Belarusda Geçirlen Prezident Saýlawlary

Ýewraziýa Syn

1477713
Belarusda Geçirlen Prezident Saýlawlary

 

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Belarusda geçirilen prezident saýlawlaryna ser salmakçy.

2020-nji ýylyň 9-njy awgustynda Belarusda prezident saýlawlary geçirildi. Prezident saýlawynda 5 dalaşgär bäsleşdi. 5,8 million saýlawçynyň ses beren saýlawyna bolan gatnaşyk 84 göterime barabar boldy. Belarus Respublikasynyň Merkezi Saýlaw Toparynyň resmi bolmadyk kararyna görä, Aleksandr Lukaşenko sesleriň 80 göterimini alyp, gaýtadan prezidentlige saýlandy. Toparyň beýan etmegine görä oppozisiýanyň dalaşgäri Swetlana Tihanowskaýa sesleriň 10 göterimini almagyň hötdesinden geldi.

Oppozisiýa saýlawyň netijelerini kabul etmejekdigini beýan edip, saýlawyň geçirilen gününden bäri her gün ýurduň ähli künjeklerinde bikanun protest geçirýär. Şol protestlerde resmi görkezijilere görä 6700 adam saklandy. Mediada çykan habarlara görä 2 adam ýogaldy. Oppozisiýanyň dalaşgäri Swetlana Tihanowskaýa janyna howp abanýandygy sebäpli Litwa gaçdy. Howpsyzlyk güýçlerinin protestçilere berk çäre görmegi halkda reaksiýa döretdi we protestlerin döwlete degişli fabriklerde, hassahanalarda we teatr ýaly edaradyr kärhanlarda iş taşlaýyş görnüşinde dowam etmegine sebäp boldy. Aslyna seredilende prezident saýlawynyň ozalkylara meňzemejekdigi başyndan bellidi.

Dalaşgärlik tapgyrynda oppozisiýanyň güýçli dalaşgärleriniň hâkimiýet tarapyndan bäsleşige gatnaşmagyna rugsat berilmezligi, oppozisiýanyň hasam jebisleşmegine sebäp boldy. Ýurtda saýlaw bilen bagly sowalnama geçirilmegi gadagan edildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan başga halkara guramalaryndan saýlawa synçy kabul edilmedi. Ýurtdaky oppozision gatlagyň iş başyndaky prezidentden başgasynyň saýlanmagyny isleýändigi hemmelere äşgärdi.

Belarusdaky prezident saýlawynyň dowamynda we ondan soňky günlerde protestlerde zenanlaryň öňe saýlanandygy ünsleri çekýär. Belarus zenanlary bu tapgyryň nähili netijelenjekdigini kesgitleýji pozisiýa oýnap bilerler.

Saýlawdan öň rus hususy howpsyzlyk firmasy “Wagnere” degişli 33 adamyň Belarusda tussag edilmegi Belarus-Russiýa gatnaşyklaryny dartgynlaşdyrdy. Tussag edilenler saýlawdan son Russiýa berildi. “Wagner” wakasynyň meýilleşdirilen waka bolup bolmandygyny wagt görkezer. Sebäbi Lukaşenko sonky ýyllarda, esasanda soňky saýlaw tapgyrynda Kremli eslije tankyt etdi. Emma günbatara garşy göreşde resmi Minsk we Moskwa biri-birine garaşly. Şeýlelikde Lukaşenko bilen Putin 15-nji awgustda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirip, Russiýanyň elmydama Belarusy goldaýandygyny nygtadylar.

Prezident saýlawynyň netijeleri umuman Belarusyň gündogarynda ýerleşýän ençeme ýurt tarapyndan ykrar edilen bolsa, günbatar ýurtlary saýlawyň gaýtalanmagyny talap edýärler. ÝB Belarusyň ýolbaşçylaryna garşy sanksiýa goýjakdygyny beýan etdi. Lukaşenkonyň oppozisiýa bilen ylalaşyk synanşygy häzirlikçe netijesiz bolmagynda galýar. Lukaşenko Ukraina we Polşa ýaly ýurtlardan daşary ýurtly adamlaryň Belarusy dartgynlaşdyrmak isleýändigini öňe sürýär. Sesleriň gaýtadan sanalmagyny isleýän oppozisiýa bolsa Lukaşenkonyň wezipeden çekilmegini talap edýärler. Taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylman halatynda Belarusyn täze bir Russiýa-Günbatar çekeleşik giňişligine öwrülme ähtimallygy diýseň ýokary. Bar bolan şertlerde dürli ssenarileriň hakykata öwrülme ähtimallygy bar.



Degişli Habarlar