Türk Geňeşinde Pandemiýa Garşy Göreşinde Ýetilen Sepgit

Ýewraziýa Sýn 17.06.2020

1439683
Türk Geňeşinde  Pandemiýa Garşy Göreşinde Ýetilen Sepgit

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Türk geňeşiniň çäginde saglygy goraýyş taýdan alynyp barylýan işler hakynda durup geçmekçi.

 

Türk geňeşine agza döwletlerde Kovid-19 epidemiýasynda wirusa ýoluganlaryň sany 200 müňden geçdi we günsaýyn artýar. Şol sebäpli agza döwletler saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlygy egilşiksiz dowam etdirmäge synanşýar.

2020-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türk geňeşine agza döwletleriň Saglygy goraýyş ministrleri wideokonferensiýa görnüşinde maslahat geçirip, maslahatda Türk geňeşiniň Saglyk utgaşyklyk toparynyň döredilmegi hakynda karar kabul edilipdi. 2020-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türk geňeşiniň Saglyk utgaşyklyk toparynyň ilkinji wedeokonferensiýa görnüşindäki maslahaty geçirildi. Maslahata Türk geňeşine agza we synçy döwletleriň Saglygy goraýyş minisrtrleriniň orunbasarlary gatnaşdylar. Maslahatda epidemiýanyň öňüniň alynmagy, kesgitlenmegi we bejergi usullary boýunça pikir alyşyp, hyzmatdaşlyk şertleri seljerildi. Taraplar aýratynam belli lukmanlaryň gatnaşmagynda onlaýn okuw-seminarlarynyň, tejribe alyşmalarynyň, halkara ylmy-amaly wideo maslahatlarynyň geçirilmegi boýunça ylalaşdylar. Türk dünýäsiniň saglygy goraýyş işgärleri ilkinji pursatda Izmirdäki karantin adasynda bilelikde çäreler tapgyrynyň ilkinjisini geçirdiler. Kowid-19-a garşy garşy göreşde bilelikdäki maglumatlar bazasynyň we epidemologik barlaglar ulgamynyň döredilmegi boýunça ylalaşyk gazanyldy. Şeýle-de “Üpjünçilik ulgamy topary” her bir ýurduň 10 alymynyň gatnaşmagynda “Saglyk Ylmy Toparynyň” döredilmegi hakyndaky teklip kabul edildi. Gelejekde Türk geňeşiniň çäginde Saglyk Işewürler Maslahaty geçiriler.

Geňeşe agza döwletleriň epidemiýa garşy bilelikdäki sanjym barlaglaryna Türkiýäniň öňbaşçylyk etmegi maslahatda kabul edilen ýerlikli kararlardan biri boldy. Pandemiýa garşy üstünlikli göreşen Türkiýe koronawirus sanjymy boýunça hem barlaglaryny dowam etdirýär.

Türkiýäniň Bişkekde guran doly üpjünçilikli hassahanasy pandemiýa garşy alynyp barylýan göreşiň çäginde hassa kabul etmäge başlady. Türkiýäniň beýleki türli dilli döwletlere lukmançylyk kömegi hem dowam edýär.

Pandemiýa döwründäki ilkinji nobatdan daşary maslahatyna Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş sekretaryny çagyran Türk geňeşi, türk dünýäsinde bu ugurda edilmeli başlangyçlara öňbaşçylyk edýär. Hasaba alynýanlaryň sany artýar, ikinji we üçünji tolkun hassalyklaryň ýüze çykma ähtimallygynyň bardygy öňe sürülýär we heniz sanjymyň tapylmandygy hem göz öňünde tutulanda türk dünýäsiniň ýokary guramasy bolan Türk geňeşiniň saglygy goraýyş pudagyndaky başlangyçlary pandemiýa garşy has netijeli göreşmäge öz mynasyp goşandyny goşar. Guramanyň çäginde döredilen Ylmy Saglyk Topary we bilelikdäki Kovid-Seljeriş ulgamy pandemiýa garşy göreş üçin iňňän möhüm.

Kovid-19-yň gysga möhletde gutarmajakdygy baradaky çakalamalar saglyk syýahatçylygynyň başda durmagynda ähli ugurlardaky işleriň dowam etmegini talap edýar. Bu şertler döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegi, adamlaryň ýaşaýyş şertleriniň ýeňilleşdirilmegi, arkalaşygyň güýçlendirilmegi bolsa doganlyk gatnaşyklarynyň talaby bolup durýar.

Epidemiýa bilen bilelikde günbataryň käbir ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamlarynyň çökmegi, saglygy goraýyş ulgamynyň döwletiň gözegçiliginde hem-de hemaýatynda alynyp barylmagynyň hökmanydygyny görkezdi. Türki dilli döwletler mundan degişli netijäni çykaryp, Türkiýäniň öňbaşçylygynda bilelikdäki saglygy goraýyş toruny döredip bilerler. Saglygy goraýyş pudagyndaky bilelikdäki işler “Türk Gelejegi-2040” garaýyşynyň Saglyk Maksatnamasyna şert döreder.

 



Degişli Habarlar