Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdoganyň Ukraina sapary

Ýewraziýa Syn

1359927
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdoganyň Ukraina sapary

 

 

Tapgyrlaýyn gepleşigimiziň bu sanynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T.Erdoganyň Ukraina saparyna ser salmak isleýäris.

Prezident R.T.Erdogan 2020-nji ýylyň 3-nji fewralynda Ukraina bir günlük sapar gurady. Bilşiňiz ýaly Türkiýe-Ukraina diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylyň 3-nji fewralynda açylypdy. Türkiýäniň Prezidenti Kiýewde resmi dabara bilen garşylandy. Iki ýurduň liderleri özara duşuşyk geçirdiler. Soň Türkiýe-Ukraina Ýokary derejeli strategik Geňeşiň 8-nji mejlisi geçirildi. Taraplaryň arasynda 7 ylalaşyga gol goýuldy. Şeýle-de Prezident Erdoganyň gatnaşmagynda Ukraina-Türkiýe Işewürler Maslahaty geçirildi.

Iki ýurduň gatnaşyklary strategik hasýetlendirilýär. Hakykatdan hem soňky ýyllarda özara gatnaşyklaryň dürli ugurlarda ösýändigini aýtmak ýerlikli bolar. Howpsyzlyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk Türkiýe-Ukraina gatnaşyklaryny täze bir tapgyra göterýär. Şol çäkde Ukrainanyň Türkiýedäki Ilçisi Abdreý Sibiga Türkiýäniň Ukrainanyň harby goşunlarynyň islegleri, esasanda ýarag aluwy üçin 200 million türk lirasy maliýe kömegini berjekdigini beýan etdi. Türkiýe Ukrainanyň Antonow-178 uçary bilen ýakyndan gyzyklanýar. Türkiýäniň Goranmak ministri terrorçylyga garşy göreşiň ýany bilen howpsyzlyk pudagyndaky özara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin mart aýynda Ukraina resmi sapar eder. Howpsyzlyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki ýurt üçin hem bähbitli bolar.

Iki ýurtda iş ýüzüne geçirilen şahsy resminama bilen syýahat etme mümkinçiligi hem öz netijelerini bermäge başlady. Geçen ýyl Ukrainadan Türkiýä 1,5 million syýahatçy geldi. Şol san mundan bäş ýyl ozalam 700 müňe golaýdy.

Saglyk syýahatçylygy pudagynda-da Türkiýe ukrainalylaryň ýygydan saýlap alýan ýurtlaryndan birine öwrüldi. Saparyň dowamynda gol goýulan sürüji şahadatnamalarynyň iki taraply ykrar edilmegi hakyndaky ylalaşyk bolsa şahsy we maşgala hökmünde gezelenç etjekler üçin uly ýeňillik döreder, ýagny syýahatçylygyň ösmegine goşant goşar. Şonuň bilen bilelikde syýahatçylyk pudagynda özara hyzmatdaşlyk potensialynyň has uludygyny aýtmak ýerlikli bolar.

Kiýewdäki işewürler maslahatynda erkin söwda ylalaşygyna üstümizdäki ýylyň dowamynda goýuljakdygy beýan edildi. Erkin söwda ylalaşygy iş ýüzüne geçirilen halatynda iki ýurduň gatnaşyklarynyň täze bir derejä göteriljekdigi, göz öňünde tutulýan 10 milliard dollarlyk söwda mukdaryna ýeňillik bilen ýetiljekdigi görülýär. Häzirlikçe iki ýurduň söwda mukdary 4 milliard dollara barabar. Bahar aýlarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkiýe-Ukraina Söwda we Ykdysady Hyzmatdaşlyk toparynyň maslahatynda bu meselede täze çözgütleriň kabul edilmegine garaşylýar.

Kiýewde Ukrainanyň TANAP arkaly Hazar tebigy gazyny almagy gün tertebine geldi. Bu mesele ähli taraplar üçin bähbitlidir. Ozal Türkiýe rus tebigy gazyny Ukrainanyň üstaşyr alýan bolsa, indi Ukraina Hazar tebigy gazyny Türkiýäniň üstaşyr alar.

Prezident Erdogan Ukrainada Krym tatarlary, gagawuzlar we mesheti türkleri bilen özara duşuşyklar geçirdi. Ukrainadaky türki halklaryň wekilleri Türkiýäniň Ukraina bilen gatnaşyklarynyň ösmegini kepillendiriji pozisiýa eýedirler. TIKA-nyň olar bilen bagly maksatnamalary özara gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşar.

Prezident Erdoganyň Kiýewde Ukrainanyň territorial bitewiligi boýunça Türkiýäniň pozisiýasyny ýene-de bir gezek beýan etmegi we resmi garşylaýyş dabarasynda aýdan “Slama Ukraine” sözi Russiýany deňagramlaşdyrmak taýdan iňňän möhüm. Türkiýäniň Ukraina bilen bilelikde Krym tatarlary üçin ýaşaýyş jaýyny gurjakdygynyň beýan edilmegi, Ukrainanyň Prawoslaw buthanasynyň Moskwadan garaşsyz bolmagynda eýelän pozisiýasy Ankaranyň deňagramly syýasat alyp barýandygyny görkezýär. Türkiýe Russiýada tussaglykdaky Ukraina raýatlarynyň boşadylmagy üçin töwellaçy bolar.

Jemläp aýdanymyzda Prezident Erdogynyň Ukraina sapary netijeli geçdi. Ukraina bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi Türkiýäniň Gara deňizde we umuman demirgazygynda güýçli pozisiýa eýelemegi taýdan möhüm.



Degişli Habarlar