Hydyrelleziň Türkiýe bilen Makedoniýanyň umumy konkret däl medeni mirasydygyny bilýäňizmi?

Giňdir Dünýe-Geňdir Dünýe

1411602
Hydyrelleziň Türkiýe bilen Makedoniýanyň umumy konkret däl medeni mirasydygyny bilýäňizmi?

 

Hydyrelleziň Türkiýe bilen Makedoniýanyň umumy konkret däl medeni mirasydygyny bilýäňizmi?

 Hyrydellez, Hydyr we Ylýas atlarynyň birleşmeginden emele gelýän at. Türkiýede Hydyr we Ylhaz, Ederlezi, Kakaba, Haftamal, Egrilje, Erije we Makedoniýada Hiderlez, Edirlez, Erdelezi, Herdelezi atlary bilen bilinýär. Hydyr we Ylýasyň ýeriň hem-de suwuň goragçysy hökmünde adamlara ýardam berýändiklerine, ýylda bir gezek 6-njy maýda duşuşýandyklaryna ynanylýar. 6-nji maý güni tebigatyň oýanýan güni hökmünde kabul edilýär we Bahar güni hökmünde bellenilip geçilýär. Şol rituallar indi ýylyň bol, bereketli, sagdyn, asuda we bagtyýar geçmgei üçin edilýän dileglere esaslanýar.

“Bahar şüweleňleri: Hydyrellez” 2017-nji ýylda Günorta Koreýada geçirilen ÝUNESKO-nyň Konkret däl medeni miras boýunça hökümetara maslahatynda Türkiýe bilen Makedoniýanyň bilelikde köpmilletli delo hökmünde Adamzadyň konkret däl medeni miras sanawyna goşuldy.


Etiketkalar: #ÝUNESKO , #tebigat , #hydyr

Degişli Habarlar