Idlibde Adamzat krizisi

Hepdäniň Syny 05

Idlibde Adamzat krizisi

Hepdäniň Syny atly gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa SETA-nyň Daşary syýasat boýunça hünärmeni Jan Ajunyň Idlibde Adamzat krizisi temaly synynyň üstünde durup geçmekçi.   

Eziz Ildeşler. Asada tabynlykdaky güýçler, Russiýanyň we Eýranyň goldaw bermeginde eýýäm ençeme wagt bäri Idlibe hüjüm etmäge dowam edýär. Diňe soňky 2 aýlyk döwürde 200 müňden gowrak adam öz ýaşaýan ýerlerini terk eden bolsa, müňlerçe adam ýa ýogaldy ýa-da ýaralandy. Asada tabynlykdaky güýçler diňe harby nyşanalary däl, eýsem asuda ilaty hem nyşana alyp, sebiti ilki bilen adamlardan saplaýar, soň bolsa basyp alýar. Siriýaly oppozisionerler üçin soňky gala ýagdaýynda bolan Idlibde aglabasy ýerlerinden göçürilen, kyn şertlerde ýaşaýan 4 milliona golaý adam ýaşaýan bolsa, Türkiýe bolsa ähli güýji bilen bu ýerdäki adamzat krizisine böwet bolmaga çalyşýar.

Indi bolsa SETA-nyň Daşary syýasat boýunça hünärmeni Jan Ajunyň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny siziň dykgatyňyza ýetirmekçi.

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda gol çekilen Soçi ylalaşygyna garamazdan Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibe garşy hüjümleri arakesmeler bilen dowam etdi, ondan soň bolsa Ruslaryň howa hüjümleriniň başlamagy bilen birlikde Idlib ýaňadandan çaknyşyklaryň merkezine öwrüldi. Asada tabynlykdaky güýçler 2019-njy ýylyň aprel aýynda başladan hüjümlerinden soň Hamanyň demirgazygynda öňe gidişlikler etdi, bu etap bols Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Morekdäki gözegçilik nokadynyň çaknyşyklaryň ortasynda galmagy we Han Şeýhun etrapçasynyň oppozisonerler tarapyndan elden giderilmegi bilen netijelendi.

Bu etapdan başlap dowam eden hüjümleriň we Russiýanyň howa hüjümleriniň netijesinde  ýüz müňlerçe adam öz ýerlerinden başga ýerlere göçmäge başlady. Idlibiň töwereginde ähli hüjümler bilen birlikde öz ýerlerinden göçmäge mejbur bolan adamlaryň sanynyň 1,6 million adama golaýlandygy mälim edildi.

Munyň bolsa 322 million dollarlyk maddy zyýanynyň bardygy habar berilýär. Soňky wagtlarda guralan hüjümleriň netijesinde bolsa Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Surman diýilen ýerindäki gözegçilik bazasy hem Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan daşy gabalan ýagdaýdadyr.

2019-njy ýylyň dekabr aýynda guralan hüjümleriň netijesinde bolsa takmynan 400 müň adamyň Türkiýäniň serhediniň golaýyna gelendigi habar berildi. Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibiň günorta-gündogaryna we Halapyň günbataryna guran soňky hüjümleri bilen M5 ýolunyň gözegçiligini ele geçirmegi maksat edinýär, şonuň bilen baglylykda Maarat El Numan şäherini bolsa basyp aldy. Russiýanyň we Asada tabynlykdaky güýçleriň gysga möhletli meýilnamalary M4 we M5 ýollarynyň gözegçiligini ele geçirmekden we Idlib şäheriniň merkezini bolsa gury ýerden bombalamak üçin golaýynda pozisiýa eýelemekden ybaratdyr diýip çak edilýär.

Ähli bu zatlara bilen birlikde Russiýa, Eýran we Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibe guraýan hüjümleriniň beýleki bir maksady bolsa asuda halkyň ýaşaýan ýerlerini ýok edip, sebitiň halkyny başga ýerlere göçmäge mejbur etmek we şondan soň Siriýada arkaýyn ýagdaýda dolandyryp boljak bir demografiýa eýe bolmakdyr. Şol sebäpli asuda halk ýa başga ýerlere göçmäge mejbur edilýär ýa-da öldürilýär. Idlibiň oppozisionerleri we ýaragly toparlary öz içinde saklýan bolmagy hem ýene-de bir sebäp bolup biler. Türkiýe bolsa 12 gözegçilik nokady bilen Asada tabynlykdaky güýçlere we hyzmatdaşlaryna garşy Idlibdäki adamzat krizisine böwet bolup bilmesede, azyndan diňdirmäge synanyşýar. Türkiýe bir tarapdan Russiýa garşy syýasy we diplomatik täsirini ulanmagyň gözleginde, beýleki bir tarapdan bolsa halkara jemgyýetiň ünsüni özüne çekip, Idlib meselesi boýunça başdan geçirilýän krizisiň hötdesinden gelmäge synanyşýar. Emma gynansagam halkara jemgyýet Idlibdäki millionlarça asuda ilata garşy arkasyny öwürmäge dowam edýär.

Hepdäniň Syny atly gepleşigimiziň bu günki sanynda SETA-nyň Daşary syýasat boýunça hünärmeni Jan Ajunyň Idlibde Adamzat krizisi temaly synyny siziň dykgatyňyza ýetirdik.  

 


Etiketkalar: krizis , Idlib , Hepdäniň Syny

Degişli Habarlar