Idlibde Hökümete we Hyzmatdaşlara Parahatçylyk Üçin Basyş Etmek

SETA-nyň Daşary syýasaty öwrenijisi Jan Ajunyň tema boýunça syny...

1360068
Idlibde Hökümete we Hyzmatdaşlara Parahatçylyk Üçin Basyş Etmek

 

Siriýanyň hökümetine degişli güýçler bilen Russiýanyň we Eýranyň günsaýyn güýçlenýän goldawy bilen bilelikde Astana tapgyrynyň tersine Idlibdäki hüjümlerini dowam etdirýär. Strategik M4-M5 gara ýolunyň gözegçiligini ele almak üçin öňe barýan hökümete degişli güýçler Sarakibden Al Eýs etrapçasyna çenli bolan ýerleri alan bolsa, soňky bir ýylda sebitden tas 1,5 million adam başga ýerlere göçmeli boldy. Idlibe garşy giň gerimli harby operasiýa hökümetiň we onuň ýaranlarynyň indi syýasy çözgüt däl, harby ýeňiş ugrunda tagalla edýändigini görkezýän bolsa, Türkiýe eden harby göçümleri bilen oňa ýol bermejekdigini görkezdi.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwrenijisi Jan Ajunyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Hökümete degişli güýçler soňky 2 hepdeden bäri Idlibdäki hüjümlerini güýçlendirýän bolsa, gury ýerden Eýrana tabynlykdaky şaýy partizanlar, howadan bolsa Russiýanyň goldaw bermeginde oppozisionerlere tarap süýşmäge dowam etdirýär. Idlibiň iň uly şäherçesi bolan Maarat Al Numanyň alynmagyndan soň demirgazyga gönügip, M4-M5 gara ýollaryny birikdirýän strategik ähmiýetli Sarakibi hem aldylar. Ýüzlerçe müň adam hüjüm edilýän ýerlerden Türkiýe serhedine tarap gaçmaga başlady. Türikiýe bu şertlerde Idlibde düýpli harby bölünşik edip, hökümete degişli güýçlere garşy ultimatum bermäge mejbur boldy. Emma hökümetiň gönüden Sarakib we Taftanaz ýaly ýerlerde türk esgerlerine hüjüm etmegi sebäpli Türkiýe Siriýadaky içerki uruşdan bäri ilkinji gezek hökümete degişli güýçlere uly garşylyk görkezmeli boldy. Prezident Erdogan möhlet belläp, “Eger fewral aýynyň ahyryna çenli hökümete degişli güýçler Soçi ylalaşygynyň serhetleriniň daşyna çekilmän halatynda, biz harby taýdan operasiýa gurap, hökümeti çykararys” diýdi.

Prezident Erdoganyň degişli beýanatlary we Türk ýaragly güýçleriniň Idlibiň içinde uly göwrümli harby güýç getirmegi Türkiýäniň sebit boýunça pozisiýasynyň üýtgändigini we indi täze tapgyra geçendigimizi görkezýär. Türkiýe entegem Russiýa bilen ylalaşyp, hökümetiň Soçi ylalaşygynyň serhetleriniň daşyna çekilmegini isleýar. Emma eger ol bolman halatynda-onuň iş ýüzüne geçme ähtimallygy pes ýaly görünýär-Türkiýe we oppozision güýçler hökümeti Türkiýäniň 12 gözegçilik nokadynyň has aňyrsyna serpikdirjek harby operasiýany başlatjaga meňzeýär.

Hökümetiň ýany bilen Russiýanyň soňky döwürde Siriýada edýän göçümleri Türkiýäniň milli bähbitlerine zyýan ýetirýär. Russiýanyň Türkiýäniň hyzmatdaş hökmünde ähmiýetine düşünmeginiň wagty ýetdi. Türkiýäniň harby çözgüdiň düşýän gymmatyny ýokarlandyrmagy, parahatçylygyň ähmiýetine göz ýetirilmegi we Russiýa tarapynyň oňa düşünmegi taýdan möhüm bolup durýar.

SETA-nyň Daşary syýasaty öwrenijisi Jan Ajunyň Idlib temasy boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.


Etiketkalar: #Soçi , #Eýran , #Russiýa , #Idlib

Degişli Habarlar