Edirnede ýerleşýän Saglygy goraýyş muzeýiniň ýokary üpjünçilikli bejeriş merkezidigini bilýäňizmi?

Giňdir dünýe-Geňdir dünýe

1369092
Edirnede ýerleşýän Saglygy goraýyş muzeýiniň ýokary üpjünçilikli bejeriş merkezidigini bilýäňizmi?

Edirnede ýerleşýän Saglygy goraýyş muzeýiniň Soltan Baýezyd II buýrugy boýunça 1488-nji ýylda açylan we döwrüň iň ýokary üpjünçilikli bejeriş merkezidigini bilýäňizmi?

Soltan Baýezyd II 1484-nji ýylda Edirnede “dertlerine şypa gözleýänler üçin” şypahana gurulmagyny isleýär. Patyşanyň permanyna laýyklykda wagt ýitirmezden gurluşyk işlerine girişen Binagär Haýrettin şol monumentiň binagäri hökmünde taryha geçýär.

Gurlan döwründe Osman döwletiniň iň ýokary üpjünçilikli hassahanalaryndan biri bolan şypahana, 1488-nji ýyldan 1877-nji ýyla çenli hassalaryň derdine şypa tapan iň esasy merkezlerden biri bolýar. Resminalaryndaky maglumatlara görä hassahanada göz lukmany hem bar ekeni. Wagtyň geçmegi bilen şypahana akyl-huşuny ýitiren hassalar üçin ýöriteleşdirilýär we hassalaryn döwrüň lukmançylyk usullarynyň we dermanlaryň ýany bilen suwuň sesi, saz, hoşboý yslar ýaly dürli usulyýetlere laýyklykda bejerilipdir. 1850-nji ýyllardan başlap merkez öz aýratynlygyny ýitirýär. 1896-1910-njy ýyllaryň aralygynda abatlanýar we 1916-njy ýyla çenli akyl-huş hassalaryna bejergi edilýär. 1993-nji ýylda Şypahananyň Frakiýa uniwersitetiniň çäginde Saglygy goraýyş muzeýine öwrülmegi üçin işe girişilýär. 2000-nji ýylda tamamlanan muzeý 2004-nji ýylda  “Ýewropanyň iň gowy muzeýi” baýragyna laýyk görülýär.



Degişli Habarlar