Tahtakuşlar Etnografiýa Muzeýi

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1469311
Tahtakuşlar Etnografiýa Muzeýi

 

Tahtakuşlar Etnografiýa Muzeýi

Gazdaglarynda Türkiýäniň ilkinji etnografiýa muzeýiniň ýerleşýändigini bilýäňizmi?

Balykesir welaýatynyň Edremit etrabynyň Tahtakuşlar obasynda ilkinji hususy etnografiýa muzeýi ýerleşýär. Tahtakuşlar obasynda doglan mugallym Alibeý Kudaryň türkmen medeniýetiniň tanyşdyrmak maksady bilen açan muzeýinde Orta Aziýadan biziň günlerimize çenli gelip ýeten tagtaçy türkmenleriniň medeni mirasy sergilenýär. Şolaryň arasynda türkmenler tarapyndan ulanylýan gara öý, irki döwürlerde ulanylan öý goşlary, türkmenleriň egin-eşikleri, horjunlary, halydyr kilimleri bar. aýratynam muzeýiň içindäki otaglardan birinde hususy sungat eserleriniň sergilenýän sungat galareýasy bar.

Muzeýiň iň bir üns çekýän eksponatlaryndan biri bolsa dünýäde sergilenýän içi doldurylan iň uly arkasy deri deňiz pyşdyly. Günorta Amerikanyň kenarlarynda ýaşaýan pyşdyl ýoluny azaşyp, Egeý deňiziniň kenarlaryna gelipdir we 1997-nji ýylda balykçylaryň toruna düşüp, ölüpdir. 360 agramy kilogram we boýy 197 santimetre barabar bolan deňiz pyşdyly, zaýalanmazlygy üçin her ýyl ýörite bejergiden geçirilýär. Gäminiň perrigi degip ýaralanan 105 ýaşly beýleki bir deňiz pyşdyly hem şol pyşdylyň ýanynda sergilenýär.


Etiketkalar: #muzeý , #etnografiýa

Degişli Habarlar