Koronawirus Döwründe Harby Çaknyşyklar

Hepdäniň Syny 01.05.2020

1410060
Koronawirus Döwründe Harby Çaknyşyklar

 

Koronawirus Döwründe Harby Çaknyşyklar

Korona epidemiýasynyň global çökgünlige öwrülmegine we ABŞ-nyň başda durmagynda global ähli güýçlere agyr zarba urmagyna garamazdan Ýakyn Gündogardaky çaknyşyklaryň depgini gowşamaýar. BMG çaknyşyklaryň dowam edýän sebitlerinde hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş berýäň hem bolsa, Liwiýada, Siriýada we Ýemende gan akmaga dowam edýär. Liwanda ykdysady kynçylyklaryň we galplyklaryň sebäp bolan demonstrasiýalar ýaňadandan başlan bolsa, Yrakda-da hökümet nebite garaşly ykdysadyýetini kadalaşdyrmakda kynçylyk çekýär. Şol ýurtlarda, esasanda Liwiýa, Siriýa we Ýemen korona epidemiýasyna garşy göreşmegiň ýerine içerki çaknyşyklara boýun egdi. Şol ýurtlaryň hiç haýsysynda korona epidemiýasynyň ýeten sepgidi barada hakyky maglumatlary almak mümkin däl. Şol çaknyşyk zolaklarynda epidemiýa bilen içerki çaknyşyk eriş-argaç bolana meňzeýär. Halkara guramalary bolsa duýduryş bermekden başga pozisiýa eýelemedige meňzeýär.

SETA-nyň Howpsyzlyk barlaglary boýunça Direktory ýazyjy Dosent Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Siriýada azyndan dört sebitiň koronawirusa garşy özbaşdak göreşmäge synanşýandygyny aýdyp bileris. Hökümetiň gözegçiligindäki etraplarda koronawirusa ýoluganlaryň sany 45 adam. Idlibde bolsa oraz aýynyň başlamagy bilen metjitlerde tarawa namazlaryna bolan gatnaşygyň ýokarydygy görülýär. Ol Idlibde epidemiýanyň ýokdugyny aňlatmaýar. Idlibiň gür ilaty, dowam edýän çaknyşyklar we bosgun düşelgeleriniň köpdügi göz öňünde tutulanda howply şertleriň ýüze çykmagy gaty ähtimal. Siriýanyň Milli Goşunynyň gözegçilik edýän etraplarynda bolsa Türkiýäniň goldaw bermeginde epidemiýa garşy göreşmek üçin uly tagalla edilýär. Amerika tarapyndan goldanýan ÝPG/PÝD-niň gözegçiligindäki etraplarda bolsa hasaba alynanlaryň sany iňňän az görünýär. Belkem 10 ýyldan bäri içerki urşuň girdabyndan çykyp bilmeýän Siriýada korona epidemiýasyndan daşda bolmak ykbalyň sowgady bolsa gerek.

Iň bir dinamiki sebitlerinden biri epidemiýadan ozalam hem gyzgyn çaknyşyk nokady bolan Idlib. Idlib diňe bir çaknyşygyň dowam etmegi we ýaňadandan başlamagy taýdan däl, ýüze çykmagy ähtimal epidemiýanyň çaltlyk bilen ýaýrap, köp sanly adama ýokaşmagy taýdan howply. Türkiýäniň Russiýa bilen Moskwada gazanylan ylalaşykdan soň M4 we M5 gara ýollarynyň demirgazyk tarapynda harby güýjüni ardyrmaga dowam edendigi görülýär. Ol, koronadan soň täze bir eden etdiligiň öňüni almak üçin görülen çäre ýaly görünýän hem bolsa, resmi Ankara has berk çäreler görjege meňzeýär.

Beýleki tarapdan Türkiýe tarapyndan goldanýan Siriýanyň Milli Goşunynyň gözegçilik edýän etraplarynda terror guramasy PKK/ÝPG-niň hüjümleri dowam edýär. Esasanda “Parahatçylyk Çeşmesi” operasion zolagy atlandyryýan Rasulaýn bilen Tal Abýadyň arasyndaky zolaga geçmäge synanşýan ÝPG terrorçylary ýygy-ýygydan ýitgi çekýär. ÝPG şol etraplarda terror söweşini dowam etdirýär. Asuda ilata hüjüm edýär we şäheri howply görkezip, durnuklylygyň üpjün edilmegini bökdeýär. Afrinde bolsa PKK/ÝPG başgaça ýola ýüz tutana meňzeýär. 28-nji aprelde bomba ýüklenen ulag bile guralan hüjümden soň asuda ilatdan 50-den gowrak adam ýogaldy. Türkiýäniň gözegçilik edýän etraplarynda terror hüjümlerini dowam etdirýän terror guramasy PKK Siriýanyň demirgazyk etraplarynda agyr günleri başdan geçirýär. Eýsem şol etraplarda DAIŞ-iň soňky hepdelerdäki terror hüjümleriniň sany artýar. DAIŞ esasanda Siriýa we Yrak serhet ýakasynda uzap gidýän çöllük etraplarda gizlenip, terror hüjümlerini dowam etdirýär. Ol hem ABŞ-nyň öňbaşçylyk edýän hyzmatdaşlygynyň ÝPG-ä berýän kömegini artdyrmagyna sebäp bolýar. Korona epidemiýasynyň üstüni ýapýan Siriýanyň hökümeti bolsa uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýär. Nebitiň nyrhynyň aşaklamagy we dowam edýän sanksiýalar bolsa Russiýa bilen Eýrany ykdysady taýdan ejizletdi. Koronadan soň Siriýada täze bir tapgyr başlarmy, näbelli. Emma ähli taraplar korondan soň pozisiýalaryny özgertmeli bolsa gerek.

Liwiýada bolsa şertler agyrlaşýana meňzeýär. 22-nji martda BMG epidemiýa sebäpli hüjümleriň bes edilmegi üçin çagyryş beren hem bolsa, huntajy Haftar ylalaşygy bozup, hüjümlerini dowam etdirdi. Korona epidemiýasyna garşy göreşmekde kynçylyk çekýän Tripolide bilkastlaýyn ýagdaýda saglygy goraýyş desgalaryny nyşana aldy. Emma Milli Jebislik Hökümetine degişli Liwiýanyň Goşuny Birleşen Arap Emirlikleri tarapyndan goldanýan Haftaryň paýtagt Tripolini syndyrmagyna ýol bermedi. Hasam möhümi Haftar käbir esasy etraplardan yza çekilmeli boldy we agyr ýitgi çekdi. Emma Haftaryň henizem Tripoliniň günorta etrapçalarynda gözegçiligi elinden saklaýandygy görülýär. İslän netijesini alyp bilmedik Haftar täze bir strategik girişip, 28-nji aprelde merkezi Tobrukda ýerleşýän mejlisi bes edendigini yglan edip, özüni bütin Liwiýanyň döwlet ýolbaşçysy diýip, yglan etdi. Emma Moskwadan berilen beýannamada Haftaryň eden göçüminiň netije bermändigi görüldi. Rus Daşary işler ministri Lawrow Haftaryň şol synanşygyny “ýerlikli hasaplamaýandyklaryny” beýan etdi.  Bingaziniň halky we mejlisi hem mundan hoşal däldigi, täze bir Kaddafi islemeýändiklerini görkezýän aýratynlygy pes hem bolsa, garşy durdular. Netijede bolsa Haftar isleýänini alyp bilmedik, barha ejizleýän aktýor pozisiýasyna düşdi. Emma ol Liwiýada işleriň kadalydygyny aňlatmaýar. Korona, çaknyşyk, nebitiň nyrhy, zir-zibil meselesi, elektrik togunyň ýetmezçiligi ýaly kynçylyklar bilen Liwiýada jemgyýetiň garşylygy günsaýyn ortadan aýrylýar. Ol hem jemgyýetde biynjalyklygy gysga möhletde ýüze çykarjak basyş emele getirýär. Halkara ylalaşyklaryň göz öňünde tutýan meýilnamalaryndan hiç haýsysy iş ýüzüne geçirilmedi. Şol sebäpli hem Liwiýada şertler günsaýyn çylşyrymlaşýar.

Ýemen bolsa epidemiýadan ozal hem halkyň saglygy taýdan iň agyr şertlere eýe bolan çaknyşyk zolaklaryndan biridi. Häzirlikçe koronawirusa 1 adamyň ýolugandygy beýan edilen hem bolsa şertler kadaly däl. Saud Arabystanynyň birinji nobata koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi goýmagy Ýemendäki harby operasiýalary belli bir möhlet üçin hem bolsa bes etmegine sebäp boldy. Emma ol çaknyşyklaryň gutarandygy manysyny aňlatmaýar.



Degişli Habarlar