Dünýäniň ençeme ýurdunda Atatürkiň adyny göterýän ýerleriň bardygyny bilýäňizmi?

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1419930
Dünýäniň ençeme ýurdunda Atatürkiň adyny göterýän ýerleriň bardygyny bilýäňizmi?

 

Dünýäde Atatürkiň Ady Dakylan Ýerler

 

Dünýäniň ençeme ýurdunda Atatürkiň adyny göterýän ýerleriň bardygyny bilýäňizmi?

Dünýä derejesinde sarpa goýulýan liderlerden biri bolan Atatürkiň ady Ýewropa ýurtlaryndan daşgary Hindistandan Meksika, Ýaponiýadan Tunise, Perudan Täze Zelandiýa çenli ýadygärliklerde, heýkellerde ýa-da seýilgählerde ýaşaýar.

Şol ýurtlardan biri bolan Çiliniň paýtagty Santiagoda şäher häkimligi şäherde ýaşaýan adamlara görelde bolmagy üçin seýilgählerden birine Atatürkiň sözleri ýazylgy relýefini oturtdy. Ýadygärlikde şu sözler ýazylgy: “Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy, watanynyň pidakär we wepaly hyzmatkäri, deňsiz gahryman, adamzat ideýasynyň janly tymsaly…. Bütin ömrüni türk milletine bagşeden, milletine öz ruhunu, oduny beripdir. Hatyrasy milletiniň ruhuny janly tutýan öçmejek alow bolup ýaşaýar!”

Ysraýylyň Ýehud şäherinde M. K. Atatürkiň hormatyna gurlan ýadygärlikde bolsa Atatürkiň “Ýurtda parahatçylyk, dünýäde parahatçylyk” sözüniň aşagynda “Türk milletini we Türkiýäni söýýän Ysraýylyň halky baky minnetdar bolar” sözlemi bar.

Kubadaky ilkinji we ýeke-täk daşary ýurt döwlet adamsynyň heýkeli hem Atatürkiňki. İlkinji heýkeliň aşagynda türk we ispan dillerinde “Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy- Ýurtda parahatçylyk- Dünýäde parahatçylyk” diýlip ýazylan. 2011-nji ýylda Kubanyň döwlet resmileriniň islegine laýyklykda heýkeltaraş Metin Ýurdanur tarapyndan ýasalan Atatürkiň ikinji heýkeli hem paýtagt Gawananyň saýlama ýerlerinden Puerto şaýolunyň ugrundaky seýilgähde oturdyldy.



Degişli Habarlar