Döwrebap Zamanalar we Remezanlar

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýaris

Döwrebap Zamanalar we Remezanlar

 

Döwrebap Zamanalar we Remezanlar

Söze Hytaý gargyşy bilen başlalyň: “Täsin döwürlerde ýaşagyn”. Hytaýlylaryň sözüň doly manysynda nämäni göz öňünde tutýandygyny bilemok. Emma ähli zada eýe bolan mahalynda döwrebap adamlaryň başdan geçirýän ýalňyzlyk we gymmatsyzlyk çökgünligi dowam edýärkä täsin zamanalar şeýle bolsa gerek.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýaris.

Gözgyny Döwrebap Adam…

Hakykatdan hem döwrebap zamananyň ýalňyz adamy beýleki jandarlardan has gözgyny ýagdaýda. Döwrebap adam tebigata, däp-dessura, dine, gymmatlyklara, ähli çäklendirmelere garşy durup, diňe akylynyň awtoritaryna laýyklykda hamala diýersiňiz taňrylygyny yglan edene meňzeýär. Emeli zehin we beýleki tagallalar bilen ölümsizlik gözlegini dowam etdirýär. Emma ýaradylyşy ylahy däl. Pany, ýagny ölümli.

Taryhyň başga bir döwründe döwrebap adam ýaly çäksiz arzuwlary sebäpli barlykda ýoklugy, mähelleleriň içinde ýalňyzlygy, ähli mümkinçiliklere garamazdan çäresizligi şol bir wagtda başdan geçirýän başga bir döwür boldumyka, bilemok.

Döwrebap adam… sarp ediji jemgyýetiň guly… Tebigaty, goş-golamy, gymmatlyklary, kadalary bir gezek ulanyljak ýagdaýa getirip, sarp edýan barlyk.

Döwrebap adamy ähli zady sarp edýän men-menliginden halas etjek, säginip ussat Nejip Fazylyň diýşi ýaly “duruň mähelle, bu ýoluň soňy ýok/ gygyrsam gollary gaýçy kimin açyp” diýdirjek we titräp özüne getirjek bir wagt bölegi tapylmazmydy? Özüni gözden geçirmäge pursat döretjek bir ýörelgäni, bir wagt bölegi! Eýsem dinleriň, ideologiýalaryň, garaýyşlaryň arasynda şeýle ýörelge barmyka, diýip sorasak, Remezan aýy şeýle gözlegiň jogaby bolsa gerek.

Orazanyň Aňladýan Manysy

Döwrebap adamy bu çökgünliginden, men-menliginden we ýalňyzlygyndan halas etjek zat, diňe özi üçin ýaşamagy. Ähli zady öz zowky-sapasynyň dadymlygyna öwürmezligi. Remezanü ähli edenleri we etmedikleri bilen adama özüni sorag etdirjek aý.

Adamzadyň häzirki wagtdaky iň esasy üç meselesi; adalatsyzlyk, bölüşmezlik we tapawutlyklar bilen bilelikde ýaşap bilmezlik bolsa gerek. Remezan aýy ähli kemçilikleri ýekelikde düzedip biljek aý.

Oraza tutmak belkem iň azyndan belli wagtlaryň aralygynda hiç zat iýip-içmezlikdir. Has artygy bedeni ähli nygmatlardan mahrum edip, ähli nyhmatlaryň gadyryny bilmeklikdir.

Oraza adamy sarp ediş gulçulygyndan halas edip, ony azat etmegin beýleki bir ady.

Oraz aýynda agyz bekleýän diňe aşgazan däl. Dil, aň, çemeleşmelerimiz. Ähli bedenimizi erbetliklerden saplaýan aýdyr remezan.

Oraza ilkinji nobatda ýürek arassaçylygy. Açgözlüligiň, doýmaz-dolmazlygyň dermanydyr.

Bölüşmegiň we asudalyň aýy…

Oraza dillerden, kowumlardan, reňklerden, ideologiýalardan, dinlerden ýokarda durýan jebislik we agzybirlik aýy. Yslamyň ähliumumylygynyň belkem iň estetiki beýanydyr. Musulman jemgyýetlerde berilýän adaty agzaçarlarda, gurulýan agzaçar çadyrlarynda adama kimdigi soralmaz. Ýunus Emräniň sözi bilen aýdylanda: “ýaradylan hoş görüler, ýaradandan ötri.”

Agzaçarlaryň ähliumumy manysy we jebisleşdiriji özboluşlygy musulman halklarynda-da özüni görkezýär. Musulman halkar goňşulary, musulman bolmadyk adamlar bilen agzaçaryny bölüşýär. Bu ähliumumy ýüzlenmeleri käbir döwletler hem berjaý edýärler. Ak Tamda we käbir günbatar ýurtlarynda her ýyl agzaçarlar berilýär.

Oraza şeýle-de Türkiýede jemgyýetçilik guramalarynyň ýurduň içinde daşynda iň köp kömek berýän, bütin dünýaden ýetimleri, hossarlary, kömege mätäç bolan adamlary begendirýän aýlaryndan biri. Pitre, sadaka, zekat we meýletin kömekler bilen kömege mätäç adamlaryň isleginiň kanagatlandyrymagy diňe bir ýagşylyk hem-de meýletinlik işi däl. Şol kömekler, haýyr-ihsanlar adalaryň ýokluk, ýeter-ýetmezlikler sebäpli jenaýatçylykly işlere ýa-da terrora baş goşmagynyň öňüni alyp, dünýä parahatçylygyna iňňän möhüm goşantdyr. Türkiýe iň baý ýurt bolmandygyna garamazdan iň köp kömek berýän ýurt özboluşlygy bilen asudalyga we parahatçylyga goşoant goşýar.

Hasabatlar hem oraz aýynda jenaýat işlenme mukdarynyň azalýandygyny görkezýär.

Hatyralamagyň, jebisleşdirmegiň, barlyşmagyň aýy

Remezan Türkiýede çuňňur duýulýan aý. Agzaçarlar, selänlikler, tarawa namazlary, gadyr gijesi we şol gijede geçirilýän çäreler, çakylyklar, şüweleňler, selälinlik deprekçileri, nakyllar… Şol çäreler ähli jemgyýeti jebisleşdiriji özboluşlyga eýe. Oraz aýynda geçirilýan çäreler hiç kimi çetde goýmaýar. Belkem milletimiziň adamlary çetleşdirmän öz boluşlygyny emele getiren saýlama milletlerden biri bolmagynyň sebäp şondan gelip çykýandyr.

Remezan hatyralamagyň, jebisleşmegiň we barlyşmagyň aýydyr. Şeýle hatyralama welin, diňe bir ýaşaýanlaryň däl, şol bir wagtda dünýeden ötenleriň gubyrlarynyň zyýarat edilýan aýy. Gubyrlara zyýarat ölenleriň belkem belki ýaşaýanlara has köp zat berýändir. Şahyr Sezai Karakoçyň aýdyşy ýaly: “Gubyrlardan beýgelýän bahary” başdan geçirder bize. Şol zyýaratlar dünýä durmuşynyň panylygyny ýatladyp, älemdäki ontologik pozisiýamyzy kadalaşdyrýandyr. İçinden çykylmaýan uly kynçylyklar, meseleler, ýüzöwrülmesiz kabul edýän zatlarymyz, yzyndan ylgaýan ençeme zatlarymyz şeýle adatylaşar welin… Gonaçylyk zyýaratlarymyz garaýyşymyzy, pozisiýamyzy her gezeginde düzeder.

Remezanlar şol bir wagtda öýkelileriň ýaraşýan, kineleriň unudulýan barlyşyk aýydyr. Goňşularyň, garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň görülýän aýy. Baýramlaşmalar, baýramçylyk gezelençleri döwrebap adamyň ýalňyzlygyny, dostluga, söhbede bolan hesretini diňdirýär. Türkiýede nähili gowy, hasabatlardan birine görä adamlar baýramlarda 84 göteriminde dogan-garyndaşlary bilen görüşýärler.

Sözlerimi bir teklip bilen tamamlamakçy: Oraz aýy döwrebap adamy zynjyrlaryndan halas edýän, ony erkinleşdirýän, daş-töweregine, jemgyýete, beýleki jandarlara, tebigata bolan ünsüni artdyrýan berekedi, asudalyga we dünýä parahatçylygyna goşýan goşandy bilen ÝUNESKO-nyň dünýäniň konkret däl medeni mirasyna girizmeli aýlaryndan biri. Ýa-da dünýä parahatçylygyna goşant baýraklary, adamlardan ýa-da guramalardan başga birine berilmeli bolsa, onuň iň mynasyp dalaşgäri Remezan aýydyr.

Orazaňyz, baýramyňyz gutly bolsun!

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň Döwrebap Zamanalar we Remezanlar atly synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar