Fransiýa: Ýakobem Dünýewilik

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Fransiýa: Ýakobem Dünýewilik

 

Fransiýa: Ýakobem Dünýewilik

Türkiýäniň ýa-da ýaşaýan ýurduňyzyň azlyklarynyň mekdeplerinde maşgalalaryň ýehudi ýa-da hristiýan egin-eşikli, çagalary bilen bilelikde mekdebi gezip görmeginiň gadagan edilendigini göz öňüne getiriň.

Ynanmarsyňyz gerek? Bu döwürde şeýle zat bolup bilermi? Nähili yzagalaklyk, nähili düşünjesizlik diýersiňiz.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Duruň, aladalanmaň. Beýle zat Türkiýede ýa-da ýaşaýan ýurduňyzda däl, Fransiýada bolýar. Fransiýa musulmanlar üçin sözüň doly manysynda şeýle karara tarap barýar.

Fransiýanyň Senaty hökümetiň taýarlan mekdep hakyndaky kanunyna laýyklykda mekdeplere guralýan gezelençde okuwçylara ýoldaşlyk edýän hossarlarynyň çadyra dakynmagyny gadagan edýän kanuny tassyklady. Kanun güýje girmek üçin Mejlis tarapyndan hem tassyklanmaly.

Fransiýanyň Bilim ministri Blankui mekdeplere ediljek gezelençde ene-atalaryň dini simwollary götermezligi üçin elinden geleni etjekdigini beýan edýär. Çadyraly eneleriň, okuwçylaryň hossarlarynyň mekdep çagyndaky çagalarynyň mekdebe baryp görmeklerini dünýewilik kadasyny iler tutup, gadagan edýän taslama, mekdeplere guralýan gezelençlerde ene-atalaryň “wagtlaýyn döwlet gullukçysy” özboluşlygyna eýe bolmagy sebäpli haýsydyr bir dini belgi götermeli däldigine esaslandyrýar.

Fransiýada, köp sanly günbatar ýurdunda, esasanda Awstriýada şu we şuňa meňzeş gadagan ediji çemeleşmeler we garaýyşlar ýaýbaňlanýar. Diňe bir şu tejribäniň özem ozalky gepleşiklerimizde üns çeken günbataryň nähili ynam we azatlyklar çökgünligindedigini görmek üçin ýeterlik bolsa gerek. Biz hem mysallary köpeltmän Fransiýadaky tejribä laýyklykda nähili parasatsyzlyga, nähili azatlyk çökgünligine sezewar bolunandygy, totalitarlyga tarap nähili depginde barylýandygy barada durup geçeliň.

Kanun ýehudiler we hristiýanlar taýdan şeýle zatlary göz öňünde tutmaýandygy üçin deňlik taýdan tankyt edilip bilner. Emma tapawutly ýaşaýyş durmuşlaryny ortadan aýyrýan, basyş ediji, yzagalak we dini azatlyklara, adam hukuklaryna bap gelmeýän tejribäniň deňlik üçin hemmelere goýulmagyny islemek başga bir gel galdyryjy ýagdaý. Hawa, deňlige hem bap gelmeýär. Emma tarapyndan durulmaly zat basyşda, azatsyzlykda deňlik bolmaly däl.

Maksadyndan üzňeleşdirilip, basyşa öwrülen dünýewilik

Günbatar üçin dünýewilik din söweşlerinden halas bolmak üçin oňyn we netijeli başlangyçlardan biri. Tapawutly ýaşaýyş durmuşlarynyň hukugyny, din azatlygyny goramak üçin döredilen mehanizm. Biziň taryhymyz taýdan bolsa dinler onsuz hem ähli tapawutlyklary bilen bilelikde ýaşaýardy. Günbatarda dünýewilikden garaşylýan netije yslamyň hoşniýetli we plýuralist analiz arkaly artykmajy bilen alynýardy. Ysraýylly taryh professory, soňky döwüriň meşhur ýazyjysy Ýuwal Noah haririnin sözleri ony aç-açan görkezýär: “Orta asyr Ýewropasynda tolerantlykdan nam-nyşan ýokdy. 1600-njy ýylea Parijde hemmeler katolikdi. Protestantlardan biri şähere gelse, ony öldürýärdiler. Şol ýyllarda Ýewropada ýehudiler sürgün edilýärdi… Hiç kim musulmanlaryň gelmegini islemeýärdi. Eýsem şol döwürde Stambulda tapawutly messeplere uýýan musulmanlar, katolikler, ermeniler, prowoslawlar, grekler, bolgarlar bilelikde bagtly durmuşda ýaşaýardylar.”

Dünýewilik günbatarda tapawutly dinlere uýýanlary, ýaşaýyş durmuşy bolanlary jebis, agzybir şertde ýaşamatmagyň serişdesi, mehamizmi hökmünde göz öňünde tutulandygyna garamzdan esasanda Fransiýadaky tejribesinde köplenç diniň adyndan edilen basyşlardan hem agyr basyş serişdesine öwrülendigini görýäris. Berilen mysallarda görülşi ýaly dinler diňe bir syýasy däl, ähli ýaşaýyş giňişliklerinden çetleşdirilmäge synanşylýar. Bir diniň basyşynyň öňi alynmak islenýarkä dünýewilik durmuşyň ähli ugurlarynda ähli dinlere basyşa öwrülen täze bir dine öwrülen ýaly. Çarçuwasy din adamlary tarapyndan däl, mejlisler we kazyýet organlary tarapyndan kegitlenen hamala diýersiňiz täze bir din. Dünýewilik sebäpli tapawutly dini ynançlar we ýaşaýyş durmuşlary jemgyýetçilik durmuşdan doly çetleşdirilip; dilim, medeniýet, syýasy giňişlikler dolulygyna dünýewilige görä kesgitlenip, jemgyýetiň dolulygyna dünýewi adamlardan emele gelmegi nazarda tutulýan bolsa şeýle dünýewilik analiziniň dolulygyna nasist ýa-da kommunist adamlary taýarlamagy nazarda tutýan totalitar ulgamlardan näme tapawutlary barka?

Çaganyň jogapkärçiligi kime degişli?

Ýakoben dünýewilik düşünjesiniň esasan ileri tutulýan ugurlaryndan biri çagalaryň tapawutly dini ynançlardan “goralmagy”. Beren mysalymyzda bolşy ýaly çagany dünýä inderen maşgalanyň dini şahsyýeti bilen çagasynyň mekdebi barmagy gadagan edilýär. Şeýle bolan halatynda bilimini, medeniýeti, şahsyýetini kesgitlemekde çaganyň jogapkärçiligi kime degişli diýlen sorag ýüze çykýar. Döwlede degişlimi? Maşgala degişlimi? Eger bu soragyn jogaby döwlet bolsa, kommunizmi, faşizmi, nassizmi nähili tankyt ederkäk? Ýa-da döwlet çagany dünýe inderen maşgala garamazdan näme üçin şeýle hukuga eýe bolmaly? Maşgala çagasyny başlangyç adam hukuklaryna bap gelmeýän, terrorçy hökmünde terbiýelemek islese döwlet elbetde çäre görmeli. Emma adaty şertlerde çaganyň haýsy şahsyýete eýe boljakdygyny kesgitlemek, ony ugrukdyrmak elbetde maşgala degişlidir.

Anglosakson-guryýer Ýewropasynyň dünýewiligi

Sekulýarizm hökmünde-de beýan edilýän anglo-sakson dünýewiligi dini döwlet işlerine goşulyşmagynyň öňüni almagy maksat edinýär. Emma ýene-de şol ýurtlarda Britaniýada Şa resmi taýdan şol bir wagtda angliçan buthanasyna hem ýolbaşçylyk edýär.

Ýewropada bolsa “köne ulgamyň” ýykylmagyndan soň dünýewilik bilen maksat edinilen, ýagtylyş bilen nazarda tutulan diniň, däp-dessuryň, araky edaralaryň diňe syýasy ulgamdan däl, jemgyýetçilik ulgamdan hem çetleşdirilmegi, dolulygyna gabaw astyna alynmagydyr. Bu çemeleşme fransuz ynkylaby ýaly pajygaly ynkylaplaryň, Ginler we Mussolini ýaly ganhor liderleriň anglosakson ýurtlaryň däl, eýsem guryýer Ýewropasynda ýüze çykmagynyň, şu günki günde-de bu sebitiň rasist partiýalaryň häkimiýetde bolan sebiti bolmagynyň esasy sebäplerinden biri bolsa gerek. Çünki diniň, däp-dessuryň we adam bilen döwletiň arasyndaky araky edaralaryň doly ortadan aýrylan, ähli zadyň esaslandyryjy düşünjäniň rasionallygyna garaşly edilen şertlerinde şol aň-düşünjäni we oňa esaslanýan döwleti hem-de lideri çäklendirjek faktor galmandyr diýmeklikdir.

Gepleşigimizi fransuz ýazyjysy Simona De Bouwaryň sözleri bilen tamamlalyň: “Adam üçin döredilen ideologiýalara şeýle tabyn bolduk welin, adamy ýatdan çykardyk.”

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň DekanyProf.Dr.Kudret Bülbüliň Fransiýa: Ýakobem Dünýewilik atly synyny dykgatyňyza ýetirdik.

 

 

 


Etiketkalar: hossar , mekdep , çadra , Fransiýa

Degişli Habarlar