Türk Geňeşinde Migrasiýa Utgaşyklyk Topary

Ýewraziýa Syn

1422189
Türk Geňeşinde Migrasiýa Utgaşyklyk Topary

 

Türk Geňeşinde Migrasiýa Utgaşyklyk Topary Döredildi

 

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Türk geňeşine agza ýurtlaryň pandemiýa döwründe daşary ýurtlardaky raýatlarynyň başdan geçirýän kynçylyklaryny çözmek ugrunda edýän başlangyçlary hakynda durup geçmek isleýäris.

2020-nji ýylyň 7-nji maýynda Türk geňeşine agza we synçy döwletleriň Migrasiýa gulluklary bilen degişli edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideo konferensiýa usulynda maslahat geçirildi. Wideo maslahata Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Wengriýanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň Migrasiýa gulluklarynyň başlyklary bilen Türk geňeşiniň Baş sekretary gatnaşdylar. Maslahatda gurama agza ýurtlaryň koronawirus epidemiýasy sebäpli ýurtlaryna gidip bilmedik raýatlarynyň ýaşaýyş rugsatnamalary, wizalar we migrasiýa bilen bagly beýleki meseleleriň çözülmegi üçin görüljek çäreler seljerildi. Maslahatyň netijesinde taraplar wiza we ýaşaýyş rugsady düzgünini bozan raýatlar üçin çäre görmezlik boýunça ylalaşdylar. Taraplar aýratynam migrantlyk şertlerini hem wagtlaýynça gowşatmak hakynda karara geldiler. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň bökdelmezligi we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin Türk geňeşiniň çäginde Migrasiýa utgaşdyryş toparynyň döredilmegi boýunça ylalaşdylar.

Mälim bolşy ýaly 2020-nji ýylyň 10-njy aprelinde geçirilen Türk geňeşiniň Döwlet ýolbaşçylarynyň Nobatdan daşary sammitinde beýleki ýurtlardaky gurama agza ýurtlaryň raýatlaryna degişli ähli ýeňillikleriniň döredilmegi hakynda karar kabul edilipdi.

Şol karara laýyklykda Türk geňeşine agza döwletler pandemi tapgyrynda ýurtlaryna gaýtmak isleýän raýatlaryň ugradylmagy boýunça birek-birege degişli kömekdir ýeňillikleri döretmäge dowam edýär. Hat-da üçünji ýurtlardan raýatlarynyň getirilmegi boýunça gurama agza ýurtlar bilelikde işleşýärler. Mysal üçin Gazagystan Günorta Aziýa ýurtlaryndan raýatlaryny getirýän bolsa, Gyrgyzystanyň raýatlaryny hem bilelikde getirdi. Şonuň ýaly-da Türkiýe hem Azerbaýjanyň raýatlaryny üçünji ýurtlardan Türkiýä çenli getirdi. Gelejekde Türk dünýäsiniň halkara arenasynda bilelikde hereket etmegi taýdan şeýle ynsanperwer arkalaşyklar iňňän möhüm bolup durýar.

Türk geňeşiniň Migrasiýa edaralarynyň başlyklarynyň maslahat geçirmegi, guramanyň diasporalar boýunça häzire çenli alyp baran işleriniň dowamy aýratynlygynda. Mälim bolşy ýaly gurama mundan ozal Türk geňeşi Türkidildeş Bilelikdäki Diaspora Iş Strategiýasyny kabul edipdi. Geçen aý dünýäde başdan geçirilen maska we beýleki meseleler boýunça ýüze çykan gelşiksiz wakalar Türk dünýäsi diasporalarynyň we Türki dilli döwletleriň halkara arenasynda bilelikde hereket etmelidigini ýene-de bir gezek görkezdi.

Türkiýede köp sanly sebitden daşary ýurtly ýaşaýar. Türkiýede bolýan daşary ýurtlularyň esasy böleginiň pandemiýa döwründe ýurtlaryna gitmegiň ýerine Türkiýede galmagy saýlap almagy resmi Ankaranyň bu tapgyrda ýerlikli çäreler görendigini, dogry syýasat alyp barandygyny we diňe bir öz raýatlaryna däl, eýsem daşary ýurtlulara hem saglyk üpjünçiligi kepilligini berendigini görkezýär. Türk dünýäsiniň lokomotiwi pozisiýasynda durýan Türkiýe mundan beýläk hem goňşy we köňül geografiýasynyň çekiş merkezi bolmagynda galar. Türk geňşiniň çäginde döredilen Migrasiýa utgaşdyryş topary bolsa Türk dünýäsiniň intellektual migrasiýasyny öňüni almak ýaly meseleleriň başda durmagynda daşary ýurtlardaky türk diasporalarynyň meseleleri bilen ýakyndan gyzyklanar.

 



Degişli Habarlar