S-400-lermi ýada ABŞ-nyň ugrunyň üýtgemegimi 1

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Prof.Dr Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

S-400-lermi ýada ABŞ-nyň ugrunyň üýtgemegimi 1

Taryhyň belli döwürleri ulgamlary gurýan döwürlerdir. Şol döwürlerde gurlan ulgamlar, täze näbellilik ýada dartgynlyk şertine çenli dowam edýär. Ýewropadaky 30 ýyl uruşlarynyň bes edilmegini ýola goýan Westfalýa ulgamy, II jahan uruşunda soň Ýalta konferensiýasy bilen gurlan Sowuk söweş ulgamy, ilki bada ýada düşýän halkara ulgamlardyr. Ýalta konferensiýasynda, Britaniýanyň Premýer ministri Winston Çerçil, ABŞ-nyň Prezidenti Franklin Ruzwelt we Sowet soýuzynyň Prezidenti Stalin, 1945-nji ýylda Krymyň kiçi kenarýaka şäherçesi bolan Ýaltada duşuşyp, şu günki günde heniz ýerine täzesi gurulmadyk sowuk söweş ulgamyny gurýarlar.

Täze global ulgam garaýyşlary

“Global ulgam” diýilýärkä bu ýerdäki ulgamyň adalata, adamzadyň bähbidine esaslanmagy hökman däl. Global adalat ulgamy aýry mesele we aýry garaýyşdyr. Global ulgam diýilýärkä, aktýorlary belli bolan, taraplaryň mejbury ýada meýletin ýagdaýda halkara derejesinde ýörgünli bolan ulgam meselesinde ylalaşylan mehanizmi göz öňünde tutulýar. Adalata esaslanmagy mejbury bolmadyk we netijeleri göz önüne getirlip bilinýän ulgam..

Adamzat 21-nji asyrda Sowuk söweş ulgamynyň bes edilen, emma täze ulgamyň heniz gurulmadyk näbelligini başdan geçirýär. NATO we Warşawa paktlary bilen, Günbatar we Gündogar blogunyň arasyndaky şol sowuk söweş ulgamy, Sowet soýuzynyň dargamagy bilen netijelendi.

Häzirki wagtda sowuk söweşiň iki merkezli dünýäsiniň esasan 4 ugurda öz barlygyny dowam etdirýändigi aýdylyp bilner

ABŞ-nyň ugry: ABŞ özüni merkez hökmünde saýlap alyp Amerikan İmperatorlygyny dowam etdirmäge çalyşýar. Indi ozalky ýyllardaky ýaly ýumşak güýjüni ulanmaýar ýada ähliumumy gymmatlyklara sarpa goýýan syýasatlar alyp barmaýar. Tersine diňe öz bähbidine laýyk gelýän syýasat alyp barýar. ABŞ-nyň indi oňyn garaýyş bilen ýaňadandan halkara bäsleşikde öňe saýlanmagyna garaşylmaýar. Şol sebäpli ABŞ beýleki ýurtlaryň halkara bäsleşikde esasy rol oýnamagyny bökdeýän syýasat alyp barýar. Şol çäkde ABŞ ozallar globallaşmanyň çempiony bolan bolsa indi globallaşma garşy alyp barýan syýasatlary bilen ünsleri özüne çekýär.

Russiýanyň ugry: Sowet soýuzynyň dargamagyndan soň, Russiýa ýaňadandan pozisiýasynyň güýçlenmegi üçin tagalla edýär. Russiýa halkara derejesinde hiç wagt amatly merkez bolmandygy üçin täsiriniň güýçlenmegi baradaky tagallalaryny esasan harby derejede we alyp barýan beýleki berk syýasatlary bilen dowam etdirýär.

Hytaýyň ugry: Hytaý ykdysady güýç hökmünde esasy rol oýnaýar emma heniz syýasy we harby güýç hökmünde beýle uly ähmiýet gazanmady. ABŞ-nyň başda durmagynda beýleki aktýorlar açyk aýdyn harby we syýasy güýç hökmünde öz barlyklaryny dowam etdirýärkä, Hytaý häzirlikçe diňe ykdysady we tehnalogik güýç hökmünde özüni görkezmegi saýlap aldy. Syýasy taýdan haýsydyr bir ýurda garşy berk syýasat alyp barmakdan gaça durýar. Mysal üçin ABŞ-nyň özüne garşy Hindistana goldaw berýändigine garamazdan, Kaşmir meselesinde açyk aýdyň ýagdaýda Hindistana garşy syýasat alyp barmaýar

Adalata esaslanýan täze ugur gerek

4-nji ugur bolsa global adalat ugrydyr. Şeýle ugur gynansakda heniz ýok. Öz bähbitlerine esaslanýan syýasat alyp barýan ýokardaky aktýorlardan daşary halkara ýada global ugur gerek. Global adalat ugry, beýleki bähbit ugurlarynyň derňagramlylygy taýdan hem zerur.

20-njy asyrda ýüze çykan ÝB-niň global aktýor bolmandygy  mese mälim. ÝB-niň 21-nji asyrda öz barlygyny dowam etdirip etdirmejekdigi hem näbelli. Munyň bilen birlikde ÝB-ne agza ýurtlaryň däl emma bileleşik hökmünde ÝB-niň gymmatlyga esaslanýan käbir tagallalary global adalat ugryny goldaýar görnüşinde analiz edilip bilner

Türkiýäniň alyp barýan sebitara syýasatlary we “dünýä bäşden uludyr” diýlip gysgaça beýan edilen global adalat çagyryşlary we tagallalary hem global adalaty ugruna goldaw berýändigini görkezýär. Adamzat üçin parahatçylygy we adalat ulgamyny ýola goýjak ugryň aktýorlary, öz barlyklaryny görkezmek üçin ýakyndan hyzmatdaşlyk edip has işjeň syýasat alyp baryp bilerler.

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda S-400 howa goranyş ulgamlary meselesinde emele gelen krizis hakynda gepleşigimiziň indiki sanynda maglumat bermekçi, emma häzirlikçe meseläniň S-400-ler bolmandygyny, meseläniň günbatarly we günbatarjy ýazyjylaryn belleýşiniň tersine, Türkiýeden zyýada Günbataryň esasan ABŞ-nyň üýtgän global ugurlaryna esaslanýandygyny nygtap geçeliň. ABŞ-nyň sowuk uruş döwründen dolulygyna tapawutly we beýleki ýurtlary ýok hasap edýän tutumy üýtgemese S-400 ýaly şuňa meňzeş krizisleriň başdan geçirlip bilinjekdigini nygtap geçeliň

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň dekany Prof.Dr Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar