Türkiýäniň Bursa welaýatynda geçiriljek IV Bütindünýä çarwa oýunlary

Ýewrasiýa syn 04

1348641
Türkiýäniň Bursa welaýatynda geçiriljek IV Bütindünýä çarwa oýunlary

 

Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň bu günki sanynda üstümizdäki ýyl Türkiýäniň Bursa welaýatynda geçiriljek IV Bütin dünýä çarwa oýunlary hakynda maglumat bermekçi.

III Bütindünýä çarwa oýunlary 2018-nji ýylyň sentýabr aýynyň 2-8-i aralygynda Gyrgyz Respublikasynda geçirlipdi. Gyrgyz Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Azamat Jamankulow IV Bütindünýä çarwa oýunlarynyň Türkiýäniň İznik şäherinde geçiriljekdigini mälim etdi. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Bütin dünýä çarwa oýunlarynyň Türkiýä ýetirjek täsirleri hakynda maglumat bermekçi.

Bütindünýä çarwa oýunlary ilkinji nobatda türk halkynyň bu oýunlary ýakyndan tanamagyna uly pursat döreder. Anadolynyň halkynyň şol oýunlary ýakyndan tanamagy beýleki türki dilli döwletleriň halklary bilen ýakyndan gatnaşyk etmegine goşant goşar.

Bütindünýä çarwa oýunlary türki halklarynyň özlerini bütin dünýäde ýakyndan tanatmaklary üçin uly mümkinçilik hödürleýär. Soňky Bütin dünýä çarwa oýunlaryna 3 müňden gowrak türgen gatnaşdy we  37 ugur boýunça bäsleşikler geçirildi. IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna 5 müň türgeniň gatnaşmagy meýilleşdirlip bilner. Arap we afrika ýurtlaryndaky çarwalaryň Türkiýede geçiriljek oýunlara çagyrylmagy Türkiýe taýdan bähbitli bolar. Türkiýe ýer eýesi hökmünde häzire çenli oýunlara gatnaşmadyk çarwa geçmişi bolan halklary we döwletleri Bütindünýä çarwa oýunlaryna çagyrmak bilen halkara derejesindäki täsirini has-da güýçlendirip biler.

Bütindünýä çarwa oýunlary gyşky we tomusky olimpiada oýunlaryna alternatiw bolup biljek mümkinçilige hem eýe. Olimpiada alawynyň ýerine suwly meşigiň hödürlenmegi klimat çalşygyna garşy göreşýän dünýä täze pikir hödürleýär. Dünýäniň çar tarapynda sönmeýän alawy belki Türkiýäniň ýolbaşçylygynda bir ýere jemlenişjek ýurtlaryň wekilleriniň ellerindaki sowuk buzly suwlar söndürer, parahatçylygy, doganlygy dowam etdirer.

IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna gatnaşjak ýurtlaryň liderleri oýunlaryň açylyş dabarasyna gatnaşmak bilen BMG derejesinde resm bolmadyk maslahat geçrip biler we şeýlelikde häzirki dünýä ulgamyndan hoşal bolmadyk ýurtlaryň başdan geçirýän kynçylyklary tapawutly platformada gün tertibine getirlip bilner

Soňky çarwa oýunlaryna 60-70 müňe syýahatçy gatnaşypdy. Türkiýäniň geografik ýerleşişi sebäpli bu çarwa oýunlaryna azyndan daşary ýurtly 100 müň syýahatçy gatnaşyp biler. Çarwa oýunlary syýahatçylyk pudagyna uly goşant goşar

Şuňa meňzeş çäreler Türk Geňeşiniň täsirini hem güýçlendirip biler. Türk Geňeşi Türki dilli döwletleriň ýakyndan tanalmagynda uly rol oýnap biler. Türk Geňeşiniň Stambuldaky merkezi 2020-njy ýylda geçiriljek Bütindünýä çarwa oýunlaryna has köp ýurduň we adamyň gatnaşmagy üçin ähli taraplaýyn tagalla etmeli.

Bütindünýä çarwa oýunlary diňe sport çäreleri bilen özüni çäklendirmän eýsem medeni we sungat taýdan hem uly guramaçylyklara ýer eýeçiligini edýär. Türkiýe IV Bütin dünýä çarwa oýunlarynyň çäginde medeni we sungat taýdan hem bilelikdäki çäreleriň geçirilmegine goşant golup biler.

Türk Taryh guramasy we Türk Akademiýasy bilen bilelikde IV Bütindünýä çarwa oýunlarynyň çäginde uly konferensiýa ýada gurultaý geçirip biler.

Soňky çarwa oýunlary dünýäniň 60 ýurdunda alnyp görkezildi, oýunlara 56 ýurtdan 604 žurnalist gatnaşdy IV Bütindünýä çarwa oýunlary bolsa 100-den gowrak ýurtda görkezilip bilner we 100-den gowrak ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagy ýola goýlup bilner. Şeýlelikde Bütindünýä çarwa oýunlary sözüň doly manysynda dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan oýunlara öwrülip bilner.

Türkiýäniň türk mirasyna eýe çykmagy we dünýä ýurtlaryna tanyşdyrmagy, Türki dilli döwletler we halklar bilen edýän gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bilen Anadolydaky türki halklar üçin esasy merkez bolmaga dowam eder.

 

 



Degişli Habarlar