Stambulyň Jaňlary

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1459128
Stambulyň Jaňlary

 

Stambulda öndürilýän jaňlaryň bütindünýä aýdym-saz senagatynda meşhurlyga eýedigini bilýäňizmi?

17-nji asyrda Ziljiýan ussanyň gizlin ergin bilen öndüren jaňlary, asyrlardan bäri meşhurlygyny dowam etdirip gelýär. 1623-nji ýylda açylan Ziljiýan fabrigi 20-nji asyryň ikinji ýarymyna çenli önümçilige dowam edip, jaňlar bütin dünýäde deprekçileriň esasy gurallaryndan biri bolupdyr. 1978-nji ýylda fabrigiň ýapylmagyndan soň 10 ýaşyndan bäri Ziljiýanlar bilen işleşen we ussalyk derejesine eýe bolan Mehmet Tamdeger şol däbi dowam etdirip, meşhur jaňlary “Stambul Mehmet” markasy bilen öndürmäge başlaýar.

Dünýäniň çar tarapynda tanalýan “Stambul Mehmet” markaly jaňlaryň iň esasy özboluşlygy elde ýasalmagy. Häzirki wagtda 50-den gowrak ýurda eksport edilýän jaňlar hem Stambulyň hem-de Türkiýäniň adyny aýdym-saz älemine ýetirmäge dowam edýär.


Etiketkalar: #meşhur , #eksport , #jaň

Degişli Habarlar