Russiýadaky Protest Aksiýalary

Ýewraziýa Syn

1465590
Russiýadaky Protest Aksiýalary

 

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Russiýanyň Habarowsk welaýatynda geçirilen protest aksiýalary hakynda durup geçmek isleýäris.

2020-nji ýylyň 9-njy iýulynda Russiýanyň uzak gündogarynda ýerleşýän Habarowsk sebitiniň gubernatory Sergeý Furgal 2004-2005-nji ýyllarda başdan geçirilen işewürleriň zamun alynmagy hem-de öldürilmegi wakalary bilen baglylykda guramaçylykly jenaýat edendigi günäkärlemesi bilen tussag edildi. Şol günden bäri sebitiň halky 11-nji iýulda Furgaly goldamak üçin her gün birugsat mitingler geçirýärler. Mitingler sebitiň dolanşyk merkezi Habarowsk ýany bilen onlarça şäherde pandemiýa garamazdan onlarça müň adamyň gatnaşmagynda geçirilýär. Hepdäniň dynç alyş günlerinde mitinge gatnaşanlaryň sany 50-80 müň adama çenli ýetýär. Habarowskdaky mitingler Russiýa üçin adaty waka bolmandygy üçin, wakany ýakyndan seljermek ýerlikli bolsa gerek.

Sergeý Furgal 2018-nji ýyldaky saýlawda saýlawçylaryň 70 göteriminiň sesini alyp, Russiýanyň Liberal demokrat partiýasyndan Habarowsk sebitiniň gubernatorlygyna saýlanýar. Furgalyň saýlanmagyndan soň sebitde geçirilen parlament we ýerli saýlawlarda-da Liberal demokratlar üstün çykyp, häkimiýet başyndaky Birleşen Russiýa partiýasynyň sebitdäki güýjüni tas ýok etdiler. Emma bu waka diňe bir iki partiýanyň arasyndaky çekeleşikden ybarat ýaly görünmeýär.

Gubernator Furgal wezipe başynda geçiren 2 ýyllyk möhletinde býurokratiýadaky ähli çykdajylaryň azaldylmagy üçin başlangyçlar etdi. Şol başlangyçlary we sebitiň meseleleri boýunça aç-açan çemeleşmesi ýerli halkyň göwnünden turmakda iňňän uly täsire eýe boldy.

Furgal ýerli halkyň bähbitlerini goramak üçin merkezi hökümet bilen hem ters düşýärdi. Mysal üçin Prezident Putiniň 2018-nji ýylyň dekabr aýynda Uzak Gündogar Federatiw Sebitiniň merkeziniň Habarowskdan Wladiwostok şäherine göçürmegine Furgal garşy durupdy.

Wladimir Putin 20-nji iýulda Furgaly wezipeden boşadyp, ýerine wagtlaýynça Liberal demokrat partiýadan Mihail Degtýarewi belledi. Emma sebitiň halky Moskwadan ugradylan Degtýarewi ykrar etmedi. Protestçiler Furgalyň wezipe dolanmagyny, kazyýet işiniň Habarowskda aç-açan we adalatly geçirilmegini talap edýär. Mitinglerde, aýratynam Putiniň wezipeden çekilmegi talap edilýär. Habarowskdaky mitingleriň üns çekiji tarapy, halkyň üç hepdeden bäri bikanun aksiýalardan daşda, asuda şertlerde geçmegi. Mitingleriň çäginde “Kepderilere iým bermek”, “kross”, “awtoulag söýüjileriň ýörişi” ýaly dürli aksiýalar geçirilýär.

Russiýanyň Uzak Gündogarynda geçirilýän şol mitingler ýurtdaky merkezi dolanşyk bilen ýerlik dolanşyklaryň arasyndaky dartgynlygy ýaňadandan gün tertibine getirdi. Russiýanyň ýerli dolanşyklary merkezi dolanşygyň öz içerki işlerine goşulyşmazlygyny, öz saýlawlaryna sarpa goýmagyny, oba ýerleriniň galkynyşy üçin serişde bölüp bermegini isleýär. Habarowskyň halkynyň bu reaksiýasy Russiýanyň beýleki sebitlerinde-de ýüze çykyp biler we geljekki saýlawlarda Birleşen Russiýa partiýasynyň goldawynyň azalmagyna sebäp bolar. mälim bolşy ýaly geçen ýyldan bäri Demirgazyk Kawkazda wagtal-wagtal şeýle protestler geçirildi. Moskwanyň etniki azlyklaryň awtanom gurluşyny uly welaýatlar bilen birleşdirme synanşygy hem ýerli halkyň garşylygyna sebäp bolar. Jemläp aýdanymyzda daşary syýasatda güýçli pozisiýa eýelemek isleýäň Russiýanyň içerde-de çözgüdine garaşýan uly meseleleri bar.



Degişli Habarlar