Koronawirus we PKK Terrory

Hepdäniň Syny

1419650
Koronawirus we PKK Terrory

 

Koronawirus we PKK Terrory

 

Terror guramalary aksiýa guramak maksady bilen ähli pursatdan we şertden peýdalanmak isleýärler. Global derejeli çökgünlige öwrülen koronawirus epidemiýasy hem terror guramalary üçin dürli şertleri ýüze çykarýar. DAIŞ Yrakda soňky aýlarda terror hüjümlerini garaşylmadyk derejede artdyrdy. Analitikler DAIŞ-iň artýan terror hüjümlerini 2019-njy ýyldan bäri dowam eden “stratregiýa özgertmesiniň” dowam hökmünde kabul edýäň hem bolsa, koronawirus epidemiýasynyň DAIŞ-iň işini ýeňilleşdirendigini aýdyp bileris. DAIŞ-iň ýany bilen terror guramasy PKK, hem Siriýada hem-de Türkiýedäki hüjümlerini artdyrana meňzeýär. Geçen hepde Siriýanyň Afrin welaýatynda asuda ilata hüjüm guran PKK, Türkiýede-de hüjümlerini dowm etdirdi we soňky gezek Wan şäherinde koronawirus sebäpli kömek paýlaýan asuda hünärmenleri nyşana aldy. Ol hem PKK-nyň korona epidemiýasy sebäpli ýüze çykan näbellilikden täze bir strategik bähbit gazanmagyň yzyna düşendigini görkezýär.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary boýunça Direktory, ýazyjy, Dosent Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Terror guramasy PKK köptaraply strategiýa alyp barýar. Şol strategiýalardan birinjisini PKK-nyň Ýewropada epidemiýa arkaly alyp barýan propogandasy emele getirýär. PKK Ýewropa ýurtlaryndaky ýaranlary Anti-Korona Ýewropa Koordinasiýasy atly topar döredip, korona esaslanýan täze bir propoganda alyp barýar. Şol toparyň maksadynda garrylar, hroniki keselliler we bosgun düşelgelerinde bolýan adamlar bar bolsa, sosial mediadan işjeň peýdalanylýandygy görülýär. Şol çäkde PKK esasanda Ýewropany korona epidemiýasy sebäpli täze donorlyk kampasiýasy ady bilen logistiki we lobbiçilik işleri üçin maddi girdeji gazanmagy nazarda tutýar. Şol kampaniýalary terror guramasy PKK-nyň Ýewropadaky Zenanlar bölümi we Ýewropa Jemgyýetçilik Guramalary Wekilhanasynyň alyp barýandygy görülýär. Şol çäkde PKK Berlinde korona kampaniýasyny alyp barmak üçin Dolanşyk nokadyny döretdi.

PKK-nyň ikinji strategiýasyny bolsa gönüden terror hüjümleri emele getirýär. 2020-nji ýylyň ýanwar atyndan bäri 9 terror hüjümini guran PKK, şol hüjümleriniň 5 sanysyny Türkiýede koronawirus kesellileriniň hasaba alynmaga başlanan senesi bolan 2020-nji ýylyň 10-njy martyndan soň gurady. Aprel aýynda PKK-nyň Diýarbakyra degişli bir obada guran hüjüminde bolsa gönüden obalylar nyşana alyndy we asyda ilatdan 5 adam aradan çykdy. Türkiýäniň daşynda PKK-nyň Türkiýä garşy hüjümleriniň nyşanasynda bolsa Demirgazyk Yrakda iş alyp barýan türk harbylar bar. 25-nji martda guralan hüjümde 2 türk esgeri şehit bolan bolsa, 24-nji aprelde guralan hüjümde 1 esger aradan çykdy. PKK-nyň bu möhletde guran hüjümleriniň ählisi oba ýerlerinde amala aşyrylan bolsa, şäherlerde terror hüjümlerini gurama mümkinçiliginiň bolmandygy görülýär. Onuň esasy sebäbi türk howpsyzlyk güýçleriniň operasiýa depgininiň ýokary bolmagydyr. Şeýlelikde PKK terrorçylary çetki obalarda duzak gurma usuly bilen hüjüm guramaga mümkinçilik tapýarlar. Türk ýaragly güýçleriniň terror guramasy PKK garşy operasiýalary üznüksiz dowam edýär. 2020-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynyň aralygynda Milli howpsyzlyk guramasy we Türk ýaragly güýçleri Türkiýäniň günortasynda hem-de Yragyň demirgazynda ýanwar aýynda 44, fewral aýynda 52, mart aýynda 54 we aprel aýynda 71, jemi 221 sany utgaşykly operasiýany ýurduň içinde hem-de daşynda amala aşyrdy. Operasiýalaryň netijesinde köp sanly enjamlar bilen birlikde 17,502 sany aragatnaşyk enjamy, ýeňil ýaraglar, ok-däri ele salyndy hem-de 162 sany taktiki terror faktory täsirsiz ýagdaýa getirildi. Içeri işler ministrligine degişlilikde Polis we Jandarm güýçleri tarapyndan hem ýurduň içinde we daşynda “gözle-tap-ýok et” operatiw usulyndaky operasiýalar dowam etdirilýär. İçeri işler ministrliginiň beýan eden maglumatyna görä geçirilen “Gaplan Operasiýalarynyň” netijesinde ýanwar aýynda 7,998 operasiýada 45, fewral aýynda geçirilen 6969 operasiýada 86, mart aýnda 8,041 operasiýada 52, aprel aýynda 8415 operasiýada 34 PKK terrorçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Terror guramasy PKK-nyň soňky döwürde Türkiýäniň terrorçylyga garşy egilşiksiz göreşi sebäpli operatiw ukyby ejizlän hem bolsa, çykalga gözlegindedigi görülýär. Häzirlikçe gözleýän çykalgasyny sözüň doly manysynda tapmadyk hem bolsa, terror ýaranlarynyň ýaşaýyş zolaklaryndan çekilip, howa şertlerine baglylykda täze bir strategiýany iş ýüzüne geçirme maksadynyň bardygyny aýdyp bileris. Emma koronadan soň ýüze çykjak sebitleýin syýasat, Yrakdaky şertler we Siriýada dowam edýän çaknyşyk şertlerinde PKK şol maksadyny iş ýüzüne geçirip bilmez.

 



Degişli Habarlar