Türkiýe S-400-leri näme üçin alýar

Russiýa ylmy barlag institutynyň başlygy, Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň mugallymy Prof. Dr. Salih Ýylmazyň mesele baradaky syny...

Türkiýe S-400-leri näme üçin alýar

Türkiýe S-400-leri näme üçin alýar

 

Türk hökümeti S-400 meselesindäki basyşlara boýun egmez

Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan 2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda beren soňky beýanatynda “Türkiýe S-400 goranyş ulgamlaryny alar diýmeýärin aldyk diýärin. Bu iş gutardy. S-400-iň nyrhy amatly bolmak bilen birlikde bilelikde öndürilmegi üçin şertnama hem baglaşdyk. Gysga wagtda hem gowşurlar. Siriýa krizisini S-400-den we F-35-den aýry göz öňünde getirmelidiris” diýmek bilen Türkiýäniň bu meselede tutanýerli tutum alyp barýandygyny görkezdi

Şol gün ýagny 12-nji iýunda Russiýa gününe bagyşlanan çärede çykyş eden Russiýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alekseý Ýerhow hem Russiýanyň S-400-ler meselesinde tutumynyň üýtgemejekdigini, Türkiýeli we Russiýaly tehniki toparyň öz işini dowam etdirjekdigini belledi.

Türkiýe soňky beýanaty bilen ABŞ we NATO tarapyndan edilýän ähli basyşlara garamazdan S-400-ler meselesinde egilşik etmejekdigini görkezdi. S-400-ler iýul aýynyň ahyrynda Türkiýä gowşurylmaga başlanar. Russiýa bilen Türkiýäniň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda S-400-ler diňe Türkiýäniň çäklerinde ulanylar. Şol madda görä, soňky döwürde ýygy-ýygyndan gün tertibine getirilýän Türkiýe S-400-leri üçünji ýurda satyp bilermi jedelleşigi hem ortadan aýrylýar. EmmaTürkiýe ABŞ bilen bu meseledäki dartgynlygy çuňlaşdyran halatynda şol ulgamy öz harby bazasynyň ýerleşýän ýeri bolan Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda hem gurmak hukugyna eýe bolup biler.

Türkiýe S-400-leri goranyş ýaragy hökmünde alýar

Türkiýe 1 ýyldan bäri däl eýsem soňky 10 ýyldan bäri howa goranyş ulgamlaryny almak üçin tagalla edýär. S-400 ulgamy Türkiýä näme üçin gerek? Türkiýe, NATO agza we hyzmatdaşy bolan ABŞ-nyň Patriot raketa ulgamyny almak baradaky talabyny kanagatlandyrmandygy sebäpli başga alternatiwlere gönükdi, Russiýanyň amatly teklibini ara alyp maslahatlaşdy we S-400 howa goranyş ulgamlaryny satyn almak barada karar kabul etdi. Emma ýetilen sepgitde S-400 harby ulgam bolmakdan çykdy we ABŞ tarapyndan syýasy mesele ýagdaýyna getirildi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, ýygy-ýygynda Türkiýe Russiýadan S-400 howa goranyş ulgamlaryny alan halatynda Türkiýä garşy dürli sanksiýalaryň goýlup bilinjekdigini beýan edýär. Hatda soňky gezek ABŞ-nyň Goranmak ministri wezipesini ýerine ýetirijisi Şanahan Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akara ýazan hatynda sanksiýalar beýan edilmek bilen birlikde şol bir wagtda Türkiýe bilen hyzmatdaşy bolan ýurda hemle atyldy. ABŞ-nyň şol tutumy ne hyzmatdaşlyga ne-de diplomatik kadalara laýyk gelýär. Türkiýe S-400 leri hüjüm ýaragly hökmünde almaýar. Sebäbi S-400 goranyş ýaragydyr. Türkiýä hüjüm etmek barada pikir etmeýän haýsydyr bir ýurt munan biynjalyk bolmaly däl. ABŞ S-400-le garşylyk görkezýärkä, ýaňy ýakynda satuwa çykarlan F-35 kysymly harby uçarlaryň ulgamlaryny ele geçirip biljekdigini we NATO bilen utgaşykly bolmandygyny öňe sürýär. Emma Türkiýäniň bilelikdäki komissiýanyň gurulmagy we ulgamyň barlanmagy, eger ABŞ-nyň garaýyşlaryna bap gelýän haýsydyr bir waka gabat gelinen halatynda goranyş ulgamlaryndan ýüz öwürip biljekdigi baradaky teklibini kabul etmeýär.

Türkiýäniň alan S-400-leri aýry ulgam bilen işleýändigi üçin gözegçiligi dolulygyna Türkiýede bolar we F-35-iň syrlaryny Russiýanyň almagy mümkin däl.

ABŞ, terror guramasy bilen gatnaşyk etmek bilen Türkiýe bilen edýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna äsgermezçilik edýär

Amerikan kongresiniň geçen ýyl çykaran “Amerikanyň düşmanlaryna garşy sanksiýa goýmak bilen göreşmek kanuny” Türkiýäni hem öz içine alan halatynda bu ABŞ taýdan bolşy ýaly bütin dünýä täsirini ýetirip biljek sebitara öwrülşik bolup biler. NATO-nyň we Ýewropanyň Garadeňiziň başda durmagynda Gündogar Ortaýer deňzi, Gündogar Ýewropa, Balkanlar we Ýakyn Gündogar ýaly sebitlerde Türkiýesiz alyp barjak syýasaty oňyn netije bermez.

ABŞ Türkiýäni S-400-leri satyn almak bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny basgylamakda günäkärleýär. Emma özi hyzmatdaş hökmünde birnäçe ýyldan bäri talap bildirýändigini garamazdan Patriot howa ulgamlaryny satmaýandygyny agzamaýar. Mundan başgada 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkiýede agdarlyşyk etmäge synanşan, 200 adamyň ýogalmagyna 2 müň adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysynyň we agzalarynyň ABŞ-da ýaşamagyna rugsat bermek bilen hyzmatdaşlyk hukugyny basgylaýar. Şeýle hem Türkiýede 1980-2019-njy ýyllaryň aralygynda 40 müň adamyň ýogalmagyna sebäp bolan we müňlerçe adamy öýsüz-öwzarsyz goýan PKK-PÝD terror guramasy bilen Siriýanyň demirgazygynda hyzmatdaşlyk edýän we şol gurama müňlerçe konteýnerlik ýarag bermäge dowam edýär.

ABŞ bütin dünýä hemle atýarka halkara hukugyna äsgermezçilik edýär

ABŞ hyzmatdaşlyk hukuny diňe öz bähbidine laýyklykda gün tertibine getirýär. Edil şonuň ýalyda Germaniýa Demirgazyk Akym-2 taslamasyny gurup bilmersiň. Ýewropa menden birugsat öz ýaragly goşunyňy döredip bilmersiň diýýärkä, bütin dünýäni Bütin dünýä söwda guramasynyň kadalaryny basgylamak bilen embargo goýmak bilen hemle atýarka hyzmatdaşlyk ruhy asla ýadyna düşmeýär.

Türkiýä uly howpyň abanýandygyna garamazdan birnäçe wagtdan bäri howa goranyş ulgamlaryny almak baradaky tagallasyna  NATO agza ýurtlar tarapyndan biperwaý garalmagy sebäpli Türkiýe Russiýadan S-400 ulgamlaryny almaga mejbur edildi diýip bileris.

ABŞ-nyň öz bähbitlerini göz öňünde tutmak bilen, Russiýa, Demirgazyk Koreýa, Eýrana, Hytaýa we Wenesuela goýan sanksiýasyndan soň Türkiýä bir taraply ýagdaýda sanksiýa goýmaga taýarlanmagy Ýewropa ýurtlarynyň hem indi ABŞ-nyň bir taraply syýasatlaryna reaksiýa görkezmeleriniň wagtynyň gelendigini görkezýär. Eger Ýewropa  ýurtlary bu meselede dymmagy saýlap alsa Türkiýesiz hem öz howpsyzlyklary howp astynda bolar hem-de ABŞ-nyň bir taraply syýasaty olara hem ýaramaz täsirini ýetirer.

Türkiýe, NATO-nyň esasy agzasy hökmünde öz üstüne düşýän ähli jogapkärçiligini ýerine ýetirer

ABŞ bilen Ýewropa ilkinji nobatda Türkiýäniň S-400 kararynyň hiçbir ýurda garşy kabul edilen karar bolmandygyna dogry düşünmeli. Dünýäniň dartgynly sebitlerinde birnäçe meseläniň başdan geçirilýän döwründe goranyş maksatly alynan ýaragy howp hökmünde görmek dogry däl. Türkiýe birnäçe ýyldan bäri Owganystanyň başda durmagynda Kosowa, Garadeňiz, Siriýa we Bosniýa ýaly birnäçe ýurtda NATO-yň iň esasy agzalaryndan biri hökmünde uly jogapkärçilik aldy. ABŞ alyp barýan syýasaty bilen Türkiýäni çetleşdirmek isleýän bolsa maksadyna ýetip bilmez we türk halkynyň garşylygyna sezewar bolar. Şeýle hem Türkiýäniň goranyş senagatynda Russiýa we Hytaý bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegine we Türkiýäni dolulygyna ýitirmegine sebäp bolup biler.

Türkiýäniň S-400 karary özbaşdaklyk esaslaryna görä seljerilmeli. Türkiýe howa goranyş ulgamlaryny amatly nyrhdan almak isleýär. ABŞ Patriot ulgamlaryny satmandygy sebäpli Türkiýe tebigy ýagdaýda başga alternatiwlere gönükdi.

ABŞ , Amerikanyň düşmanlaryna garşy sanksiýa goýmak bilen göreşmek kanunyny sebäp hökmünde görkezmek bilen Türkiýä syýasy we harby taýdan sanksiýa göýüp biler. Emma şol sanksiýalar sebäpli orta we uzak möhletde Türkiýe egilşik etmez. Türk halky asyrlardan bäri ezilene goldaw berýän we demokratiýa ynanýan halkdyr. ABŞ Türkiýäni jezalandyrmak bilen maksadyna ýetjekdigine ynanýan bolsa onda arzuw hyýaly puja çykar.

Güýçli ýurtlar, güýçsiz görýän ýurtlaryny basyş we hemle bilen bu dünýä parahatçylyk getirip bilmejekdiklerinine göz ýetiren halatynda bütin dünýäde asudalyk ýola goýlar

Russiýa ylmy barlag institutynyň başlygy, Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň mugallymy Prof. Dr. Salih Ýylmazyň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik



Degişli Habarlar