Ilkinji Türk Operasy

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1423873
Ilkinji Türk Operasy

 

 

         Ilkinji türk operasynyň gönüden göni M. K. Atatürkiň görkezmesi bilen ýazylandygyny bilýäňizmi?

Atatürk sungata we sungat ussadyna elmydama sarpa goýupdy. Türkiýe Respublikasynyň ilkinji ýyllarynda senagat, ykdysadyýet, bilim ýaly emçeme pudak bilen birlikde sungatda-da uly işler amala aşyryldy. 1934-nji ýylda Atatürk opera goýulmagyny isleýär.

Şol islegiň geň sebäbi bardy. Geçmişde asyrlarça messep aýralygy sebäpli duşmanlarça goňşuçyl edilen Eýranyň döwlet ýolbaşçysy Ryza Şa Pehlewi Türkiýä çagyrylýar. Saparyň guraljak senesi kesgitlenenden soň Atatürk Eýran Şasynyň hormatyna bir agşam guralmagyny we opera eseriniň sahna goýulmagyny isleýär. Onuň temasyny hem özi saýlaýar. Operanyň temasy Eýran edebiýatynyň beýik ussady Firdöwsiniň meşhur Şanama eserinden alynmalydy. Liberertto Münir Haýri Egeli tarapyndan ýazylýar. Operanyň kompozitorlygy bolsa 27 ýaşly Ahmet Adnan Saýgun tabşyrylýar. Saýgun şol eserini gysga möhletde, 2 aýa golaý wagtda tamamlaýar.

Özsoý operasy ilkinji gezek 1934-nji ýylyň 19-njy iýunynda Ankarada sahna goýulýar.


Etiketkalar: #Eýran , #sahna , #opera

Degişli Habarlar