Türkiýe-Ukraina Gatnaşyklary

Ýewraziýa Syn

1485702
Türkiýe-Ukraina Gatnaşyklary

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Ukrainanyň Wise-premýeri Oleg Uruskinin ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkiýä guran sapary we iki ýurduň gatnaşyklary hakynda durup geçmek isleýäris.

 

2020-nji ýylyň 26-njy awugustynda Ukraina Respublikasynyň Ministrler kabinetiniň orunbasary we Strategik institutlardan jogapkär ministri Oleg Uruski Türkiýä sapar gurady. Oleg Uruski paýtagt Ankarada Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy Ismail Demir bilen duşuşdy we taraplaryň arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekişildi. Uruski soň bolsa Türkiýe Respublikasynyň Milli goranmak ministri Hulusi Akar, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warank bilen duşuşyklar geçirdi. Şol duşuşyklarda goranyş, awiasiýa, kosmos, gämi gurluşygy, goranyş senagaty ýaly strategik ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri seljerildi. 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda Ukrainanyň Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Uruski Prezident R.T.Erdogan tarapyndan kabul edildi.

Prezident Erdogan 23-nji awgustda Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, özara gatnaşyklar hakynda pikir alyşypdy.

Türkiýäniň Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warank Uruski bilen geçiren duşuşygynda türk ýaragly dronlaryndan Ukraina hem beriljekdigini beýan etdi. Mundan ozal bolsa Türkiýe Ukraina ýaragsyz dronlardan beripdi. Bu pudakda iki ýurduň gatnaşyklary ýokary derejede dowam edýär. Ukrain wekiliýetiniň saparynyň çäginde 29-njy awgustda Türkiýänin Goranyş, awiasiýa we kosmos paýdarlary bilen Ukrainanyň Awiasiýa edarasy UKRABİAPROM-yn arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekişildi.

Ukrain wekiliýeti Türk awiasiýa we kosmos senagaty firmasy, ASELSAN, ROKETSAN ýaly pudakda iş alyp barýan türk firmalarynyň işleri bilen ýerinde tanyş boldy. Sapar hakynda mediada çykan habarlarda Türkiýe bilen Ukrainanyň “Antonow” uçaryny bilelikde öndürmekleri boýunça tehniki gepleşikleriň başlandygy mälim edildi.

Uruskiniň Türkiýä saparyndan ozal Ukrainanyň Prezidenti Zelenski Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglyna, Prezidenti metbugat sekretary Ibrahim Kalyna, Türk goranyş we awiasiýa firmasy Baýraktaryň Baş Müdiri Haluk Baýraktara Ukrainanyň döwlet nyşanyny bermek hakyndaky karara gol çekipdi.

 

Pandemiýa döwründe ýüze çykan bökdençliklere garamazdan Türkiýe-Ukraina gatnaşyklary ösýär. Türkiýe ukrainaly syýahatçylara gapylaryny açdy we häzirki wagta çenli 200 müňden gowrak ukrainaly syýahatçy Türkiýede dynç aldy. 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda iki ýurduň söwda mukdary geçen ýylyň degişli döwrüne görä 1,7 göterim ýokarlap, 2,27 milliard dollara barabar boldy. 2020-nji ýylyň 21-nji awgustynda iki ýurduň ykdysadyýet ministrlikleriniň wideokonferensiýa arkaly maslahatynda beýan edilşi ýaly Türkiýe-Ukraina Erkin söwda şertnamasyna gysga möhletde gol çekişilen halatynda özara söwda mukdarynyň 10 milliard dollara birnäçe ýylyň dowamynda ýetjekdigi çaklanylýar.

Strategik häsýetlendirilýän Türkiýe-Ukraina gatnaşyklary ähli taraplaýyn ösýär. Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Emine Jeppar 23-nji awgustda ýurdunyň Türk geňeşine synçy agza hökmünde gatnaşmak isleýändigini beýan etdi. Türkiýe şol işlegi guramanyň gün tertibine getirer. Uruskiniň Türkiýä sapary goranyş senagaty pudagynda iki ýurduň gatnaşyklaryny täze bir derejä göterer.



Degişli Habarlar