Topgapy Köşgi

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1489921
Topgapy Köşgi

 

700.000 inedördül metr meýdanda ýerleşýän Topgapy köşgüniň dünýäniň in uly köşk-muzeýlerinden biridigini bilýäňizmi?

Stambulyň zabt edilmeginden son Fatih Soltan Mehmediň buýrugy bilen 1460-njy ýylda gurluşygyna başlanan Topgapy köşgi 1478-nji ýylda gurlup gutarylýar. Mermer deňizi bilen Stambul bogazynyň we Halijiň arasynda, taryhy Stambul ýarym adasynda ýerleşýän köşk, 400 ýylyň dowamynda Osman döwletinin dolanşyk, bilim we sungat merkezi hem-de patyşanyň öýi bolupdyr.

1850-nji ýyllaryň başynda köşgiň 19-njy asyryň protokol talaplaryny berjaý etmekde ýeterlik bolmandygy sebäpli Dolmabakça köşgi gurulýar we hanadan üçin ýaşaýyş we dolanşyk merkezi Dolmabakja göçürilýär.

Osman monarhiýasynyň 1922-nji ýylda bes edilmeginden soň  1924-nji ýylyň 3-nji aprelinde M.K. Atatürkiň buýrugy bilen muzeýe öwrülen Topgapy köşgi Respubikanyň ilkiji muzeýi bolýar. Topgapy köşgi häzirki wagtda binagärligi, kolleksiýalary we 300 müňe golaý arhiw resminamasy bilen dünýäniň iň uly köşk-muzeýlerinden biri.

 


Etiketkalar: #muzeý , #arhiw , #köşk , #Topkapy

Degişli Habarlar