Liwiýada wekilçilik söweşi

Hepdäniň syny

Liwiýada wekilçilik söweşi

 

Liwiýada wekilçilik söweşi

2011-nji ýylda Arap baharynyň emele getiren konýekturasynda Muammer Kaddafa garşy Liwiýada protest ýörişleriniň başlamagy bilen Fransiýa ýaly ýurtlaryň pursatdan peýdalanyp harby operasiýa başlatmagyndan we NATO-nyň meselä degişli bolmagy bilen merkezi Tripoli bolan hökümet gurlupdy. Emma beýleki ýurtlarda bolşy ýaly Liwiýada hem syýasy, ykdysady we harby durnuklylyk ýola goýlup bilinmedi. Ýurduň baý energetika çeşmesi we Demirgazyk Afrikadaky geosyýasy ýerleşişi birnäçe ýurduň ünsüni özüne çekýärkä, Pars aýlag ýurtlary bu ýerde demokratik hökümetiň gurulmagyna alada bildirýärdi.

SETA-nyň ylmy barlagçysy Jan Ajunyň mesele baradaky analizini dykgatyňyza ýetirýäris.

BMG derejesinde legal hökümet hökmünde ykrar edilen Milli ylalaşyk hökümetiniň öz bähbitlerine hyzmat etmejekdigi barada pikir edýän ýurtlar bar. Şol ýurtlaryň başynda bolsa Birleşen Arap Emirlikleri, Müsür we Fransiýa gelýär. Şol ýurtlar huntaçy general Haftara goldaw bermek bilen huntaçy generalyň hökümetiň başyna geçmegini isledi.  Arzuw hyýallarynyň puja çykandygy sebäpli general Haftaryň ýolbaşçylygynda Tobrukda Tripola garşy bolan hökümete goldaw berdiler we Misrata, Sirte ýaly şäherleriň gözegçiligini hem ele geçirip ýurtda de-fakto hökümetini gurmak üçin işe girişdiler. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem Birleşen Arap Emirlikleriniň we saudy lobileriniň tagallasy netijesinde Haftara goldaw bermäge başlady. Hyzmatdaş güýçleriniň harby taýdan beren ähli ýardamlaryna garamazdan general Haftaryň paýtagty ele geçirip bilmändigi sebäpli bu gezek Russiýa hem oýuna degişli boldy. Rus hakyna tutma ýaragly goşuny Nagnar çaknyşyklarda Haftaryň hatarynda söweşmäge başlady.

Türkiýe bolsa Liwiýa harby taýdan operasiýa guralmagyna berk garşy durdy, Fransiýanyň tutumynyň öňüni almak üçin tagalla etdi. Merkezi Tripolide ýerleşýän Liwiýanyň milli ylalaşyk hökümetine goldaw berdi. Liwiýada beýleki ýurtlara hem görelde bolup biljek hökümetiň gurulmagyna goşant goşmaga çalyşdy.

Milli ylalaşyk hökümeti bilen ýakyndan gatnaşyk edip öz tejribelerini paýlaşdy. Haftara goldaw berýän hyzmatdaş güýçleriniň operasiýasyna garşy Milli ylalaşyk hökümetine harby taýdan goldaw bermäge başlady.

Taryhy ýerleşişi we söwda gatnaşyklarynda eýe bolan mümkinçiligi taýdan Liwiýa, Türkiýe üçin uly ähmiýete eýe. Liwiýa Gündogar Ortaýer deňizinde geo syýasy ýerleşişi taýdan hem Türkiýe üçin diýseň möhüm. Türkiýe şol çäkde Liwiýa bilen deňiz ygtyýar giňişliginiň çäklendirilmegi meselesinde ýörite şertnama baglaşmak bilen  bir tarapdan Gündogar Ortaýer deňizinde täsirini güýçlendirýärkä, beýleki tarapdan Haftara garşy Liwiýanyň hökümetine goldaw berýändigini açyk aýdyň görkezdi. Türkiýe Liwiýa meselesiniň harby taýdan çözülip bilmejekdigini nygtaýan we hyzmatdaşy Milli ylalaşyk hökümetine Haftara harby taýdan goldaw berýän bolsada meseläniň diňe syýasy taýdan çözüljekdigine göz ýetirip bilýär.

SETA-nyň ylmy barlagçysy Jan Ajunyň Liwiýa baradaky analizini dykgatyňyza ýetirdik.

 

 

 

 

 


Etiketkalar: dartgynlyk , söweş , Liwiýa

Degişli Habarlar