TÜRKSOÝ we Özbegistan

Ýewraziýa Syn

1490413
TÜRKSOÝ we Özbegistan

 

Tapgyrlaýyn hepdelik gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türk Medeniýetiniň Halkara Dolanşygy TÜRKSOÝ-yň Özbegistan bilen edýän hyzmatdaşlygy hakynda durup geçmek isleýäris.

 

Üstümizdäki aýyň 4-de Türk Medeniýetiniň Halkara Dolanşygy TÜRKSOÝ bilen Özbesgistan Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklar hakynda “TÜRKSOÝ-Özbegistan Kitaby” atly eseriň onlaýn tanyşdyrlyş maslahaty geçirildi. Maslahata TÜRKSOÝ-yň baş Sekretary Düsen Kaseinow, Özbegistanyň Medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow, Türkiýäniň Prezidentiniň baş Geňeşçisi Ýalçyn Topçu, ilçiler, halk deputatlary we diplomatlar gatnaşdylar. Maslahatda özbegistanly sungat ussatlarynyň TÜRKSOÝ-yň çärelerine goşýan goşantlary, umuman Özbegistanyň TÜRKSOÝ bilen gatnaşyklary seljerildi.

TÜRKSOÝ, döredilen gününden bäri medeni ugurda türk dünýäsi bilen bagly ýüzlerçe çäräni yzgiderli durmuşa geçirýär. Türk dünýäsiniň ÝUNESKO-sy bolan TÜRKSOÝ, türki dilli döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürýän bolsa, şol bir wagtda-da türk medeniýetini dünýä tanyşdyrýar.

Özbegistan Respublikasy 1993-nji ýylyň 12-nji iýulynda Almaty şäherinde TÜRKSOÝ-yň döredilmegi hakynda resminama gol goýan agza ýurtlardan biri. Emma Özbegistanyň ozalky prezidenti Yslam Kerimow döwründe ýüze çykan käbir düşnüşmezlikler sebäpli TÜRKSOÝ-yň merkezi ofsinde Özbegistanyň wekili ýok.

2018-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda geçirilen Türk geňeşiniň 6-njy sammitinde çykyş eden Özbegistanyň Prezidenti Şawkot Mirziýoýew ÝUNESKO-nyň dünýäniň miras sanawynda durýan Hywa şäherini Türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýip yglan etmegi teklip edipdi. Şol teklip Türk geňeşine agza ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylary tarapyndan kabul edilip, 2020-nji ýylda Hywa şäheri Türk dünýäsiniň medeni paýtagty yglan edildi. Özbegistan tarapyndan şeýle möhüm başlangyç edilenden soň Özbegistanyň Medeniýet ministrligi hem TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygyny güýçlendirdi.

TÜRKSOÝ-yň merkezi ofisinde Özbegistanyň wekiliniň ýokdugyna garamazdan gurama özbegistanly sungat işgärlerini, suratkeşleri, binagärleri, edebiýatçylary we beýlekileri öz çärelerine elmydama çagyrýardy. TÜRKSOÝ-yň merkezi ofisinde Alişir Nowaýy, Abdullah Kadiri ýaly özbegistanly beýik şahslar üçin ylmy maslahatlar geçirildi. 2017-nji ýylda TÜRKSOÝ-yň guramaçylygynda geçirilen Türk dünýäsiniň ýylyň edebiýatçysy baýragyna özbek ýazyjysy Şükrulla laýyk görülipdi. TÜRKSOÝ-yň baş Sekretary Düsen Kaseinowyň beýan edişi ýaly döredilen gününden bäri Özbegistanyň baýdagy guramanyň merkezi ofisinde we guramanyň ähli çärelerinde pasyrdaýar.

Görşüňiz ýaly Özbegistan Türk geňeşine agza bolandan soň TÜRKSOÝ bilen hem işjeň gatnaşyk etmäge başlady. Türk dünýäsiniň özbek medeniýetini, sungatyny, tanymal adamlaryny ýakyndan tanamagy möhüm. TÜRKSOÝ-yň merkezi ofisinde-de gysga wagtda Özbegistanyň wekiliniň wezipesine başlamagy şol işlere uly goşant goşar.

Aýratynam TÜRKSOÝ-da neşir edilen işler gurama agza we synçy 14 ýurduň dillerine terjime edilip, olaryň ählisi internet arkaly ýaýradylsa, Türk dünýäsiniň jebisligine uly goşant goşar we TÜRKSOÝ-yň şol möhüm işleri has giňden tanalar.


Etiketkalar: #wekil , #Özbegistan , #TÜRKSOÝ

Degişli Habarlar