüne mahsus we owadan görnüşine Osman köşkünde eýe bolýar. Osman döwletinde baklawa hakyndaky iň irki maglumat Fatih döwrüne degişli Topgapy köşk aşhana depderlerinde bar. 17-nji asyryň ortalarynda Stambuldan alysda, Bitlis hanynyň kabulhanasyna myhman bolan Öwülýä Çelebi hem baklawa iýendigini ýazýar. Şeýle belliklerden Osman imperiýasynyň ähi sbitlerinde bilinýän baklawa esasanda köşkde, myhmanhanalarda, zyýapatlarda, festiwallarda hödür edilipdir. Iň başarjaň baklawa ussalary bolsa köşkde işläpdirler.

Köşkde baklawanyň eýe bolan ähmiýeti myhmanhanalardaky ýaly diňe bir baýlygyň alamaty hökmünde däl, şol bir wagtda-da döwlet dabaralarynda-da hödürlenmegidir. 18-nji asyryň başlarynda başlan baklawa ýörişi däbine görä, remezan aýynyň ortasynda patyşanyň esgerlere sylagynyň görkezijisi hökmünde Köşkden Ýeniçeri ojagyna baklawa ugradylar ekeni. Stambulyň halky baklawa ýörişine syn etmek üçin köçelere çykyp, patyşa we esgerlere alkyş aýdypdyrlar. Baklawany Osman soltanlygynyň simwolyna öwüren şol däp, Ýeniçeri ojagy ýapylýança dowam edipdir.


Etiketkalar: #aşhana , #datly , #baklawa

Degişli Habarlar