Fergana Jülgesindäki Serhet Düşnüşmezligi

Ýewraziýa Syn

1435824
Fergana Jülgesindäki Serhet Düşnüşmezligi

 

Fergana Jülgesindäki Serhet Düşnüşmezligi

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Fergana jülgesinde ýüze çykan serhet düşnüşmezligi hakynda durup geçmekçi.

Maý aýyndan başlan Fergana jülgesindäki serhet düşnüşmezlikleri ýaňadandan möwjemäge başlady. 2020-nji ýylyň 8-nji maýynda Gyrgyz-Täjik serhedindäki Çek obasynda ýer dawasy sebäpli, 24-nji maýda bolsa Waruh Anklawynda mal bakma sebäpli ilki ýerli halkyň, soň bolsa serhet goragçylarynyň arasynda dartgynlyk bolýar. Çaknyşyklar sebäpli Gyrgyzstandan we Täjigistandan üç esger ýaralanýar. 2-nji iýunda iki ýurt serhedindäki Eski Taş diýilýän ýerde kimdigi näbelli adamlar giç ara bir gyrgyz raýatynyň ulagyna od açýar. 31-nji maýda bolsa Gyrgyzystan-Özbegistan serhedindäki Çeşme obasynda çeşmäniň suwunyň ulanylmagy meselesinde ýerli halkyň arasynda uly dawa turýar.

Gyrgyzstanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň serhetleriniň kesişýän ýeri bolan Fergana jülgesindäki serhet düşnüşmezligi 30 ýyldan bäri dowam edip gelýän hem bolsa, soňky ýyllarda meseläniň çözülmegi üçin käbir başlangyçlar edildi. Gyrgyz we täjik liderleri geçen ýyl duşuşyp, iki ýurduň serhet goragçylarynyň iki taraply od açmazlygy hakynda ylalaşyk gazanylypdy. Üstümizdäki ýylyň başynda serhet meselesiniň çözülmegi üçin ýer çalşygy gün tertibine gelendigi hakynda habarlar çykmaga başlapdy. Şewkat Mirziýoýewiň häkimiýet başyna gelmeginden soň uzak ýyllaryň dowamynda ýapyk bolan serhetler açylyp, Özbegistan hem Gyrgyzstan hem-de Täjigistan bilen serhetleriň kesgitlenmegi boýunça işe girişilipdi. Şol çäkde serhet düşnüşmezliginiň möwjemeginiň başga sebäpleriniň bolup-bolmandygy ýada düşýär.

2020-nji ýylyň 26-njy maýynda Kollektiw Howpsyzlyk Şertnamasy Guramasyna girýän ýurtlaryň Daşary işler ministrler wideokonferensiýa görnüşinde geçiren maslahatynda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Gyrgyz-Täjik serhet meselesiniň çözülmeginde ýurdunyň töwellaçy bolmaga taýardygyny beýan etdi. Lawrowyň şol beýannamasy Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň Russiýa nota berip, içerki işlerine goşulyşmazlyklary boýunça duýduryş bermegine sebäp boldy. İçerki işlere goşulyşmazlyk meselesi geçen aýlarda dil meselesi sebäpli Özbegistan tarapyndan hem Russiýa garşy beýan edilipdi. Gyrgyzstanyň halk köpçüliginde ruslar tarapyndan ulanylýan Kant harby bazasynyň giňeldilmegi hakynda ylalaşygyň käbir maddalarynyň “döwletiň içinde döwlet” döredilýär diýilen reaksiýanyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Mälim bolşy ýaly soňky döwürde Orta Aziýada Russiýa garşy bir reaksiýa bar.

Özbegistanyň Gyrgyzstanyň üstaşyr täze transport korodirony açmagy we Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň gümrüklerindäki bökdençliklere Gyrgyzstanyň has berk nägilelik bildirmäge başlamagy resmi Moskwany biynjalyk edýär.

10 million ilatyň ýaşaýan ýeri bolan Fergana jülgesindäki serhet düşnüşmezlikleri sebitiň durnuklylygynyň öňündäki esasy bökdençlik. Sebitde ýerleşýän ýurtlar mesele çözülmän halatynda ösüş depginine eýe bolup bilmezler. Dürli meçew berijiler meseläni sebiti durnuksyzlaşdyrmak we öz maksatlaryna ýetmek üçin peýdalanarlar. Şol sebäpli serhet meseleleri birinji nobatda çözülmeli. Ençeme meselede biri-birine garaşly bolan Orta Aziýa ýurtlary pandemiýa döwründen netije çykaryp, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugruna çykmaly.



Degişli Habarlar