Konýa metjitleriň, kerwensaraýlaryň we medreseleriň şäheri

Türkiýä Gezelenç 24

Konýa metjitleriň, kerwensaraýlaryň we medreseleriň şäheri

 

Konýa merkezi Anadoly ýerleşýän şäherlerden biri… Türkiýäniň taryhy we medeni taýdan esasy merkezlerinden…

Türk we yslam dünýäsiniň meşhur pikirzadasy Möwlana bilen adygan şäher iňňän baý taryhy geçmişe eýe. Sebitde b.e.ozalky 9000-njy ýyllarda ýaşaýyşyň başlandygy çaklanylýar.

Şäher merkeziniň golaýynda ýerleşýän Çatalhöýük şu günki güne çenli tapylan neolitik döwürden galan iň gadymy we iň bir ösen ýaşaýyş merkezi hasaplanylýar. Dünýä derejesinde ilkinji gezek nahar bişirme medeniýetiniň başlan, ekerançylyk bilen meşgullanylan, oturymly ýaşaýyşa geçilen we ýabany haýwanlaryň hüjümlerinden goranylan merkezlerden biri.

B.e.ozalky döwürde Hititler, Frigler, Lidiýalylar, Persler, Mekedonlar Konýada höküm sürüpdirler. Soň Rim we arap häkimiýeti başdan geçirilipdir. Türkleriň Anadola gelmeklerinden soň Seljuk döwletiniň, soň bolsa Osman döwletiniň çäklerine birikdirilipdir.

Konýa häzirki wagtda eýeçilik eden köp sanly medeniýetiň tapawutly önümçilik usullary bilen emele gelen sungat eserlerini özünde jemleýär. B.e.ozalky 3500-nji ýyllara degişli mukaddes binalaryň galyndylaryna gabat gelmek mümkin. Şeýle-de Anadolydaky iň gadymy hristian ýaşaýyş ýeri we iň gadymy buthana hem sebitde ýerleşýär.

Seljuk döwletiniň paýtagty bolan Konýa şol bir wagtda Ýüpek Ýolunyň ugrundaky esasy düşleg we söwda merkezi bolupdyr. Yslam medeniýetine degişli ýüzlerçe eseri özünde jemleýän, döwrüň musulman alymlarynyň ýetişen we ýerleşen şäherlerinden biri.

Konýa Anadoly Seljuk döwletini dolandyran soltanlaryň, wezirleriň, esasy taryhy şahslaryň türbetlerini, gazna eserlerini, metjitleri, medreseleri özünde jemleýär.

13-nji asyryň esasy şahyry, alym, ylahyýetçi we tasawwufçysy Möwlana Jelaleddin Rumynyň ýaşap geçen we türbediniň ýerleşýän şäheri.

Möwlanananyň aradan çykmagyndan bäri ençeme asyryň geçendigine garamazdan häzirki wagtda bütin dünýäde pikirleri bilen ýatlanýar, ykrar edilýär we eserleri onlarça dilde okalmaga dowam edýär. Möwlananyň türbedi we muzeýi şol jähtden uly ähmiýete eýe. Möwlewi dergähini öz içine alýan muzeýde derwişleriň ýaşan ýerleri, semahanany, Şebi Arus howuzyny, metjidi görmek bolýar. Muzeýde Möwlana we Möwlewilige degişli eserler bilen golýazma kitaplar, kandyllar we saz gurallar sergilenýär.

Möwlana muzeýinde bir sany ýöriteleşdirilen kitaphana ýerleşýär. Kitaphanada Seljuk, Garamanogullary we Osman döwürlerine degişli 4 müňden gowrak golýazma eser bar. Şol eserleriň ählisi digital şertlerde ylmy barlagçylaryň ulanmagy üçin elýeterli.

Konýa metjitleriň, kerwensaraýlaryň we medreseleriň şäheri… Möwlananyň köňül dünýäsinde ägirt uly özgerlişiklere sebäp bolan musulman alymy Şemsi Töwriziniň hormatyna gurlan metjit, Iplikçi metjidi, Şerafettin metjidi, Şeýh Sadreddin Konewi metjidi, Aladdin metjidi, Aziziýe metjidi şolaryň iň  bir belli bolanlaryndan käbirleri.

Karataý medresesi, Inçe Minara medresesi, Syrçaly medrese, Obruk Han, Zazadin Han, Pamukçu Han, Sabita kompleksi, Mehmet Paşa kompleksi Konýada ýerleşýän we sizi taryhyň çuňluklaryna alyp gitjek eserlerden birnäçesi.

Konýada Ýewropanyň esasy tropikal kebelek bagy ýerleşýär. 8 müň inedördül metr meýdany bolan tebigy şertlerde onlarça kebelek we tropiki ösümlik görnüş bar.

Konýa-Sille irki hristiýanlyk döwrüniň esasy merkezlerinden biri. Anadolydaky ilkinji buthanalardan biri bolan we 300-nji ýyllarda gurlan Aýa Elena buthanasy şol ýerde ýerleşýär.

Konýa ähli özboluşlyklary bilen ýylda üç milliondan gowrak ýerli we daşary ýurtly syýahatçyny kabul edýär.

Konýa ýoluňyz düşse Möwlana medeniýet merkezinde Sema çykyşyna tomaşa etmegiňizi, Aladdin depesine baryp görmegiňizi, etli çörekden, bamýa çorbasyndan, demojak kebabyndan dadyp görmegiňizi maslahat berýäris.


Etiketkalar: Konýa , Möwlana , medrese , metjit

Degişli Habarlar