“Su Böregi”

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1475533
“Su Böregi”

 

         Türkiýäniň halanýan tagamlaryndan “Su Böreginiň” Osman aşhanasyna degişli tagamlardan biridigini bilýäňizmi?

“Su böregi” Türkiýä degişli ençeme görnüşli börekden biri. 19-njy asyr Osman aşhanasynyň meşhur böregi, biziň günlerimizde-de iňňän halanýar we giňden sarp edilýär. Taryhy çeşmelerde “su böreginiň” ilkinji gezek Kyrşehir welaýatynda bişirilendigi beýan edilýän hem bolsa, aslyna Türkiýäniň tas ähli sebitlerinde bilinýän we tapawutly önümler bilen bişirilýän böreklerden biri.

Bişirmesi kyn bolan “su böregi” myhmanlara hödürlenýän esasy tagamlardan biri. Bol ýumurtgaly, galyň çelpekleriň padnosa ýerleşdirmezden ozal suwda gaýnadylmagy, şol tagamly we ýumşajyk böregiň esasy özboluşlygy.

“Su böreginiň” peýnirli, etli, kömelekli, ysmanakly görnüşleri hem bişirlýän bolsa-da, esasan peýnir we petruşka goşulýar. Tagamly “Su böreginiň” aýratynlyklaryndan biri bolsa böregi pesejik otda padnosy aýlap bişirmek. Aşagy gowuja bişenden soň beýleki tarapyna aýlap, ony hem eýleki tarapy bilen deňje bişirmek.


Etiketkalar: #myhman , #tagam , #Su böregi

Degişli Habarlar