Moldowanyň Prezidenti Igor Dodonyň Türkiýe sapary

Ýewrasiýa syn 02

Moldowanyň Prezidenti Igor Dodonyň Türkiýe sapary

Ýewrasiýa syn 

 

Ýewraziýa syn atly gepleşigimiziň bu günki sanynda Moldowanyň Prezidenti Igor Dodonyň Türkiýe sapary hakynda maglumat bermekçi.

Prezident R. T. Erdoganyň 2018-nji ýylda Moldowa guran saparyna jogap hökmünde Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon 2019-njy ýylyň 30-njy dekabrynda Ankarada saparda boldy. şeýlelikde iki ýurduň arasynda ýokary derejeli  sapar guraldy. Moldowanyň Prezidentiniň we Premýer ministriniň ilkinji gezek birlikde daşary ýurt saparyny guramagy ünsleri özüne çekdi. Bu ýagdaý Moldowanyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň arasyndaky utgaşyklygyň gün saýyn ösýändigini we Moldowanyň Türkiýä uly ähmiýet berýändigini açyk aýdyn görkezýär.

Prezident Igor Dodonyň ýolbaşçylygyndaky remi wekiliýet Ankarada Prezident R. T. Erdogan tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy. Özara we toparara gepleşiklerden soň iki ýurduň arasynda 4 şertnama baglaşyldy. Moldowanyň resmi wekiliýeti Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop bilen duşuşdy. Mejlisiň başlygy Şentop duşuşykda Moldowaly kärdeşi Zinaida Greseanini 2020-njy ýylyň aprel aýynda TBMM-nyň açylan gününiň 100 ýyllygyna bağyşlanyp geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çağyrdy.

Prezident Erdoganyň 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda Moldowa guran saparyndan soň özara gatnaşyklaryň strategik derejä göterlendigi aýdylyp bilner. Türkiýe bilen Moldowanyň arasyndaky gatnaşyklar ähli taraplaýyn pajarlap ösýär.

Türkiýäniň Moldowadaky maýa goýumlary arty, özara söwda gatnaşyklary hem gün saýyn ýokarlaýar. Geçen ýyl 500 million dollara barabar bolan Türkiýe bilen Moldowanyň arasyndaky söwda mukdarynyň, hyzmatdaşlygyň gün saýyn pugtalanmagy bilen 5-10 ýylyň dowamynda 1 milliard dollara ýetirilmegi maksat edinilýär.

Geçen ýyldan bäri Moldowa bilen Türkiýäniň arasynda wizasyz syýahat edilýär. Wizasyz syýahat ulgamy Moldowaly syýahatçylaryň Türkiýede dynç almaklaryna uly itergi berdi.

2019-njy ýylyň 30-njy dekabrynda Moldowanyň Prezidenti Dodonyň Ankara guran saparynyň çäginde baglaşylan şertnamalardan biri, Moldowada Ýunus Emre institutynyň açylmagyny göz öňünde tutýar. Türkiýäniň Moldowada barlygyny güýçlendirmäge başlan günlerinde şeýle şertnamanyň baglaşylmagy diýseň möhüm.

Ankara iki ýurduň İçeri işler ministrlikleriniň arasynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi, tejribe alşylmagy we hünärmenlere harby taýdan tälim berilmegi meselesinde hem şertnama baglaşyldy.

Russiýa, ÝB, Ruminiýa we Ukraina bilen edýän gatnaşyklarynda Moldowa Türkiýäni deňagramlylygy üpjün edýän hyzmatdaş hökmünde görýär. Demirgazyk Afrikada we Ýakyn Gündogarda öz täsirini güýçlendirýän Türkiýe, Gündogar Ýewropada hem özüne ýakyn hyzmatdaşlary bilen sebitdäki täsirini artdyryp biler. Sanlary 200 müňe çenli baryp ýetýän Gagawuzlar Türkiýäniň Moldowa bilen ýakyndan gyzyklanmagynda esasy rol oýnaýar.

Gagawuziýa ýaňy ýakynda Awtanomlygynyň 25 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçdi. Gagawuzlara awtanomlyk statusynyň berilmeginde döwrüň Prezidenti Süleýman Demirel uly rol oýnady. Gagawuzlar we Moldowalylar Süleýman Demireli uly hormat bilen hatyralaýar, 1990-njy ýyllardaky dartgynlygyň gepleşik arkaly çözülmeginden diýseň hoşal.

Türkiýe TIKA arkaly Gagawuziýada we Moldowada häzire çenli 400-den gowrak taslamany üstünlikli ýagdaýda durmuşa geçirdi. Moldowanyň Prezidenti Dodonyň  Ankarada “TIKA-nyň tutuş Moldowada iş alyp barýandygyny görmek isleýärin” diýen beýanaty, Türkiýe bilen has ýakyndan işleşmek we Ankarany ýakyn hyzmatdaş hökmünde görmek isleýäris” görnüşinde analiz edilip bilner. Türkiýe Moldowa we Gagawuziýa berýän ýardamlaryny dowam etdirer. Mysal üçin Gagawuziýanyň raýaty bolan 10 adam Türkiýede saglygyny bejerdýär. Saglygy goraýyş hepdegine bagyşlanan çäreleriň çäginde türk lukmanlary Gagawuziýa gidip bir hepde halka hyzmat edýär. Saglygy goraýyş ministrligi hem Gagawuziýa enjam kömegini berýär.

Türk gurluşyk pudagy Moldowada uly taslamalary durmuşa geçirýär. Türkiýe soňky gezek Komrat şäherinde uly stadion gurýar.

Gagawuziýanyň paýtagty Komrat şäherinde 2020-njy ýylyň birinji ýarymynda Türkiýäniň Başkonsullygynyň açylmagyna garaşylýar. TIKA, Ýunus Emre instituty, işewür adamlary we maýa goýumlary arkaly Moldowada iş alyp barmaga dowam etjek Ankara, Gündogar Ýewropadaky işlerini Moldowa arkaly alyp barar.

2020-njy ýylda Moldowada prezident saýlawlary geçirler. Dodonyň ýaňadandan prezidentlige dalaşgär bolmagyna garaşylýar we resmi Ankaranyň Moldowa berýän goldawy we maýa goýumlary häzirki prezident üçin diýseň möhüm.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar