ABŞ-nyň Ýewraziýa syýasaty

Ýewraziýa syn

ABŞ-nyň Ýewraziýa syýasaty

Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň bu günki sanynda ABŞ-nyň Ýewraziýa syýasaty hakynda maglumat bermekçi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo 2020-njy ýylyň ýanwar aýynyň 31-i bilen fewral aýynyň 3-i aralygynda Ukrainada, Belarusda, Gazagystanda we Özbegistanda saparda boldy. Soňky döwürde ABŞ-nyň Ýewraziýadan çekilendigi aýdylýardy, emma Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň sapary munyň beýle bolmandygyny görkezýär. Geliň ilki ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň guran saparyna ser salalyň.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo saparyna Ukrainadan başlady. Bilşiňiz ýaly Ukraina, Russiýa bilen göreşinde ABŞ-dan we ÝB-den goldaw alýar. Emma Ukraina-Amerika gatnaşyklarynyň soňky döwürde kadaly ýagdaýda ösýändigi aýdylyp bilinmez. Strategik hökmünde beýan edilen özara gatnaşyklara garamazdan ABŞ Ukraina täze ilçi bellemedi. ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň Ukraina boýunça ýörite wekili wezipesi hem boş dur. ABŞ-da Prezident Donald Trampyň wezipesinden çetleşdirilmegi etabynda Ukrainanyň adynyň agzalýandygy sebäpli geçen ýyl Ukrainanyň Prezidentligine saýlanan Zelenskiý heniz ABŞ-na sapar guramady. Bu mesele boýunça taraplaryň arasynda gepleşikler geçirilýär. Bu onaýsyz wakalara garamazdan özara gatnaşyklaryň dowam etjekdigi we ABŞ-nyň alyp barýan Ýewraziýa syýasatynda Ukrainanyň özboluşly ýeriniň bardygy aýdylyp bilner.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Ukrainadan soň 1-nji fewralda Belarusa bardy. Russiýa bilen bitewileşme we energetika meselesinde ylalaşyp bilmeýän Belarus 26 ýyl soň ABŞ-nyň Döwlet sekretaryny myhman aldy. Saparyň öňüsyrasynda Aleksandr Lukaşenko Russiýanyň ýerine energiýa serişdelerine bolan isleglerini ABŞ-dan kanagatlandyrjakdyklaryny aýdypdy. ABŞ hem Lukaşenkonyň beýanatyndan soň wiza çäklendirmesi goýuljak ýurtlaryň sanawyndan Belarusa çykardy. Lukaşenko-Pompeo duşuşygynda ABŞ-nyň Belurusda täze ilçihana gurmagy, 2008-nji ýyldan bäri boş bolan ilçileriň gysga wagtda bellenmegi, nebit eksporty ýaly meseleler seljerildi. Sapar özara gatnaşyklaryň gysga wagtda adaty ýagdaýa gelmegine itergi berip biler.

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo 2-nji fewralda Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda Gazagystanyň liderleri bilen duşuşdy. Pompeonyň saparynyň gün tertibinde amerikaly firmalaryň Gazagystanda durmuşa geçirýän işleri, özara ykdysady gatnaşyklar we Hytaýyň alyp barýan azlyklar syýasaty esasy orun eýeledi. Maýk Pompeo Nur-Sultanda Hytaýdan gelen gazak aktiwistler bilen hem duşuşdy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo 3-nji fewralda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde özbek ýolbaşçylary bilen duşuşdy we J5+1 ýurtlaryň maslahatyna gatnaşdy.

J5+1 ýurtlaryň maslahaty hakynda gepleşigimiziň indiki sanlarynda maglumat bermekçi.

2018-nji ýylyň görkezijilerine görä, ABŞ-nyň Ukraina bilen edýän söwda mukdary 4 milliard, Gazagystan bilen 2,1 milliard, Belarus bilen 500 million, Özbegistan bilen edýän söwda mukdary hem 300 million dollar barabar.

ABŞ taýdan şol ýurtlar Russiýa bilen Hytaýa garşy göçüm we olara ýakyn bolmak taýdan hem uly ähmiýete eýe. Russiýany gabaw astyna almak taýdan şol ýurtlar bilen edilýän gatnaşyklar diýseň möhüm. Mälim bolşy ýaly ABŞ 29-njy ýanwarda Russiýa täze sanksiýa goýdy. Sebitde ýerleşýän ýurtlar taýdan hem Krymyň anneksiýasyndan soň Russiýany deňagramly ýagdaýa getirjek güýç hökmünde ABŞ bilen edýän gatnaşyklary diýseň möhüm.

Türkiýe Ýewraziýanyň esasy ýurtlary bolan Ukraina, Belarus, Özbegistan we Gazagystan bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmek bilen sebitdäki täsirini has-da güýçlendirýär. Prezident Erdoganyň üstümizdäki ýyl Ukraina we Belarusa sapar guramagy, Özbegisanyň we Gazagystanyň liderlerini hem Türkiýede myhman almagy diýseň möhüm.



Degişli Habarlar