Harran bäş müň ýyllyk taryha eýe bolan merkez

Harran bäş müň ýyllyk taryha eýe bolan, irki döwürlerden bäri medeni taýdan möhüm ýer hasaplanylan merkez

Harran bäş müň ýyllyk taryha eýe bolan merkez
Harran bäş müň ýyllyk taryha eýe bolan merkez
Harran bäş müň ýyllyk taryha eýe bolan merkez

Harran bäş müň ýyllyk taryha eýe bolan merkez

Bäş müň ýyllyk taryha eýe bolan, irki döwürlerden bäri medeni taýdan möhüm ýer hasaplanylan merkez: Harran...

Türkiýäniň günorta-gündogar sebitinde, Şanlyurfa welaýatyna 44 km uzaklykda ýerleşýän Harran, Mesopotamiýa bilen Ortaýer deňizini birleşdirýän bir sebitde ýerleşýär.

Arheologik gazuw agtaryş işleriniň netijesinde tapylan klinopis ýazgylaryndan alynan maglumatlara görä Harran ady, takmynan 4 müň ýyl bäri hiç üýtgemeden ulanylyp gelinýär. Sözüň sumer we akad dillerinde “Syýahat, kerwen ýa-da kesişýän ýollar” manysyny berýändigi bilinýär.

Adyna laýyklykda Harran, möhüm söwda ýollarynyň kesişýän nokadynda ýerleşýär. Anadoly bilen Mesopotamiýanyň arasyndaky söwda ýollarynyň müňlerçe ýyllap Harranyň üstünden geçmegi, bu taryhy şäherde baý medeniýetiň emele gelmegini üpjün etdi. 

Bilimde, sungatda, esasan hem pelsepede uly öňe gidişlikler edildi.

Häzirki wagtda dünýädäki iň uly 3 pelsepe ýolunyň biri hem Harran ýoly diýip atlandyrylýar. Irki döwürlerden bäri barlygyny dowam etdiren Harran uniwersitetinde dünýä meşhur alymlar ýetişipdir.

Zamanasynyň iň uly matematiklerinden, lukmanlaryndan biri bolan grek pelsepeçileriň eserlerini arap diline terjime eden 800-nji ýyllarda ýaşap geçen Sabit Bin Kurra, ýene-de şol wagtlar dünýäden aýa çenli uzaklygy dogry ýagdaýda hasaplan, ýewropalylaryň Albatanius diýip atlandyran Battani, grek pelsepeçileriň tersine maddanyň bölünip bilinýän iň kiçi böleginiň uly bir energiýa bilen bölünen halatynda uly bir şäheri ýer bilen ýegsan edip biljekdigini aýdan Jabir bin Haýýan, din alymy Şeýhül Yslam Ibni Teýmiýýe, Harrandaky bilim ojaklarynda ýetişen dünýä meşhur alymlaryň käbirlerindendir.

Özlerine ünsleri çeken ylmy-derňewleriň geçirilen döwründe Harran uniwersiteti bütin dünýä ýaň salypdyr.

Türk-Yslam döwletlerine ýer eýeçiligini eden Harran, 1260-njy ýyllarda Mongollar tarapyndan basylyp alynypdyr we ondan soň şäheriň parlaýan günleri tamamlanypdyr, kiçiräk bir ýaşaýyş ýerine öwrülipdir.

 

Harranda 22 metr beýikligindäki gorgan, örän uly territoriýany eýeleýär we bize sebitde müňlerçe ýyllaryň dowamynda ýaşaýyş ýerleriniň bolandygyna şaýatlyk edýär. Biri-birinden tapawutly binagärçilik galyndylar, örän köne geçmişi ýüze çykarjak tapyndylary özünde jemleýär.

Harran galasy sebitdäki iň möhüm taryhy binalaryň biridir... Taryhy çeşmeler, kiçiräk bir ybadathananyň 11-nji asyrda abatlanandygyny, ulaldylandygyny we diňleriniň gurulandygyny bize habar berýär.

8-nji asyrda gurulan Harran Uly metjidi: Anadolyda gurulan iň köne metjitleriň biri bolup, iki aýry howluly we iň baý daş bezegli ilkinji metjit aýratynlygyna eýedir. Wagtyň geçmegi bilen giňeldilen metjit, ähli bu aýratynlyklary bilen Anadoly metjit binagärligi taýdan aýratyn bir ýeri bardyr.

Wawilon zamanasynda b.e. öň 2000-nji ýyllarda Aý taňrysy Sine bagyşlanyp gurulan Sin buthanasy, Rim-Wizantiýa döwründen galan Şuaýb şäheri harabalyklary, 12-nji asyrda ýaşap geçen beýik Yslam alymy Şeýh Ýahýa Haýat El-Harraniniň ýadygärligine gurulan metjit we aramgäh sebitdäki beýleki möhüm eserlerdendir.

Häzirki wagtlarda bolsa Harranyň ünsleri özüne çekýän esasy taryhy we medeni hazynasy bolsa Harran öýleridir.

Bu öýler, konus şeklinde konus gupbaly öýlerdir... Gapdal-gapdal gurulan gupbalar, içerki howluda kemerler bilen biri-birleri bilen birleşdirilýär we şeýlelik bilen öýüň içinde giň ýer emele gelýär. Öýleriň owadanlygy bilen birlikde ýene-de bir möhüm aýratynlygy bolsa öýüň içiniň tomus aýlarynda salkyn, gyş aýlarynda bolsa ýyly bolmagydyr. Harrandaky gupbaly bu öýler gorag astyna alyndy.

Ýüzlerçe ýyllyk geçmişi şu günlere ýetiren we ertekilerdäki ýaly owadanlygy bize ýetiren Harrana, her ýyl müňlerçe ýerli we daşary ýurtly syýahatçylar gelýär.

 


Etiketkalar: metjit , medeni merkez , Harran

Degişli Habarlar