Türk Baýdagy

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1441089
Türk Baýdagy

Ispaniýanyň iň köp tiražly gazetlerinden biriniň geçiren “Dünýäniň iň owadan baýdagy” sowalnamasynda türk baýdagynyň iň ýokary sesi alandygyny bilýäňizmi?

Ispaniýanyň ýokary tiražly sport gazetlerinden biriniň aprel aýynda geçiren sowalnamasynda “dünýäniň iň owadan baýdagy haýsy” diýlen sorag berildi. Türk baýdagy 49,100 ses bilen birinji orny eýelän bolsa, ýer eýesi İspaniýa 18,800 ses bilen ikinji, Amerikan baýdagy bolsa 6,700 ses bilen üçünji orny eýeledi.

Türk baýdagy şu günki görnüşine iň ýakyn şekilde 18-nji asyrda ulanyldy. Şol baýdakdaky 8 burçly ýyldyzyň ýeňişi aňladýandygy we Osman döwletiniň ýeňişler bilen doly geçmişine esaslanyp ulanylandygy beýan edilýär. 1844-nji ýylda bolsa kabul edilen karara laýyklykda türk baýdagyndaky 8 burçly ýyldyz adama wekilçilik edýändigi aýdylýan 5 burçly görnüşine getirilýär.

Käbirlerine görä türk baýdagyndaky ýarym aý yslam dinini, käbirlerine görä bolsa türk ynanjy bolan gök taňry ynanjyny beýan edýär. Ýyldyzyň bolsa garaşsyzlygy aňladýandygy nygtalýar. Aňladýan manylary bir tarapa, türk baýdagy Türkiýäniň çäklerinde ýaşaýan dürli dini we etniki gelip çykyşy bolan millionlarça adamy jebisleşdirýär.

 



Degişli Habarlar