Orta Aziýa-ABŞ “J5+1” formatyndaky ministrleriň maslahaty we ABŞ-nyň Orta Aziýa syýasaty

Ýewraziýa Syn 08

1364325
Orta Aziýa-ABŞ “J5+1” formatyndaky ministrleriň maslahaty we ABŞ-nyň Orta Aziýa syýasaty

 

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Orta Aziýa-ABŞ “J5+1” formatyndaky ministrleriň maslahaty we ABŞ-nyň Orta Aziýa syýasaty barada durup geçmekçi.

2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “J5+1” formatyndaky ministrleriň maslahaty geiçrildi. 2015-nji ýyldan bäri geçirilýän maslahata ABŞ-nyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň daşary işler ministrleri gatnaşdylar. Maslahatda ABŞ-nyň Orta Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary, energetika, sebitleýin howpsyzlyk, halkara terrorizme we radikalizme garşy göreş, serhet howpsyzlygy, Owganystan meselesi boýunça pikir alyşyldy. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurda guran saparynyň çäginde ABŞ-nyň döwlet Sekretary Maýk Pompeony kabul etdi.

Maýk Pompeonyň sebite guran saparynyň yz ýanyndan ABŞ-nyň 2019-2025-nji ýyllaryň aralygyndaky döwür üçin täze Merkezi Aziýa strategiýasy çap edildi. Strategiýa görä, ABŞ sebit ýurtlarynyň has garaşsyz, demokratiýalaşan ýurtlar bolmagyny arzuw edýär. Howpsyzlyk we ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi hem strategiýada ileri tutulýan ugurlar bolup durýar. ABŞ Owganystandaky jogapkärçiligini ýeňletmek üçin Orta Aziýa ýurtlaryny meselä degişli etmek isleýär. Hytaýa we Russiýa ýakyn bolmak üçin Türkistanyň strategik ýerleşişi resmi Waşington üçin möhüm ähmiýete eýe. Mälim bolşy ýaly Russiýanyň we Hytaýyň güýji hem-de pozisiýasy ABŞ üçin esasy howp hökmünde kabul edilýär.

ABŞ-nyň NATO arkaly sebit ýurtlary bilen howpsyzlyk gatnaşyklaryny ösdürýär. Resmi Waşingtonyň sebitde raýat jemgyýetini güýçlendirmek ugrundaky tagallalary ähli ýurtda islenen çäge ýetmedi. Amerikan hökümeti ýene-de demokratiýany ösdürmek, daşarky gurşaw meseleleriniň öňüni almak ugurlarynda sebit ýurtlaryna berýän goldawyny dowam etdirýär.

Soňky döwürde ABŞ-nyň sebitde ýerleşýän ýurtlardan Gazagystan we Özbegistan bilen ýakyndan işleşmek isleýändigi görülýär. Adybir ýurtlar sebitiň güýçli ýurtlary. Türkmenistanyň bitarap döwlet derejesi, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň howpsyzlyk meselesinde Russiýanyň, ykdysady taýdan Hytaýyň täsirinde galmagy ABŞ-nyň Gazagystana we Özbegistana ýakyn durmagyna sebäp bolýar. Şol sebäpli Maýk Pompeo ilki Gazagystana bardy, Nur-Soltandaky we Daşkentäki beýanatlarynda Amerikan firmalarynyň şol  ýurtlarda alyp barýan işlerine ünsi çekdi. Aýratynam Hytaýyň esasy meselelerinden biri bolan Şingianga ýakyn pozisiýa eýelemek üçin ABŞ sebit ýurtlary bilen, esasanda Gazagystan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmeli.

Şawkat Mirziýoýewiň häkimiýet başyna geçmeginden soň Özbegistanda bolup geçýän özgerlişikleri öz bähbidine gönükdirmek üçin ABŞ soňky ýyllarda resmi Daşkent bilen ýakyn işleşmäge ünsli çemeleşýär. Maýk Pompeo soňky gezek koronawirusa garşy göreşde Özbegistana kömek berjekdiklerini beýan etdi. ABŞ-nyň Özbegistandaky İlçisi Daniel Rosenblum bolsa Özbegistana goýulan we Sowuk uruş döwrüniň netijesi bolan Jekson-Wanik kanunynyň indi öz ähmiýetini ýitirendigini beýan etdi. ABŞ Özbegistanyň Ýewraziýa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Bileleşigine däl, eýsem Bütindünýä söwda guramasyna agza bolmagy ugrunda tagalla edýär.

Amerikan hökümeti hem Owganystan meselesiniň çözülmegi, hem global bäsdeşlerine garşy pozisiýasyny berkitmek üçin Orta Aziýadaky täsirini güýçlendirmeli bolar. Russiýanyň we Hytaýyň sebitdäki pozisiýasy ABŞ-nyň Orta Aziýadaky pozisiýasyny gowşadýan esasy faktorlar bolup durýar. Beýleki tarapdan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza bolan Hindistan we Pakistan hem sebitdäki pozisiýasyny güýçlendirmek ugrundaky ýokary tagalla edýär.

Sowet Soýuzy dargandan soň Türkiýe Türkistan sebitindäki doganlyk döwletleri goldap, olara iň uyly kömegi bermäge synanşdy. ýetilen sepgitde Türkiýäniň sebit ýurtlary bilen gatnaşyklary ýokary derejede. ABŞ Orta Aziýada pozisiýasyny güýçlendirmek üçin Türkiýäniň goldawyny almaly bolar.



Degişli Habarlar