Pişik saklamagyň adamyň saglygyna köp sanly peýdasynyň bardygyny bilýäňizmi?

Giňdir dünýe, geňdir dünýe

1338801
Pişik saklamagyň adamyň saglygyna köp sanly peýdasynyň bardygyny bilýäňizmi?

 

Pişik saklamagyň adamyň saglygyna köp sanly peýdasynyň bardygyny bilýäňizmi?

Adamlar bilen haýwanlaryň arasyndaky gatnaşygy öwrenýän alymlar pişik saklamagyň saglyk üçin käbir peýdalarynyň bardygyny ýüze çykardylar. Öýde pişik saklamak; sosial gatnaşygy artdyrýar we gülmegi, oýnamagy we maşk etmegi artdyryp, depressiýany azaldýar. Şeýlelikde immunitet ulgamy hem gowy işleýär.

Adam bilen pişigiň gatnaşygy üçin delil bolup durýan iň irki tapyndy Kiprde bir adamyň gubyryndaky 9,500 ýyllyk pişik skleti… Anadolydan gelen ilkinji daýhanlar ýabany pişikleri gaýyk bilen ada getirýänçäler Kiprde pişik ýok ekeni. Ol hem pişikler bilen adamlaryň Anadolyda 10 müň ýyldan gowrak wagt bäri, ekerançylygyň başlamagyndan bäri bilelikde ýaşaýandyklaryny görkezýär.

Iň owadan pişiklerden biri bolan Wan pişigi diňe Wan kölüniň etraplarynda ýaşaýan sap pişik görnüşi. Şol pişiklerde bir gözüň gök, bir gözüň sarymtyl bolmagy ýygy gabat gelýän genetiki näsazlykdyr. Tilkiniň guýrugyna meňzeş uly guýrugy we ak, ýüpek ýaly tüýleri bar. Suwy we ýüzmegi halaýarlar. Wan pişiginiň Wana degişli gymmatlyk bolandygy remi taýdan 2006-njy ýylyň 22-nji aprelinde bellige alynýar.


Etiketkalar: #Wan pişigi , #pişik

Degişli Habarlar