TÜRKMEN GOJASY–ÝUNUS EMRE
Dost-Doganlygyň Taryhy
Dost-Doganlygyň Taryhy 23.05.2019
TÜRKMEN GOJASY–ÝUNUS EMRE
Sensiz ýola gider bolsam, çäräm ýok ädim ätmäge,
Göwrämde kuwwatym sensiň, başym göterip gitmäge.
– diýen setirler bilen başlaýan gazallaryndan alanan iki setir, türkmeniň gojasy, Yunus Emrä degişlidir. Döwürdeşleri tarapyndan hormat bilen «Türkmen gojasy» diýlip ady tutulan Ýunus Emre ussat şahyrlaryň biri hasaplanýar. Onuň ýaşan döwri Beýik Seljuk türkmenleriniň döwletiniň synyp, Osman türkmenleriniň döwletiniň döräp başlan döwrüne gabat gelýär. Kiçi Aziýada, Seljuk türkmen döwleti gurlandan soňra, XI-XIII asyrlarda döwlet işleri, şol sanda edebiýat hem arap, pars dillerinde dowam edipdir. Ýunus Emre ilkinji bolup, Oguz türkmenleriniň dilindäki ýazuwly halky edebiýaty esaslandyrýar. Onuň goşgulary ýat tutmak arkaly, şeýle hem ýazuw üsti bilen halk arasyna ýaýrapdyr.
Ýunus Emre dünýä meşhurlygyny gazanan beýik söz ussatlarynyň biri hasaplanýar. Indi ýedi ýüz ýyldan gowrak wagt bäri onuň eserleri okalyp, halkyň elinden, dilinden düşmän gelýär. Onuň şygyrlary ozanlaryň, aşyklaryň, bagşy-sazandalaryň ylham joşgunyny arşa göterýär.
Dürli sebäplere görä, Türkmenistanyň çäklerinden uzaklara düşüp galan hem bolsa, Ýunus Emre ömrüni türkmen ruhy bilen ýaşap, ölmez-ýitmez eserlerini-de türkmen ruhy bilen timarlapdyr. Ine, şonuň üçinem, öz döwründe beýik pelsepeçi alym, köňülleriň soltany Jelaleddin Rumy ony uly hormat bilen Türkmen gojasy diýip atlandyrypdyr. Şondan soňra Ýunus Emräniň ikinji ady il arasynda «Türkmen gojasy» diýen görnüşde ýörgünli bolup gidiberýär.
Ýunus Emräniň döredijiliginiň baş mowzugy söýgi bolup durýar. Ol bu mowzuga örän giňişleýin aralaşýar. Onuň bu babatda ýöredýän pikirleriniň aglabasy ylahy söýgä degişli bolup, şol bir wagtyň özünde-de ol dünýewi söýgüden, şahyryň ýaşan jemgyýetinden, döwürdeşleriniň gündelik ýaşaýşyndan, iş-aladalaryndan hem üzňe däl. Bu ýagdaý onuň eýeren oguz türkmen edebiýatynyň däpleri hem sopuçylyk taglymaty bilen baglylykda ýüze çykýar. Ol gadym oguz türkmenleriniň ruhy dünýäsine içgin aralaşany, Bagdady Jüneýdiniň, Baýezit Bistamynyň, Mansur Hallajynyň «Anal–Hak» (Men–Hak) diýen pikirine eýereni üçin, Taňry bilen ynsan bir hasaplanýar. Şonuň üçin onuň wasp edýän gözelligi-de kä ylahy, kä ynsan gözelligi şekilinde taryplanýar.
Şahyr adamzat dünýäsini bezeýän zadyň söýgüdigini, söýgüsi bolmadyk adama hiç bir sözüň, öwüt-ündewiň ýokmaýandygyny, täsir etmeýändigini, olaryň haýwan kysmy bolýandygyny aýdyp geçýär:
Yşksyzlara berme öwüt, öwüdiňden alar degil,
Yşksyz adam haýwan olar, haýwan öwüt biler degil.
Ol öýke-kinäni, dawa-jenjeli goýup, adamlary birek-biregiň göwnüni awlamaga, gadyr-gymmatyny bilmäge, kalplarynda birek-birege söýgi beslemäge çagyrýar:
Men gelmedim dawa üçin, meniň işim söýgi üçin,
Dostuň öýi köňüllerdir, köňüller ýapmaga geldim.
Ýunus Emre bütin döredijiligini «Söýeliň, söýleliň» diýen çagyryş bilen dowam edipdir:
Geliň tanyş bolalyň, işi aňsat kylalyň,
Söýeliň, söýüleliň, dünýä hiç kime galmaz.
Ýunus Emre ýaşan jemgyýetiniň keşbini, onda höküm süren adalatsyzlyklary, zulum-sütemi, adamlaryň dogry ýoldan ýöremän, bet işlere baş goşýandyklaryny hiç bir bassy-rýussursyz aýdyp geçýär:
Musurmanlar, zamana ýatly boldy,
Halal ýeňmez, haram gymmatly boldy.
Okalan Gurhana gulak asmazlar,
Şeýtanlar semredi, kuwwatly boldy.
Haram bilen hamyr tutdy jahany,
Pisat işler eden hormatly boldy.
Ýunus Emre ähli şer işlere, ýamanlyklara, deňsizlige, ezilişe, adam mertebesiniň kemsidilmelerine garşy parahat ýol bilen göreş alyp barýar. Şahyryň pikiriçe, dünýädäki ähli ýaramazlyklaryň öňüni almak üçin, ilkinji nobatda, her bir adamyň kalbynyň, ruhy dünýäsiniň päk bolmagy gerek. Munuň üçin her bir adam ilki bilen öz-özüni ýeňmeli, özündäki harsydünýäligi, men-menligi, gopbamsylygy, gahar-gazaby ýeňmeli. Her bir adam nebsini öldürmeli, pespäl, kiçi göwünli bolmaly. Şahyr adamyň akylyna, pähim-paýhasyna ýokary baha berýär. Akyly, pähim-paýhasy adamzat ruhunyň ähli çözmesi kyn meselelerini ýeňip geçmegi başarýan uly güýç, uly gudrat hasaplaýar.
Şahyryň diwanynda tebigatyň gözel keşbini suratlandyrmaga uly orun berilýär. Bu topara girýän goşgularyň many-mazmunynda dünýewilik has-da güýçli. Olarda oguznamaçylygyň täsiriniň bardygy aýdyň duýulýar:
Gitdi bu gyş zulmaty, geldi bahar ýaz ile,
Ýaňy nebatlar bitdi, möwç urdy hep näz ile.
Ýene mergzar oldy, uş ýene gülzar oldy,
Ter nagma düzer oldy, musikide saz ile.
Ýene bir mysal:
Ýene ýaz günleri geldi, söýle, bilbiljigim, söýle,
Jümle çiçekler zeýn oldy, söýle, bilbiljigim, söýle.
Ýaşyl don geýdi agaçlar, perwaz urup uçar guşlar,
Nepesiň janlar bagyşlar, söýle, bilbiljigim, söýle.
Ýunus Emre oguz-türkmen edebiýatynyň ösüş taryhynda täze bir mekdep döretdi. Şahyryň şol mekdebi henize-bu güne çenli dowam edip gelýär. Şa Ysmaýyl Hataýy, Muhammet Fizuly, Ymadeddin Nesimi, Baýram han we beýlekiler Ýunus Emräniň şol edebi däplerini dowam etdirdiler, ony öz döwrüniň talaplaryna laýyk ösdürdiler, baýlaşdyrdylar. Hatda Kiçi Aziýa bilen özara gatnaşyklaryň üzülendigine garamazdan, XVIII-XIX asyrlarda ýaşan türkmen şahyrlary-da ondan habarsyz galmandyrlar. Magtymguluda, Mollanepesde Ýunusyň täsiri aýdyň duýulýar.
Beýik söz ussatlary geljek nesillere edebi, ruhy, çeperçilik gymmatlyklary miras galdyrmak bilen, öz halkynyň dilini-de timarlaýar, kämilleşdirýär, baýlaşdyrýar, ösdürýär. Ençeme beýik söz ussatlarymyzyň döredijiligine ser salan halatymyzda Ýunus Emräniň hem şeýle şahyrlaryň biridigini görmek bolýar.