ILKINJI TÜRKMEN MAGARYFÇYSY KÖRHAN BALAKA

Dost-Doganlygyň Taryhy

ILKINJI TÜRKMEN MAGARYFÇYSY KÖRHAN BALAKA

Dost-Doganlygyň Taryhy 

 

ILKINJI TÜRKMEN MAGARYFÇYSY KÖRHAN BALAKA

 

         Körhan Balaka, altmyş ýaşan ömründe, ölüm bilen ençeme gezek pete-pet gabat gelen hem bolsa, baryp-ha ýigriminji ýyllaryň ahyrlarynda öz eli bilen sünnäläp ýazan terjimehalynda „1898-nji ýylda Aşgabat obasynda orta gurply daýhan maşgalasynda dünýä inendigini ýazýar“. Köne mekdepde, Änew medresesinde okandygyny, Aşgabat obasynyň arçynynyň mürzesi bolup işländigini aç-açan ýazsa-da, „Enkewedäniň“ üçlüginiň“ gazabyna düçar bolmaýar. Ýogsam,  Ýežowçy-beriýaçy peşşaplar üçin şol „aç-açan“ ýazgylaryň ýekeje setirem ýeterlik bolupdyr ahyry. Elebetde, üstünden är ömrü geçenden soň, Körhan Balakanyň bagtynyň beýle „daş ýarýanlygynyň“ gürrüňünem etmeli däl welin, şu meselede käbir gapma-garşylykly pikrileriň barlygy üçin agzamaly boljak.

 

         Hawa, Körhan Balaka şu zeýilli „dowzahlaryň“ gazabyna duçar bolmandyr. Megerem, goja ýazyjymyz, Çary Matalow by barada „Öz halkyna hemişe howandarlyk edendigi üçin il-gün ony şeýle yhlasly gorandyr, belki“ diýende müň kerem mamladyr.

 

         Körhan Balakanyň, „arka berip daýanan“ halkyna wepaly hzmaty biziň şu günlerki ýaýbaňlaşan çenimizden biraz irräk başlanypdyr. Ol ýaňy iki ýaşyna ýetende kakasy aradan çykyp, ejesiniň eklenjinde galypdyr. 1905-nji ýylda köne mekdebe berlen Körhan, 1914-nji ýylda, Änew medresesini tamamlap, döwrüniň sowatly, düşünjeli adamy bolup ýetişipdir. Munuň şeýledigine, onyň, şol ýyl, Aşgabat obasynyň arçyny, Annanyýaz arçyna mürze edilip bellenmegi-de şaýatlyk edýär.

 

         Oba mürzesi Körhan Balakanyň ýetişmegine goşant goşan, onuň gatnaşyk eden adamlaryndan ilkinji türkmen magaryfçylary Muhammetguly Atabaýew, Tatýana Tekinskaýa, Hojaly Molla dagy bolupdyr. Şol döwrüň şahyrlary Mätäjiniň ogly Molladurdy, Molla Pürli dagy onuň günde-günaşa duşduşyp, söhbetdeş bolan adamlarydyr.

 

         1914-nji ýylyň 14-nji dekabryndan başlap, Aşgabatda ilkinji türkmen milli gazýeti „Ruzname  mawerai Bahry-Hazar“ rus we türkmen dillerinde çap edilmäge başlanypdyr. Gazýetiň ilkinji redaktory I. A. Belýaýew gazýet makalalarynyň türkmen dilindäki tekstlerini dogry düzip bilaýjek hem-de yerlerden habar ýazmaga ukypy milli kadyrlary irginsiz gözläpdir. Aşgabadyň bazarlaryndaky eli arassa türkmen dilinde dürst doldurylan hat-petekli adamlar onuň ünsini çekipdir. Şol hat-petekleri kimiň beýle sünnäläp ýazanlygynyň idegem redaktor Belýäýewi Körhan Balakanyň öýüniň üstünden getiripdir. Şol günden başlabam onuň gazýet bilen aragatnaşygy başlapdyr. Şunuň bilenem bary-ýogy on ýedi ýaşly ýigdekçe ülkäniň syýasy durmuşyna aralaşyp ugrapdyr. Elbetde, munyň şeýle bolmagynda ýaş mürzäniň Muhammetguly Atabaýew, Tatýana Tekinskaýa ýaly döwrüň sowatly, düşünjeli adamlary bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy öz täsirini ýetiripdir.

 

         Körhan Balakanyň gazýetiň redaktory Belýaýew bilen duşuşugy, onuň gazýeti çap etmäge gatnaşmagy „Ruzname mawerai Bahry-Hazaryň“ ygtybarly habarçysy bolmagyna sebäp bolupdyr. Körhan Balaka hut redaksiýanyň tabşyrygy boýunça dürli mowzuklarda habarlar ýazypdyr. Dürli mowzuklarda taýýarlan habarlarydyr ýazgylarynda çagalary, ýetginjekleri ýerli rus-tuzem mekdebine bermeklige, halky aň-düşünjä çagyrypdyr. Soňra ol gazýet bilen gatnaşygyny has-da ýygjamladypdyr. Türkmen jigitleriniň frontdan ýollan hatlaryny çapa taýýarlapdyr. Olardan gelen hatlary okamagy, ýerli babatda uruşdakylara giňişleýin hat ýazma gurapdyr.  

 

         Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, gazýet bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen Körhan Balaka şol döwrüň aňyna-bilimine, has golaýlaşypdyr.

 

         1915-nji ýylyň 10-njy martynda onuň 16 betden ybarat “Abraý bersin sizlere” atly goşgusy gazýetde çap edilipdir. Hut şol at bilen 8-nji aprelde 7 bent goşgusy, 7-nji awgustda 8 bent goşgusy okyja ýetirilpdir. Adyndan-da belli bolşy ýaly, bu goşgular Türkmen jigidi Ata Gurdowyň komandirlik, Öwezberdi Kulyýewiň sekretarlyk etmeginde rus-german urşynyň tylyna päleçilige urgan, Pribaltikanyň batgaly tokaýlarynda gar ýassanyp, garym gazyp ýören Türkmen ýigitlerine bagyşlanypdyr. Gazýetiň 1915-nji ýylyň 24-nji martyndaky sanynda ýaş şahyryň “Gyz bilen ýigidiň aýdyşygy” atly goşgusy hem çap edilipdir.

 

         1920-nji ýylda ol Türkmen oblastynyň sowet halk sudunyň musurman bölüminiň sekretarlygyna saýlanýar. Dört ýyllap sud işlerinde dürli wezipelerde işläpdir. 1921-nji ýyldan Türkmen oblast halk sudynyň agzalygyna, 1922-nji ýylda Türkmen oblast aklawjylar kollegiýasynyň agzalygyna saýlanypdyr. 1924-nji ýyldan 1931-nji ýyla çenli Aşgabat şäheriniň notariusy bolup işläpdir.

 

         Körhan Balakaýewiň 1945-nji ýylda öz eli bilen ýazan terjimehalynyň bir jümlesinde “1929-njy ýyldan başlap şäher edara gullukçylaryna türkmen dili mugallymy bolup işledim…” diýip ýazýar.

 

         1931-nji ýyldan başlap Körhan Balaka tä ömrüniň ahyryna – 1957-nji ýyla çenli öz ykbalyny mugallymçylyk bilen baglapdyr. İlki Merkezi partiýa mekdebinde hem-de Komwuzda, soňra TK(b)P-niň Merkezi Komitetiniň ýanyndaky partiýalylar kursunda, awtomobil-ýol tehnikumynda mugallymçylyk edipdir. Uruş ýyllarynda iki ýyla golaý wagt SSSR Ylymlar Akademiýasynyň Türkmenistan filialynyň Dil-edebiýat institutynda ylmy işgär bolup işläpdir. 1945-nji ýyldan başlabam tä ömrüniň ahyryna çenli M. I. Kalinin adyndaky Türkmen oba hojalyk institutynda mugallymçylyk edipdir.

 

         Körhan Balakanyň işlän döwürleri, biziň durgunlyk diýýän döwürlermizdäki ýaly bahana tapylsa, ordendir medallar paýlanyp, olaram hökümetiň taňry gün berse bellän baýramçylyklarynda dakynyşyp, köçä çykylýan ýyllar bolmasa-da… olam sylag alypdyr. 1930-njy–1940-njy ýyllar aralygynda dört gezek ýokary sylaga mynasyp bolupdyr. Il-halky üçin ähli ukybyny orta goýup işlän ynsanperwer adamlaryň biri bolan Körhan Balaka biziň döwrümiziň adamlary üçin uly sapak goýup gidipdir. Onuň üçin adamlaryň ykbalynda saklanyp galmakdan özge ýokary sylag-serpaý ýokdyr.   

 

 



Degişli Habarlar