Stambulyň dünýäniň iň gadymy şäherlerinden biridigini bilýäňizmi?

Giňdir dünýe-Geňdir Dünýe

1340917
Stambulyň dünýäniň iň gadymy şäherlerinden biridigini bilýäňizmi?

 

 

Stambulyň dünýäniň iň gadymy şäherlerinden biridigini bilýäňizmi?

Dünýäde iki materikde ýerleşýän ýeke-täk şäher bolan Stambulyň bir bölegi Ýewropada, bir bölegi Aziýada. Rim, Latyn, Gündogar Rim we Osman ýaly köp sanly medeniýetiň merkezi bolan Stambul, dünýäniň iň gadymy şäherlerinden biri.

Türkiýäniň iň köp ilatly şäheri bolan Stambul dünýäniň ululyk taýdan bäş şäherinden biri. 15 milliondan gowrak ilaty bilen Belgiýa, Gresiýa, Tunis, Portugaliýa ýaly birnäçe ýurtdan has köp ilata eýe. Emma bu hakykat diňe bir soňky asyr bilen çäkli däl. Stambul 1500-nji ýyllarda-da dünýäniň iň köp ilatly şäherlerinden biridi. Stambul dünýäde iň çalt ösýän syýahatçylyk şäherlerden biri bolmagyň ýany bilen depginli ösýän söwda merkezlerinden hem biri.

 

Stambul hakynda köp sanly rowaýat bar. Şolardan biri Haliç hakynda. Aýdylmagyna görä Haliçiň düýbünde altyn hazynalary barmyş we ýaponlar şol altynlary almak üçin Haliçi tölegsiz arassalamak islänmişler. 1950-nji ýyllardan soň şähere uly göçleriň edilmegi bilen dilden dile gezýän “Stambulyň daşy-topragy altyn” sözi hem belki şol myş-myşyň netijesi bolsa gerek.

 



Degişli Habarlar