Azerbaýjan-Türkiýe Harby Türgenleşigi

Ýewraziýa Syn

1469395
Azerbaýjan-Türkiýe Harby Türgenleşigi

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Azerbaýjan bilen Türkiýäniň bilelikdäki harby türgenleşigi barasynda durup geçmek isleýäris.

2020-nji ýylyň 29-njy awgustynda Azerbaýjan bilen Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň Azerbaýjandaky harby türgenleşigi başlady. Gury ýer we howa güýçleriniň gatnaşmagyndaky harby türgenleşikleri üstümizdäki aýyň 10-na çenli dowam eder. Bakuwda, Nahiçewanda, Genjede, Kürdemirde we Ýewlahda geçirilýän türgenleşikler, soňky ýyllarda geçirilýän iň gerimli türgenleşik hökmünde ünsleri çekýär. Azerbaýjanyň Towuz welaýatynyň serhetýakasynda Ermenistanyň guran meçew beriji hüjümlerden soň geçirilýän türgenleşik birnäçe jähtden möhüm.

Türkiýe-Azerbaýjan harby gatnaşyklary Azerbaýjanyň garaşsyzlygyny yglan etmeginden soň başlapdy. 2010-njy ýyldan bäri şol gatnaşyklar iň ýokary derejede dowam edýär. Goranyş pudagyndaky hyzmatdaşlyga laýyklykda her ýyl geçirilýän harby türgenleşikler iki ýurduň goşunlarynyň bilelikde hereket etmegi we tejribe alyşmagy, Azerbaýjanyň goşunlarynyň ähli taraplaýyn taýarlykly bolmagy taýdan zerurdyr.

Russiýa Towuzdaky wakalaryň yzy süre Demirgazyk Kawkazdaky we Ermenistandaky rus harby bazasynda “ozal meýilleşdirilen” harby türgenleşik geçirdi. Ermenistandaky rus harby bazalarynda esasanda ermeni esgerleriniň iş alyp barýandygy indi syr däl. Şol çäkde Türkiýe-Azerbaýjan harby türgenleşigi hem tüýs wagtynda geçirilýär. Şol türgenleşikler Türkiýäniň Azerbaýjana harby taýdan berýan goldawynyň sözde däli eýsem iş ýüzündedigini dosta-duşmana görkezilmegi taýdan iňňän möhüm.

Günorta Kawkazyň howpsyzlygy ençeme jähtden möhüm. Türkiýäniň ykdysadyýetiniň, energiýa üpjünçliginiň esasy ugurlaryndan biri bolan we Türkiýäniň Hazara hem-de esasan gündogara birikdirýän geçirijiler Gruziýa bilen Azerbaýjanyň üstaşyr geçýär. Demir we gara ýollary bilen turba geçirijileriniň howpsyzlygy üçin Ermenistanyň meçew beriji aksiýalaryna ýol berilmeli däl.

Meseläniň esasy jogapkäri bolan Erenistanyň elinde bolsa Russiýa bilen Eýrany Beýik Turanyň gurulýandygyny beýan edip, gorky döretmekden başga argument ýok. Eýran Garabagyň basylyp alynmagynda we ondan soň döwürde sözde Azerbaýjany, iş ýüzünde bolsa Ermenistany goldamaga dowam etdi. Emma ýetilen sepgitde Eýranyň içinde-de türkleriň hakykata göz ýetirmäge başlandygy, resmi Tähranyň Ermenistany goldamaga dowam etmeginiň käbir netijeleri ýüze çykarjakdygy ýatdan çykarylmaly däl. Aýratynam Eýrana goýulan halkara sanksiýalaryň dowam edýän günlerinde Türkiýe we Azerbaýjan resmi Tähran bilen gatnaşyklaryny dowam etdirýän we sanksiýalara garşy duran ýakyn goňşular boldy. Çaknyşyk bolaýan halatynda Eýran Ermenistany goldamaga etmek meselesinde iki gezek pikirlenmeli.

2020-nji ýylyň 27-nji iýulynda Prezidenti R.T.Erdogan we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Telefon söhbetdeşliginde Kawkazdaky şertler boýunça pikir alyşyldy. Türkiýe bilen Russiýa meseläniň çözülmegi üçin bilelikde tagalla etseler, Daglyk Garabag meselesiniň parahatçylykly ýollardan çözülmegi mümkin. Meseläniň gysga möhletde çözülmegi üçin Türkiýe Nahiçewanda harby baza açmaly. Gerek bolan halatynda şeýle baza Hazar deňiziniň günbatarynda-da açylmaly. Daglyk Garabagyň ermeni basybalyjylaryndan halas edilmegi üçin Azerbaýjan hyzmatdaşlary bilen ähli uğurlardan işleşmäge dowam eder. 



Degişli Habarlar