Koronawirus we Global Ulgamyň Geljegi

Hepdäniň Syny

1382795
Koronawirus we Global Ulgamyň Geljegi

Hepdäniň Syny 

Koronawirus we Global Ulgamyň Geljegi

Dekabr aýynda Hytaýyň Wuhan şäherinde ýüze çykan we üç aýlyk möhletde bütin dünýä ýaýran täze görnüş koronawirus epidemiýasy global ulgama agyr zarba urjak ýitgilere sebäp boljaga meňzeýär. Soňky 10 ýylda dünýä syýasatynda global derejede ýüze çykan wakalar başdan geçirildi. 11-nji sentýabr bilen bilelikde global ulgam howpsyzlyk çökgünligini başdan geçirdi. Soň DAIŞ-iň ýüze çykyp, ýaýbaňlanmagy bilen bolsa global häsýetli howpsyzlyk meselesi çuňlaşypdy. 2008-nji ýylda bolsa bütin dünýä global maliýe çökgünligine sezewar boldy. Aradan 10 ýylyň geçendigine garamazdan global ulgamda gowulanmanyň ýerine şertler agyrlaşmaga başlady. Eýsem soňky ýyllarda ABŞ bilen Hytaýyň arasynda başdan geçirilen söwda uruşlary global derejede ykdysady ulgama howp salan bolsa, täze bir global çökgünligiň ýüze çykjakdygy hakyndaky çaklamalar barha güýçlenipdi. Global derejede başdan geçirilen syýasy dartgynlyklar, aşa sagyň güýçlenmäge başlamagy, halkara guramalarynyň funksiýasyny ýitirmegi we Siriýa ýaly çuň meseleler global ulgamyň geljeginiň hem derňelmäge başlanmagyna sebäp boldy. Emma hiç kim bu meselelere global ulgama garaňky we näbelli geljegiň garaşýandygy jähtinden seljermändi. Ema korona epidemiýasy garaşylýanyndan we görünişinden has agyr agyr çökgünlige ünsi çekýär we global ulgamyň geljegini günsaýyn näbellileşdirýär.

SETA-nyň Howpsyzlyk Barlaglary boýunça Direktory Dosent dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Korona ähli zatda ozal adamyň howpsyzlygy bilen gönüden arabaglanşykly global saglyk meselesi. Adamyň howpsyzlygy 1980-nji ýyllardan bari dünýä syýasatynyň we dünýäniň howpsyzlygynyň esasy ugurlaryndan biri hökmünde seljerilipdi. Korona epidemiýasy adamyň howpsyzlygyndan we global jemgyýetçilik saglygyndan has agyr netijeleri ýüze çykarmaga başlady. İlkinji we esasy täsiri şübhesiz global ykdysadyýetde duýulýar. Hassalygyň haçana çenli dowam etjekdigi, haçan gözeçilik astyna alynjakdygy, adamyň saglygy taýdan ýetirjek ýitgisi we hassalygyň gaýtalanyp gaýtalanmajakdygy bilen bagly näbellilikler global ykdysadyýete eýýäm agyr ýitgiler çekdirdi.

Hytaýyň ösüş görkezijileriniň tersine öwrülmegi, Hytaýyň önümçiliginiň käbir pudaklarda durmagyň bäri ýanyna ýetmegi, İtaliýa, Fransiýa, Germaniýa we İspaniýa ýaly Ýewropanyň esasy ykdysady güýçleriniň korona sebäpli durma çägine ýetmegi, Amerika ýaly güýçleri hem herekete geçirdi. Amerikanyň Merkezi banky FED tarapyndan görülen 700 milliard dollarlyk ägirt uly çärä garamazdan bazarlar oňa oňyn reaksiýa bildirmedi. Halklara Pul Gaznasy ýaly global ykdysady guramalaryna baş geňeşdarlyk eden Kennet Rogoff dünýä ykdysadyýetiniň durnukly aşaklap, ressesiýa sezewar boljakdygyny öňe sürdi. Oksford Ylmy Barlag İnstituty bolsa daşary ýurtlara karzy bolan ösüp barýan ýurtlaryň karzlaryny tölemekden kynçylyk çekjekdigini beýan etdi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Merkezi banky seýrek ulanylýan pul ekspansiýasy syýasatyny alyp barar. Fransiýa bolsa 500 milliard ýewrolyk ägirt uly býujet bilen korona garşy göreşmek üçin serişde bölüp bermegi meýilleşdirýändigini habar berdi. Görülen çäreler bolsa ykdysadyýetdäki durgunlygyň öňüni almaýar. Reel bazarlar tas durdy diýsek ýalňyşmarys. Şeýle dowam eden halatynda global ykdysadyýetiň geljek 2 ýylyň dowamynda dikelmegi mümkin görünmeýär. Bu şertler global ykdysady çökgünligiň ýüze çykmagy bilen netijelenip biler we durnuksyz ykdysadyýetleri bolan ýurtlaryň bankrod bolmagy mümkin. Şeýlelikde korona epidemiýasynyň global ykdysadyýeti çökgünkige sezewar etmeginden has agyry, taryhy çykgynsyzlyga sezewar edip, global ykdysadyýetde konstruktiw şertleriň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler.

Korona epidemiýasynyň global ulgamyny gyzyklandyrýan ikinji tarapy bolsa, global howpsyzlyk. Türkiýäniň hökümetiniň beýan edişi ýaly “mesele global, emma göreş milli”. Bu, ähli ýurtlary ilkinji nobatda özlerini halas etmegi ileri tutýan göreş usulyny kabul etmäge gönükdirýär. Her bir ýurt netijede özüni we raýatlaryny halas etmek üçin iş alyp barýar. Hytaý, Italiýa, Fransiýa, ABŞ, Ispaniýa we Ýewropanyň ençeme ýurdy, iňňän berk çäreler görmäge başladylar. Türkiýe hem başyndan bäri iň berk çäreleri gören ýurtlaryň hatarynda. Ähli ýurtlar birek-birek bolan howa gatnawlaryny tas bes etdiler. Fransiýa ähli guryýer gümrük geçelgelerini ýapandygyny beýan etdi. Britaniýa bolsa Ýewropadan we dünýäden başgaça strategiýa alyp barýar. Emma gelip gowuşan habarlar iňlis halkynda panika şertleriniň günsaýyn artýandygyny görkezýär. Beýleki tarapdan Fransiýada ýerli saulawyň ikinji tapgyry yza süýşürildi. İspaniýa hususy hassahanalaryň dolanşygynyň döwletiň gözegçiligine geçendigini habar berdi. Gollandiýada 1973-nji ýyldaky nebit çökgünliginden soň ilkinji gezek premýer ministri halka ýüzlenip çykyş etdi. ABŞ-da wirusdan ýitgi çeken ýerlerde şahsy ýaraglanyş ýaýbaňlanýar. Şeýle dowam eden halatynda panika şertleri ilki çuň milli howpsyzlyk meseleleriniň ýüze çykmagyna, soň bolsa döwletiň içinde we döwletlerara dartgynlyklara sebäp bolmagy ähtimal.

Koronawirus epidemiýasy global ykdysadyýet we global howpsyzlyk ýaly iki ulgamlaýyn sütüne agyr zarba urdy. Bu iki sütün global ulgamyň geljeginiň nähili şekillenjekdigine gönüden täsir ýetirse gerek. Mundan soň ýüze çykjak şertler ähli taraplar üçin çydamlylyk tapgyryna öwrüljege meňzeýär. Birinji çydamlylyk şahsy çäkde ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň üsti bilen amala aşar. Güýçli ykdysadyýetler epidemiýa garşy görüljek çäreler üçin serişde kynçylygyny çekmezler, emma global ykdysadyýetde ýüze çykjak durnuksyzlar netijede güýçli ykdysadyýetlere has agyr täsir ýetirer. Ejiz ykdysadyýetleriň bolsa onsuz hem ýitirjek zady galmaz. İkinji çydamlylyk synagy bolsa jemgyýetçilik we şahsy psihikalar arkaly amala aşyrar. Aljyran adamlaryň sany köpeldigi saýyn jemgyýetçilik psihiki aljyraňlylyk ýüze çykar we syýasy haosa sebäp boljak netijeleri ýüze çykarar. Şol sebäpli jemgyýetçilik çydamlylygy güýçli bolan jemgyýetler bu tapgyrdan az ýitgi bilen çykarlar. Üçünji synag bolsa döwlet çydamlylygy arkaly amala aşar. Konstruktiw, standart proseduralare eýe bolan we karar kabul ediş mehanizmleri güýçli bolan döwletler bu tapgyrdan az ýitgi bilen çykarlar. Ejiz bolan döwletler bolsa hasam ejizlärler; belkem ukypsyz döwletlere öwrülerler.

Epidemiýa gutarandan soň soňunda global harabalyk galsa gerek. Şol harabalygyň täze bir global ulgam döretmek üçin nähili şert emele getirjekdigini ählimiz göreris.

 



Degişli Habarlar