GÜLLERIŇ DILI

Dost-Doganlygyň Taryhy

GÜLLERIŇ DILI

 

 

GÜLLERIŇ DILI

 

         Türkmenleriň gadym zamanlardan bäri beýewan çöllerde we uçsyz-bujaksyz sähralarda, bahar gelende gülälekler, çigildemdir melewşeler bilen basyrylyp duran baýyrlyklarda ýaşandyklaryny göz öňünde tutsak, türkmen dili tebigatyň dilidir. Türkmen diliniň tebigatyň dili bolmagyna täsirini ýetiren zadyň hem türkmen dilinde güller bilen baglanşykly sözleriň köp bolmagy bilen çäklenmän, eýsem türkmeniň güle deňän gyzlaryna gül kimin garandygy, gorandygy, gyzlaryny gülden gymmatly, bägülden näzik, gunçadan gymmatly görendigini we olaryň atlarynda hem hökmany suratda gül sözüniň bolmagy bilen baglanşyklydyr. Türkmen diliniň güller bilen baglanşykly sözlere baý bolmagy hem tötänlik däldir.

        

Türkmen dilinde güller, diňe bir ysy bilen ýatlanyp geçilýän ösümlik bolmak bilen galman, eýsem gülleriň reňki we şol reňklere görä güllere we güller bilen dahylly bolan zatlaryň aňladýan manylary hem özboluşly aýratynlyga eýedir. Şonuň üçin hem iň gadymy edebiýatlaryň biri hasaplanýan türkmen edebiýatynyň dürdäne eserlerinde gülleriň waspy ýetiriliýär, şol eserlerden gülleriň ysy gelýär. Gül ysyny ýatladyp duran şygyrlarda, göm-gök öwsüp oturan şahanyň ujundaky gunçanyň hem waspy ýetirilýär. Diňe bir güldir gunçalaryň waspy ýetirilmek bilen galman, Kemine şahyr özüniň "Zülpüň", "Bile gel", "Gelinler", "Meňzär", "Içinde" goşgularynda gelin-gyzlaryň görk-görmeklerini, edep-ekeramlaryny, hoş gylyklaryny taryplan bolsa, şahyr "Meňzär" goşgusynda:

 

Ýagşy gelin, ýagşy gyzlar,

Mysaly gülzara meňzär -

 

diýip, hemme tarapdan saýhally, salyhatly gelin-gyzlary gülzra meňzedipdir.

 

Kemine  gelin-gyzlaryň owadanlygyny taryplanda, gül, bal, dil ýaly deňeşdirmedir, meňzetmeleri örän ýerlikli ulanýar.

 

Bag miwesi bolmaz şirin dil ýaly,

Belli-belli sözüň bardyr bal ýaly,

Kemine diýr akly-gyzyl gül ýaly,

Aşygnyň janyny alan gelinler.

 

         Keminäniň şygyrlarynda akly-gyzylly güle meňzedip, taryp eden gözeleri diňe bir aşygynyň janyn alan gelinler däl ahwetin. Goç ýigitleriň ýüregine wehim salyp, göwnünde gopgun turuzan gyzlar hem, Keminäniň tarypyny ýetiren gelinlerinden gaýra durmaýar ahyryn. Ynha şonuň üçin hem türkmen ýigitleri husnuna gedaý bolan gyzlaryny, bir görseň aýa meňzeder, gaşlaryny hem ýaýa, emma niçeme aýlara meňzedilen gyzlaryny iň soňunda ýene-de güle meňzederler. Kemine şahyr kimin söýen gyzny şygyrlarda wasp edip biljek derejede dile çeper bolmasa hem, her bir ýigit öz söwer ýaryny güle meňzeder, özüni bilbile. Sebäbi her ýigit şahyr däldir, emma olaryň ählisinde, aşyk gyzyna aýtmak isleýän arzy aňynda at salyp, ýüregini ýaryp barýar ahbetin. Arzyny aýtmaga gelen goç ýigidiň, jemalyny aýa meňzedýän gyzynyň jellat gözleriniň gazabyna duçar bolmakdan gaçyp gutulmak, göwnüni giň tutup, ýüregindäkini aýtmak islände, ruhy taýdan çökgünlige duçar bolmak islemeýändigi üçin arzyny aýtmaga, göwnüni açmaga gelen ýigit, göwün beren gyzyny güle meňzeder. Ynha şonda şol gülleriň dili bolan türkmen dilindäki sözler, türkmen ýigidiniň ýüregini joşdyryp, gözlerini gapar gyzlaryň gül jemaly. Aýly agşam aşyk ýigit aýy görmez, güle meňzeden gyzyny görer. Bilbilleri saýrdan, gülleriň dili, neneň saýratmasyn aşyk ýigidi.  

 

Bugün bir gözel gördim,

Aý jemaly güle meňzär.

Sesine gurban bolaýyn,

Saýraýan bilbile meňzär.

 

ýa-da

 

         Magtymguly Pyragynyň “Güle meňzär” goşgusyndan

 

Eý, ýaranlar, ýagşy ýaryň

Goýny jennet, güle meňzär;

Sözlese, dürler saçylar,

Dilleri bilbile meňzär.

 

– diýen birje bendi şaglap göwnüne inen wagty, zowladyp goýberer aşyk ýigit. Goşgy goşan, ýüregi joşan wagty, ýigide aýly agşam, aý neneň görünsin, kalbynyň hany-soltany saýyp güle meňzeden, gülleriň dili bilen taryp eden gözel gyz barka. Şol gyzyň gül ýüzi, ýigidiň saz bilen söhbet guramakdan geçip, kä gülüp, käte bäri bakyp, näz bilen sallanyp geçen wagty, gül ýüzli gyzyň ýüzüniň şöhlesine diňe bir aý däl, eýsem ýigit hem ýanar, özüni oda atanyny hem duýman galar.

 

         Emma aşyk ýigit, gülleriň diline düşünmek üçin şahyrlaryň şygyrlaryny okap, aşyk gyzyna aýdyp beren bolsa, Ýunus Emre, aşyk ýigidiň diline düşünse hem gepleşip bilmän görküne guwanyp, aşyk gyzyna meňzeden gülleri bilen gepleşmegi başaran şahyrlardan biri diýsek ýalňyşmasak gerek. Sebäbi onyň “Sary gülden soradym” atly goşgusyny okan wagtyň gülleriň dilini bilmek bilen galman, olar bilen gepleşip goşgularynyň setirlerine salandygyny hem görüp bileris. 

 

Soradym sary gülden,

Ejeň-kakaň barmydyr?

Diýdi eý derwiş baba,

Ejem-kakam toprakdyr.

 

Emma aşyk ýigit, şahyryň:

 

Gussa gördüm gözünde,

Jana kast eden gaşlaň astynda.

 

- diýen setirleri ýadyna düşen wagty, Ýunus Emre ýaly haka sygynyp, allanyň adyny dile getirip:

 

Soradym sary gülden,

Meňziň niçün sarydyr?

Diýdi eý derwiş baba,

Ölüm bize ýakyndyr.

 

– diýip jogap beren gülden meňziniň sarylygyny, ölümiň barlygyny sorap bilmese hem aşyk gyzynyň gül ýüzüni görmek üçin meňzi saralynça garaşyp biler.

        

Türkmen gyzlarynyň arasynda Orazgül, Rozygül ýaly gül sözi bolan türkmeniň dini-ygtykaty bilen baglanşykly atlar bilen birlikde Akgül, Akjagül, Bahargül, Bägül, Güljemal, Gülnur, Nowgül, Nurgül, Täzegül, ýaly atlara gabat gelýän bolsak, Enegül, Mamagül ýaly atlary dünýäden öten garrylaryny ýatlamak üçin, çäksiz hormatlan eneleridir mamalarynyň hormatyna ýene-de gülden gymmatly saýandyklary üçin agtyklarydyr çowluklaryna dakýän atlarydyr.    

 


Etiketkalar: bägül , waspnama , ösümlik , gunça

Degişli Habarlar