BIR ÖLÜM, MÜŇ ÖLÜM: SEZAI KARAKOÇ

Dost-Dogalygyň Taryhy

BIR ÖLÜM, MÜŇ ÖLÜM: SEZAI KARAKOÇ

Dost-Dogalygyň Taryhy 

 

BIR ÖLÜM, MÜŇ ÖLÜM: SEZAI KARAKOÇ  

 

Ykbal

Dokady kilim,

Ýaz otaga!

Ylym:

Merdiwan diräp

Aýa çyk!

Iman:

Al eliňe hasany;

 

         Häzirkizaman türk edebiýatynda ikinji täze şygyr akymynyň kiçigöwünli agasy, beýik akyldary, syýasatçysy we şahyry hasaplanýan, Sezai Karakoçyň durmuş ýoly we döredijiligi hakynda kelam agyz aýtmaly bolsa onuň bir goşgysynda müň dürli ölüm beýan edilýär. Döredijiliginde ölüm temasy giňişleýin ele alynýar.

 

         Awçy we olaryň durmuşyny işlän goşgusynda hem:

 

Tüpeňiňi ýere çene

Ölüme diňe ýer çydar

        

– diýmek bilen ýene-de awçynyň durmuşyny açyp görkezende hem ölüm hakyndaky setirlere gabat gelmek bolýar.

 

Pikir ýöredişi, alyp barýan durmuş ýörelgesi we şygyrlary bilen türk şygyrýet äleminiň ýaşaýan rowaýatyna öwrülen şahsyýetleriniň biri boldy.

 

Ganady gyrylan guş merhemet islär.

Wah, sen sebäpli gana boýaljak.

Mona Roza. Gara güller, ak güller.

 

Esasan hem Mona Roza atly şygry bilen tanaldy we şol şygry bilen ýatlandy, Sezai Karakoç. Belkem-de sungat äleminde hyýal hem etmedigi derejä gelip ýetdi, bu şygry bilen. Emma şeýle bolsa hem, ol özüni ulumsy alyp barmady. Oňa mynasyp görülen sylaglardan ýüz öwürmegi hem şonuň üçin bolsa gerek. Ol, sylaglary däl, şol sylaglara mynasyp görlendigi üçin duýýan bagtyny saýlap alypdy.

 

Sezai Karakoç 1933-nji ýylyň ýaz aýlarynda, Diýarbakyryň Ergani etrapynda, Emine bilen Ýasiniň maşgalasynda dünýä gelen wagty, onuň maşgalasy Muhammet Sezai adyny dakýar. Emma, olaryň dakan atlary Ilat müdürliginde bolup geçen ýalňyşlyk sebäpli, Ahmet Sezai diýilip ýazga geçirilýär.

 

Ejesi, Emine daýza, oglunyň doglan wagtyny, Gülan aýynyň bir gününde diýip aýdýardy. Köne döwürlerde maý aýyna gülan aýy diýýärdiler. Sezai ýykylan we täzeden aýaga galmakda bolan jemgyýetiň içinde, täzeden özüni tapmak isleýän maşgalasy üçin täze güç hökmünde dünýä inýär.

 

Sezai, 1938-nji ýylda, 3 aýlyk başlangyç mekdebe taýýarlyk synpynda okaýar. Başlangyç mekdebi Erganide tamamlaýar. Soňra tölegsiz Maraş orta mekdebine girýär.

 

1947-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, Gaziantepdäki liseýde okamaga başlaýar. 1950-nji ýylda liseýi tamamlap pelsepe okamak arzuwy bilen Yssambyla gelýär. Emma, ol näçe pelsepe okamak islese hem kakasy Sezainiň Teologiýa fakultetine girmegini isleýär.

 

Sezai, öz mümkünçilikleri bilen okap bilmejegini bilýär. Şeýle hem bolsa öz arzuwyna ýetmek üçin pikirinden dänmeýär. Tölegsiz ýatak jaýy bilen üpjün edilýän Syýasat bilimleri fakultetiniň synaglaryna girýär. Synagyň netijesine garaşýan wagty pelsepe bölümine hem resminamalaryny tabşyrýar. Synaglardan geçip bilmedik halatynda pelsepe okamakçydy.

 

Sezai, Ankara Uniwersitetiniň Syýasat bilimler fakultetine girýär we 1955-nji ýylda fakultetiň maliýe bölüminde ýokary bilimini tamamlaýar.  

 

         Okuwyny gutaryp gutarmaka, mejbury hyzmat üçin Maliýe ministrliginiň garamagyndaky Hazyna baş müdirliginiň daşary ýurt deňeşdirmeleri bölümine işe iberilýär.

 

         Yz ýanyndan hem maliýe derňewçisi bolmak üçin synaga girýär we şol synagy üstünlikli tabşyryp derňewçiniň kömekçisi bolup işe başlaýar. 1959-njy ýylda Yssambyla işe geçirilýär. Soň bolsa Ankara Ýegenbeý salgyt müdürligine işe geçirilen hem bolsa, gysga wagtyň içinde Yssambyldaky işine yzyna çagyrylýar.

 

         Gezen wagty diňe işlemäge gidýän ýaly hem bolsa, işi sebäpli Anadolynyň her ýerini gezip, käbir ýerleri aýratyn gezip görmäge we öwrenmäge mümkinçilik tapýar. Şol gezen wagtyndaky gözlegleri onyň şygyrlarynda hem yz galdyrýar. Yssambylda işlän wagty gulluga gidendigi üçin işiniň arasy kesilen hem bolsa, gullukdan gelip ýenede öňki ýerinde işlemäge başlaýar.

 

         Diwan şygyrlaryny ýat tutmak bilen geçen okuw ýylyndan soň, tomusky dynç alyşa çykan Sezai, Ereglä gaýdyp barýar. Şonda onyň dostlaryndan biri oňa uruş gutardy diýip bir gazýeti uzadýar. Şol tomusky dynç alyşlaryň birinde, ilkinji şygyrlaryny ýazmaga, ilkinji eserlerini dýretmäge başlaýar. Şol wagtlar sungat işgäri bolmak isleýärdi. Onyň arzuwy hem ylym bilen meşgullanmak, şol ýoldan ýöremek bolan hem bolsa, käte durmuş seniň ýörejek ýolyňy özi kesgitläp duruberýär.

 

Entäk ölüm gelmänkä

Ölüm mysaly gelip

Umytsyzlyk gyrgyny

Gorkynyň howsalasy

 

         – diýen ýaly, Sezai, orta mekdebi gutarypdy. Bu gezek hem ykbal ony Gaziantebe alyp gitdi. Gaziantepde liseýde okan wagty edebiýata degişli okaýan zatlarynyň çygryny giňişletdi. Diwan şygryndan başga hem günbatar edebiýatyny okamaga başlaýar. Iň ileri tutýan eserleri Şekspiriň piýessalarydy.

 

Şybygyň ýanýan bolsa seni ölüm dartar,

Gül ekmeýän bolsaň seni ölüm äkider. 

 

Liseýde okuwlar gutaryp, tomusky dynç alyşa çykanlarynda, Sezai öz ildeş okuwçylarynyň biri bilen öýlerine gitmek üçin otla petek alýar. Ýolda gidip barýarkalar tanyşlarynyň birine duşýarlar. Şol tanyşlary hem kimi jaýlandyklaryny, onyň adyny aýtmady, emma Yssambylda ildeşleriniň biriniň ölendigini aýtdy. Öleniň adresini bermese hem, Sezai bilýärdi. Ol öý, olaryň öýleridi we ölen hem onyň gullukdaky agasydy.

 

Jan alyşy bardyr

Ölüm gelmezden owal

Ölüm mysaly gelip

 

         – diýen setirlerinde ýazyşşy ýaly, şondan beýläk onyň her şygrynda bir ölüm, müň ölüm bolup setirlere siňmäge başlaýar.

 

Sezai otlyda ýüregi ýanyp köp wagtlap daglara, düzlere, baýyrlara, ötüklere serdip otyrdy. Bu onyň, ölüm bilen ilkinji tanyşan pursatydy…


Etiketkalar: edebiýat , şahyr , şygyr

Degişli Habarlar