Özgerlişigiň Sosiologiýasy we Türkiýe

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça syny..

1242888
Özgerlişigiň Sosiologiýasy we Türkiýe

 

Özgerlişigiň Sosiologiýasy we Türkiýe

Özgerlişik zamanasynda ýaşaýarys. Globallaşma tapgyrlary iselesek, islemsek hem durmuşymyzy birnäçe ugurda köptaraplaýyn özgerdýär. Globallaşma tapgyrlary bilen birlikde ýokary depginli ykdysady ösüşiň başdan geçirilýän jemgyýetlerinde köp sanly özgerlişikler ýüze çykýar. Gepleşigimiziň bu sanynda sosiologik şertleri we Türkiýäniň özgerýän sosiologiýasyny analiz etmek isleýäris.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Maslow we Islegleriň Tertibi

Amerikaly psiholog Abraham Maslow “Islegleriň tertibi” teoriýasy bilen adamyň özüni alyp baryşyny analiz edýär. Maslow adamlaryň ilki bilen başlangyç isleglerini kanagatlandyrma duýgusy bilen hereket edýändigini, şol başlangyç islegleriň kanagatlandyrylmagyndan soň orta we ýokary derejeli beýleki islegleriň kanagatlandyrylmagy üçin tagalla girişýändigini beýan edýär. Adamlary esaslandyryjy islegleri iň ulusyndan iň kiçisine bäş ugra bölýär. Piramidanyň özeninde fiziologik islegler durýar. Açlyk, suwsuzlyk, ýaşamaklyk ýaly islegler şol ýere degişli. Şol islegler kanagatlandyrylandan soň 2-nji derejede iş, emläk, saglyk ýaly howpsyzlyk islegleri gelýär. 3-nji derejede bolsa degişlilik, söýgi, kabul edilmeklik, sosial ýaşaýyş ýaly islegler ýüze çykýar. 4-nji dereje sarpa goýulmak, abraýlylyk derejesidir. Dereje, üstünlik, ygtybar, tanalmak, özüni görkezmek ugrundaky tagallalar 4-nji derejä degişli. Piramidanyň iň dar depesi bolan 5-nji dereje bolsa özüňi iş ýüzüne geçirmeklik derejesidir. Şol derejede indi adamlar ilkinji tapgyrdaky başlangyç isleglerden iňňän daşdadyr. Has döredijilikli bolmak, ahlakly, durnukly çemeleşmeler, öz tapawutlylygyny iş ýüzüne geçirmek tagallasy şol derejedäki adamlaryň tamalary we esaslarydyr.

Maslowyň pikirine görä bir isleg kanagatlandyrylandan soň şeýle islegleriň kanagatlandyrylmagy üçin gerek bolan esas manysyny we ähmiýetini ýitirýär.

Ýokary depginli ösüş we onuň netijeleri

Maslowyň adamlar üçin göz öňünde tutan islegler tertibibiň analizini jemgyýetler üçin hem göz öňünde tutmak bolar.

Globallaşma tapgyrlary bilen bilelikde käbir jemgyýetler gysga möhletde uly ykdysady ösüşlere eýe boldular. Hytaý, Braziliýa, Hindistan ýaly ýurtlar bilen birlikde Türkiýe hem şolardan biri. Adalat we ösüş partiýasyndan ozal adam başyna 2 müň dollara barabar bolan girdejä eýe bolan Türkiýe jemgyýetler üçin gysga bolan möhletde adam başyna düşýän girdejisini 10 müňden geçirdi.

Käbir ykdysady ösgerlişigiň ykdysadyýet, medeniýet, bilim, naşgala, syýasat ýaly durmuşyň ähli ugurlaryna şübhesiz täsir ýetirdi. Ykdysady ösüşiň adalatly bölünme derejesi bolsa aýratyn mesele.

Ykdysady Ösüşiň Beýanlary

Özgerýän ykdysady islegler: Jemgyýetleriň iňňän gysga möhletde bäş esse baýamagy adamlaryň ykdysady isleglerini hem özgerdýär. Ömri tygşytlylyk bilen geçen maşgalalar çagalarynyň sarp etme we sowma endiklerine düşünmekde kynçylyk çekýärler. Türkiýe taýdan özgeren bu şerti öýjükli telefonlara bolan islegde görmek bolýar. Türkiýede öýjükli telefony çalyşma möhletiniň dünýädäki diýseň gysgadygy beýan edilýär.

Maşgala gatnaşyklary: Ykdysady ösüş är-aýal we çaga gatnaşyklaryny hem düýpli özgerdýär. Ozalky şertlerde maşgalalarlaryň isleglerini kanagatlandyrma derejesi pes hem bolsa, çagalar has sylaşykly we boýun egijidi. Ykdysady ösüş bilen birlikde maşgalalar has baýaýar, maşgala agzalary bolsa has erkin we has tankydy çemeleşmä eýe bolýarlar.

Bilim: Girdejisi pes bolan gatlaklarda bilim adamlaryň beýgelmek we “özüni halas etmekleri” üçin esasy maksat bolup duran bolsa, girdeji derejesi ýokary bolanlarda bilim almak serişdä öwrülýär.

Medeniýet-sungat-estetika: Girdeji derejesi ýokarladygy saýyn medeniýete, sungata we estetika bolan gyzyklanmalar hem-de şolar bilen bagly aladalar hem artýar, olardan garaşylýanlar netijeler hem artýar.  

Syýasat: 1980-nji ýyllarda döwletler has awtoritar, raýatlar bolsa has geçirimlidi. Döwletler häzirki wagtda has demokratik hem olsalar indi raýatlar has tankydy çemeleşmä eýe. Globallaşma tapgyrlary we ykdysady ösüş bilen birlikde maşgalalarda bolşy ýaly adam-döwlet-jemgyýet gatnaşyklary özgerýär. Bu özgerlişik elbetde syýasaty we syýasy diskurslary hem ýakyndan gyzyklandyrýar. Täze sosiologiýa tebigy ýagdaýda täze dil-terz-diskurs-iş usulyny talap edýär. Maslowyň islegler tertibinde bolşy ýaly baýlaşan, orta-ýokary girdeji derejesine ýeten jemgyýetlere başlangyçlar islegleri wada bermek syýasy taýdan netije bermez. Ýokarlaýan girdeji derejesi syýasy diskurslar boýunça hem jemgyýetiň islegini özgerdýär. 2 müň dollarlyk girdeji şertlerinde käbir harajatlar gymmatly ýaly görlüp bilner. 10 müň dollarlyk şertlerde bolsa başlangyç talaplardan söz açmak ýerliksiz bolar.

Depginli özgerlişik we medeniýet

Ýokary depginde özgerýän ýurtlarda iň kynçylykly ugruň medeniýetdigini aýdyp bileris. Ykdysady galkynyş ýa-da medeni aragatnaşyk we informatika bilen köp zat çaltlyk bilen özgerip bilýär. Emma medeniýet şol bir depginde däl, iňňän ýuwaş özgerýär. Onuň beýanlaryny bilim, syýasat, aýal-erkek gatnaşyklary ýaly ugurlarda artykmajy bilen görmek mümkin. Jemgyýetçilik derejeler çaltlyk bilen özgerýän bolsa, jemgyýetçilik medeniýet şol bir depginde özgermeýändigi üçin medeni ugurlardaky çaknyşyklara şaýatlyk edýäris.

Global aragatnaşyk we maglumatlar

Özgerýän sosiologiýa diňe bir ykdysady galkynyş bilen düşündirilmeýär. Tehnologik ösüşler adam-maşgala-döwlet-jemgyýet gatnaşyklaryny hem özgerdýär. Ozallar adamlar ýakyn garyndaş, dost we mekdep ýoldaşlary bilen gatnaşyklar arkaly sosiallaşan bolsa, ösen tehnologiýa we esasanda sosial media serişdeleri bilen indi adamlar global derejede hem-de hyýaly gatnaşyklar bilen sosiallaşma tapgyrny başdan geçirýär. Birmeňzeş sosiallaşma tapgyrlarynyň raýatlarada degişlidigini, maşgalalar ýaly döwletleriň hem indi adamlara çakli täsir ýetirýändigini aýtsak ýerliksiz bolmaz.

Täze sosiologiýanyň emele gelmeginde ykdysady galkynyş bilen birlikde global aragatnaşygyň we maglumatlar tehnologiýasynyň täsiri iňňän uly. Jemgyýetleri, döwletleri we maşgalalary özgermäge iterýän esasy zat, global aragatnaşyk we maglumatlar tehnologiýalary bilen adam-döwlet-jemgyýet we maşgala gatnaşyklarynyň başga ýurtlarda-maşgalalarda nähilidiginiň ýakyndan bilinmegidir.

Sözümiziň ahyrynda nygtap geçeliň: Taryhyň öwrülşik nokady, üznükme pursady bar bolsa, oňa ählimiz bilelikde şaýatlyk edeliň. Çagalarymyz täze döwrüň ilkinji nesilleri bolsa, ene-atalarymyz müň ýyllyk däbiň soňky nesilleri ýaly. Bir nesil hökmünde ikisiniň arasynda bir tarapdan geçmişiň müň ýyllyk tejribesine, däp-dessuryna eýe bolsa, beýleki tarapdan täze döwrüň başynda durus. Sosiologiýanyň çaltlyk bilen özgerýän şertlerinde geçmişde galmak bolmaz. Möwlananyň şu çemeleşmesi bilim, maşgala gatnaşyklarymyz we esasanda syýasy dislurs boýunça bize şöhle saçýar:

“Düýn bilen bile gitdi janjagazym

Näçe söz bar bolsa düýn hakynda

İndi täze zatlar aýtmak gerek”

Elbetde däp-dessurdan aýrylman…

 

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň “Özgerlişigiň Sosiologiýasy we Türkiýe” atly synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar