Saz bilen hassa bejermegiň taryhda lukmançylyk ýaly geçmişe eýedigini bilýäňizmi?

Giňdir dünýe-Geňdir dünýe

1364321
Saz bilen hassa bejermegiň taryhda lukmançylyk ýaly geçmişe eýedigini  bilýäňizmi?

 

Giňdir dünýe-Geňdir dünýe 

 

Saz bilen hassa bejermegiň taryhda lukmançylyk ýaly geçmişe eýedigini we Orta Aziýada, soňam Anadolyda gurlan eneçeme türk swilizasiýasynda şol bejeriş usulynyň peýdalanylandygyny bilýäňizmi?

Gadymy grek medeniýetinde saz ähli ärdemiň gözbaşy hökmünde kabul edilýär we ruhuň terbiýelenmegi we saplanmagy üçin peýdalanylar ekeni.

Türk-yslam dünýäsindäki sazly terapeýa işleri we esasanda hassahanalarda sazdan peýdalanylýan bejergi usullary 9-njy asyrlarda özleşdirilipdir we wagtyň geçmegi bilen kämilleşdirlipdir. Günabatarda akyl-huş hassalarynyň keselli hökmünde kabul edilmän, olaryň gynalan döwründe türkler olary hassa hökmünde kabul edip; ruh saglygyna, ruh hassalaryna we bejergilerine uly ähmiýet beripdir. İbin Sina akyl-huş hassalygyny saz arkaly bejeripdir, onuň tejribeleri Osman döwründe-de dowam edipdir.

Saz bilen bejergi biziň döwrümizde-de ulanylýan usullardan biri. Depressiýa, stres, gaharjaňlyk, patika, ukysyzlyk, ünssizlik, kelle, boýun, bil, myşsa we bogun agyrylary, süýji, giperaktiwlik, öwreniş kynçylygy ýaly meseleleriň çözgüdinde sazly terapeýa kömekçi bejergi hökmünde peýdalanylýar.


Etiketkalar: #bejergi , #hassa , #saz

Degişli Habarlar