Palçyk Bejergisi

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1462572
Palçyk Bejergisi

 

         Palçygyň ençeme hassalyga peýdalydygyny we Türkiýänin palçyk bejergisi taýdan iňňän amatly sebitde ýerleşýändigini bilýäňizmi?

Türkiýäniň ençeme etraplaryndaky düzümi baý ýyly suwlar, tebigy çeşme suwlary toprakdaky gyryndylar, minerallar ; suwuň ýol ugrunda geçen daglaryndan, derýalaryndan geçip, özboluşly ergin emele getirýär. Şol özboluşly palçyk we tebigy ýyly suwlar bilen taýarlanan palçyk bejergileri ençeme hassalyga em bolýar.

Palçyk bejergisiniň öýjükleriň täzelenmegine, gormonlaryň deňagramlaşmagyna, gan akyşynyň kadalaşmagyna, immunitetiň güýçlenmegine peýdalydygy kesgitlenen. Aýratynam ýadawlyk, stress, aşa kynçylyk çekmek we guryagyry keselleri sebäpli emele gelen myşsa we süňk agyrylaryny aýyrmak üçin hem peýdalanylýar.

Türkiýäniň bilinýän esasy sanatoriýarylary Mugla, Afýonkarahisar, Çanakgala, Manisa Çankyry welaýatlarynda ýerleşýär. Zyýanly täsiri bolmadyk palçyk bejergisinden enjeme adam peýdalanýar we daşary ýurtly syýahatçylar hem oňa uly gyzyklanma bildirýär.

 

 


Etiketkalar: #şypaly , #bejergi , #palçyk

Degişli Habarlar