Eýran-ABŞ Dartgynlygy

Hepdäniň syny 02

Eýran-ABŞ Dartgynlygy

 

Eýran-ABŞ Dartgynlygy

Eýran-ABŞ dartgynlygy Kasym Süleýmaniniň Bagdatda ABŞ tarapyndan öldürilmeginden soň hasam möwjedi. Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň goşunyna degişli İýerusalim güýçleriniň serkerdesi Süleýmani Eýranyň soňky döwürde sebitleýin syýasatynyň oňurgasyny emele getirýärdi. Süleýmani arap pitneleriniň başlamagyndan soň Eýranyň daşarky operasiýalaryny gönükdiren esasy adam hökmünde öňe saýlanypdy. Liwanda, Siriýada, Yrakda we Ýemende işjeň pozisiýa eýelän Süleýmani şaýy söweşijileriň sebitdäki çaknyşyklara gatnaşmagyny guran adamdy. Şonuň ýany bilen Süleýmani Liwandan Ýemene çenli söweşijilere öz awtoritaryny kabul etdirýär we Eýranyň içeri syýasatynda ruhany lideri Hamaneýden we Prezidenti Ruhaniden has ýokary meşhurlyga eýe bolýar. Süleýmaniniň eýelän pozisiýalary we berjaý eden işleri göz öňünde tutulanda onuň ölümi Eýrana agyr täsir ýetirip biler.

SETA/Howpsyzlyk Barlaglary Müdiri Ýazyjy Dosent Dr. Murat Ýeşiltaşyň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Süleýmaniniň öldürilmegi we Eýranyň görkezen berk garşylygy Ýakyn Gündogar syýasatynyň 2020-nji ýylda iňňän dartgynly geçjekdigini hamala diýersiňiz subut edýän ýaly. ABŞ-Eýran dartgynlygy iki ýurduň gönüden urşa girişmegine sebäp bolarmy, belli däl. Emma iki güýjiň uzak wagtdan bäri dowam edýän ýapyk söweşini hasam çuňlaşdyrsa gerek. Resmi Tähran Süleýmaniniň ölüminden soň ar almak üçin kasam etdi. Ençeme wagtdan bäri agyr şertleri başdan geçirýän Eýranyň halky bolsa Tähranyň köçelerinde ar almaga edilen kasama meňzeş şygarlary aýtmaga dowam edýär. Bagdadyň köçelerinde-de Süleýmani bilen bilelikde öldürilen Muhendisiň arynyň alynmalydygy bilen bagly şygarlar aýdylýar. Hat-da täze döredilen ululy-kiçili ýaragly guramalar ikisiniňem aryny almaga kasam edýän wideo ýazgylaryny ýaýratdylar. Yragyň Parlamenti bolsa Amerikan esgerleriniň Yrakdan çykarylmagy üçin karar kabul etdi we hökümete ygtyýar berdi. Onsuz hem uzak möhletden bäri içerki çaknyşyklary we dartgynlyklary başdan geçirýän Yragyn bu dartynly tapgyry nähili ýeňip geçjekdigi esasy soraglardan biri bolmagyndan galýar. Yraklylar ABŞ-Eýran dartgynlygynyň we bäsdeşliginiň öz ýurtlaryny haraba öwürýändigine göz ýetirýärler. Emma ellerinden hiç zat gelmeýär. “Ne ABŞ ne-de Eýran, garaşsyz Yrak” düşünjesini iş ýüzüne geçirjek jadyly güýçden mahrum.

Resmi Tähran bolsa ABŞ-na nähili garşylyk görkezjekdigini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ýokary Milli Howpsyzlyk Geňeşini mejlise çagyrdy. Maslahata Hamaneý hem gatnaşdy. Eýranyň döwleti şaýylykda-da güýçli simwollardan biri bolan gyzyl reňkli uruş baýdaklaryny metjitleriň gümmezlerine asdylar. Resmi Tähran şeýle-de Eýranyň ýadro maksatnamasy boýunça halkara wadalaryny berjaý etmejekdigini we urany baýlaşdyrmaga dowam etjekdiklerini beýan etdi we ABŞ-na agyr gaýtawulyň görkeziljekdigini jar etdi.

Süleýmaniniň öldürilmegi Ýakyn Gündogarda şertleri doly özgertdi. Ähli güýçler mundan soň nämeleriň boljakdygy hakynda çaklamalaryny beýan edýärler we şol çaklamalara görä hasap çykarýarlar. Häzirlikçe Türkiýe parasatlylyk üçin çagyryş eden tas ýeke-täk ýurt. Ysraýyl Süleýmaniniň öldürilmeginden diýseň hoşal. Saud Arabystany onsuz hem Süleýmanini ganhor hökmünde häsýetlendirýärdi. İndi has bagtyýar, emma Eýranyň görkezjek reaksiýasynyň özüne gönükmeginden gorkýar. Aýlagyň kiçi ýurtlary bolsa aladaly. Halkara jemgyýetçiligi hem dymmaga dowam edýär. Uruş turarmy, belli däl, emma 2020-nji ýylda Ýakyn Gündogar üçin has dartgynly geçer.

 

 



Degişli Habarlar