“Beýili, soganly et”
Köşküň tagamlary 18
Köşküň tagamlary 18
Osman köşk aşhanasynyň ajaýyp tagamlarynyň reseptlerini dykgatyňyza ýetirýän gepleşigimiziň bu sanynda sizi dünýäniň 8-nji gudraty kabul edilýän we ýer yüzünde hem medeni hem-de tebigy gözellik taýdan goşa mirasa eýe diňe 36 ýerden biri bolan Pamykgalanyň ýerleşýän Deňizli welaýatyna alyp gitmekçi we “Beýili, soganly et” naharyny 120 ýyllyk myhmanhananyň howlusynda bişirmekçi.
Şu nahar üçin gerek bolan önümler:
1 kg. dogralan guzy eti
1 sany beýi
2 nahar çemçesi mesge
Naryň suwy
250 gram ownuk sogan
Gyzyl burç
Gara burç
Käkilik oty
Duz
Şeker
Bu naharyň bişirilişine ýene-de Baş aşpez-medeniýeti öwreniji hormatly Ýunus Emre Akkoryň gürrüň bermeginde tomaşa etmezden ozal Deňizlä we Pamykgala gysgaça gezelenç edeliň.