Türkiýe-Azerbaýjan Gatnaşyklary

Ýewraziýa Syn

1493547
Türkiýe-Azerbaýjan Gatnaşyklary

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklarynda ýetilen sepgit hakynda durup geçmek isleýäris.

Sentýabr aýynyň başynda Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklaryny gyzyklandyrýan möhüm wakalar başdan geçirildi. Geliň ilki olara nobaty bilen ser salalyň. 2020-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Prezident Ilham Aliýew Gresiýanyň Azerbaýjandaky täze Ilçisi Nikolas Piperigosu kabul edýärkä Gündogar Ortaýer deňizindäki barlag işleri bilen birlikde ähli ugurlarda Türkiýäni goldaýandyklaryny beýan edip: “Ermenistanyň, Gresiýanyň we Kipriň grek böleginiň arasyndaky harby hyzmatdaşlyk bizi biynjalyk edýär” diýdi.

7-nji sentýabrda Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi we Prezidentiň Diwanynyň Daşary syýasat edarasynyň Başlygy Hikmet Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjan wekiliýeti Türkiýä sapar gurady. Azerbaýjan wekiliýeti Türkiýe Respublikasynyň Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altunyň ýolbaşçylygyndaky Türk wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşykda aragatnaşyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça pikir alyşyldy. Gepleşikleriň netijesinde bilelikdäki Türkiýe-Azerbaýjan Media Platformasynyň döredilmegi boýunça ylalaşyldy. Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet saparyň dowamynda Türkiýäniň aratanaşyk pudagynda iş alyp barýan edaralaryň resmiler bilen duşuşyklar geçirdi.

Azeraýjanyň Milli mejlisiniň başlygynyň Orunbasary Adil Aliýew 9-njy sentýabrda Türkiýäniň Ortaýer deňizinde alyp barýan işlerini goldap, Türkiýäniň dostlaryny dost, düşmanlaryny düşman kabul edýändiklerini beýan etdi. Azeraýjanyň Milli mejlisiniň başlygynyň Orunbasary “Prezident Ilham Aliýewiň Gresiýanyň wezipä täze bellenen Ilçisine pozisiýamyzy beýan etmegi we Türkiýäni goldaýandygymyzy aýtmagy diňe bir grek tarapyna däl, eýsem bütin dünýä açyk ýüzlenmedi. Dünýäniň türkün güýjüni ýaňadandan görmeginiň wagty ýetdi” diýdi.

Üstümizdäki aýyň 11-12-si aralygynda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahibe Gafarowa ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä gurady. Gafarowanyň ýolbaşçylygyndaky Azerbaýjan wekiliýeti ilki Mejlisiň Başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşdy. Duşuşykda özara gatnaşykar hakynda pikir alyşyldy. Sahibe Gafarowa 12-nji sentýabrda Prezident R.T.Erdogan tarapyndan kabul edildi. Gafarowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkiýäniň Söwda ministri Ruhsar Pekjan bilen hem duşuşdy. Duşuşykda özara ykdysady gatnaşyklar bilen geňeşmeleri dowam edýän Erkin Söwda Şertnamasy hakynda pikir alyşyldy.

Soňky duşuşyklardan hem mälim bolşy ýaly Türkiýe-Azerbaýjan gatnaşyklary “iki döwlet, bir millet” şygaryna laýyklykda ösýär. Türkiýe bilen Azerbaýjanyň awgust aýyndaky bilelikdäki harby türgenleşigi sebitde käbir ýurtlary biynjalyk edip, olaryň Türkiýä garşy has agressiw syýasat alyp barmaga başlamagyna sebäp boldy. Şol çäkde Prezident İlham Aliýewiň grek İlçisini kabul edýärkä Türkiýä goldawyny beýan etmegi ýerlikli boldy. Ýokary derejeli ýolbaşçylaryň özara görnüşde ilkinji daşary ýurt saparlaryny birek-birege guramak däbiniň Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlyklygyna saýlanan Sahibe Gafarowa tarapyndan hem dowam etdirilmegi ýerlikli çemeleşmedir.

Türkiýe bilen Azerbaýjanyň media pudagynda bilelikdäki platforma döretme başlangyçlary hem iňňän möhüm. Sebitiň ynjyk günlerden geçýän döwründe şeýle hyzmatdaşlyk iki tarap üçin hem bähbitlidir. Şol başlagyç Türk Geňeşine agza döwletler tarapyndan hem goldanan halatynda, ol bütin türk dünýäsi üçin bähbitli bolar.



Degişli Habarlar