Nebit Söweşi

Hepdäniň syny

1378172
Nebit Söweşi

 

Nebit Söweşi

“OPEK Plus” atlandyrylýan OPEK-iň agzalary bilen Russiýadan emele gelýän “ad hoj” düzümi uzak möhletden bäri isleg-üpjünçilik balansyny kadalaşdyryp, nebitiň nyrhynyň kadaly bolmagyny ýola goýmaga synanşýardy. Esasanda ABŞ-nyň gaýa nebitini öndürijileri önümçiligi ýokarlandyrdygy saýyn “OPEK Plusyň” agzalarynyň bazardaky paýlaryny ýitirmek bilen nyrhyň durnuklylygynyň arasynda galandygy görülen hem bolsa, hyzmatdaşlygy haýsam bolsa bir gönüşde dowam etdirmegiň hötdesinden gelipdi. Emma koronawirusyň emele getiren şertleriniň bütin ýurtlara zyýan ýetirmäge başlan günlerinde global ykdysadyýetiň çökgünlige girmäge başlandygy we täze bir ressesiýa tapgyryna sebäp bolma ähtimallygy görünendigi üçin nebit bazarynda islegiň azalmagyna sebäp bolundy we “OPEK Plusyň” agzalary bolsa bar bolan hyzmatdaşlygy dowam etdirmek beýlede dursun, Saud Arabystanynyň we Russiýanyň başda durmagynda sözüň doly manysynda göreşe tutluşdylar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öweniji alymy Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Hytaýyň Uhan şäherinde ýüze çykyp, bütin dünýä ýaýran koronawirus emele getiren global saglyk howpynyň ýany bilen dünýä ykdysadyýetine hem agyr zarba urmaga başlady. Hytaýyň başda durmagynda köp sanly ösen ýurda-da ýaramaz täsir ýetirmäge başlan wirus sebäpli önümçilik ýokary depginde azalmaga başlan bolsa, karantina alynan adamlar sarp ediş çykdajylaryny hem çäklendirmäge başladylar. Bu şertlerde tebigy ýagdaýda nebitiň başda durmagynda ähli gymmat bahaly serişdeleriň sarp edilişini hem çaltlyk bilen azaltmaga başlady. Halkara Pul Gaznasy we beýleki halkara maliýe guramalary bilen banklaryň berýän analizlerinde global ressesiýanyň emele gelme ähtimallygy ýokary. Şol çäkde nebite bolan islegiň 2020-nji ýylyň dowamynda iňňän azaljakdygy çaklanylýar. Bütindünýä Energetika Gullugynyň çaklamasy nebite bolan islegiň günde azyndan 3-4 million barrell azaljakdygy dogursynda.

Nebit bazarynda islegde şeýle aşaklamalaryň bolmagyna garaşylýan bolsa, uzak möhletden bäri ABŞ-nyň gaýa nebiti önümçiligi artmaga dowam edýär. ABŞ günlük 12-13 million barrel nebit öndürmäge başlady. Ösýän gaýa nebiti we tebigy gazy pudagy boýunça tehnologiýalar hem önümçiligiň düşýän gymmatyny aşakladýar. İsleg we üpjünçilik bilen bagly täsirler Saud Arabystanynyň we Russiýanyň başda durmagynda adaty öndürijiler taýdan uly howp emele getirdi.

Saud Arabystany “OPEK Plus” ylalaşygynyň dowam etmegini, hat-da 1,5 million barrel goşmaça çäklendirmegi bilen önümçiligiň azaldylmagyny isledi. Russiýa bolsa üpjünçiligi azaltmagyň ABŞ ýaly bäsdeşler üçin bähbitli boljakdygyny we bazar paýynyň gün saýyn azalýandygyny görüp, täze bir ylalaşyga ýakyn durmady. OPEK-iň Wenada geçirilen ýokary derejeli maslahaty netijesiz gutarandan soň gylyçlar syýryldy. Hem Russiýa hem Saud Arabystany önümçiligi ýokarlandyryp, bazardaky paýlaryny artdyrmak üçin iş alyp barjakdyklaryny beýan etdiler. Bu şert nebitiň nyrhynyň birdenkä 30 göterime barabar aşaklamagyna sebäp boldy. Degişli hünärmenler nebitiň nyrhynyň 50 dollara çenli aşaklap biljekdigi çaklanýar. Şol sanlar bilen nebit öndüriji ýurtlaryň uly ykdysady çökgünlige sezewar boljakdygyny aýtmak ýalňyş bolmasa gerek.



Degişli Habarlar